
25
ENERGETIKA DIPLOMATIÝASYNA BAGYŞLANAN OKUW SAPAGY GEÇIRILDI
2025-nji ýylyň 31-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkeziniň “Energetika diplomatiýasy” ugry boýunça nobatdaky okuw sapagy geçirildi.
Bu okuw sapagynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasynyň uly mugallymy, filosofiýa ylymlarynyň kandidaty Begenç Karaýew «Energetika diplomatiýasynyň sebit jähtleri» atly tema boýunça giňişleýin gürrüň berdi. Okuw sapagynyň dowamynda energetika diplomatiýasynyň halkara gatnaşyklary ulgamyndaky ähmiýeti, ösüşi we Türkmenistanyň energetika diplomatiýasynyň esasy ugurlary, olaryň iş ýüzündäki orny we bu babatda Türkmenistanyň alyp barýan halkara hyzmatdaşlygy barada bellenilip geçildi.
Okuw sapagynyň dowamynda energetika diplomatiýasy boýunça bilimlerini artdyran talyp ýaşlar, özlerini gyzyklandyrýan soraglara jogap aldylar.
Gülälek TÄÇMÄMMEDOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary fakultetiniň I ýyl talyby.