
62
ENERGETIKA DIPLOMATIÝASYNA BAGYŞLANAN OKUW SAPAGY GEÇIRILDI
2025-nji ýylyň 10-njy iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkeziniň “Energetika diplomatiýasy” ugry boýunça nobatdaky okuw sapagy geçirildi.
Bu okuw sapagynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasynyň mugallymy Perhat Mahremow «Nebiti we gazy eksport edýän esasy döwletleriň daşary energetika syýasaty» atly tema boýunça giňişleýin gürrüň berdi. Okuw sapagynyň dowamynda energetika diplomatiýasynyň halkara gatnaşyklary ulgamyndaky ähmiýeti, ösüşi, Türkmenistanyň energetika diplomatiýasynyň esasy ugurlary, olaryň iş ýüzündäki orny we bu babatda Türkmenistanyň alyp barýan halkara hyzmatdaşlygy barada bellenilip geçildi. Şeýle hem Türkmenistan Aziýanyň nebit-gaz bazarynda möhüm orny eýeleýändigi we ägirt uly uglewodorod baýlyklaryna eýe bolup durýandygy aýratyn bellenilip geçildi.
Okuw sapagynyň dowamynda energetika diplomatiýasy boýunça bilimlerini artdyran talyp ýaşlar özlerini gyzyklandyrýan soraglara jogap aldylar.
Guwanç ALIÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary fakultetiniň I ýyl talyby.