117
ENERGETIKA DIPLOMATIÝASYNA BAGYŞLANAN OKUW SAPAGY GEÇIRILDI
2025-nji ýylyň 29-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkeziniň «Energetika diplomatiýasy» ugry boýunça okuw sapagy geçirildi.
Onda institutyň Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasynyň mugallym öwrenijisi Rahym Akmuradow «Energetika diplomatiýasynyň halkara gatnaşyklary ulgamyndaky ähmiýeti we täsirli orny. Türkmenistanyň energetika diplomatiýasynyň esasy ugurlary we onuň üstünlikli amala aşyrylmagy» atly tema boýunça giňişleýin gürrüň berdi. Sapagyň dowamynda energetika diplomatiýasynyň halkara gatnaşyklaryndaky orny, döwletleriň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmekde energiýa serişdeleriniň ähmiýeti barada gürrüň edildi. Gatnaşyjylar energiýa syýasatynyň dürli ugurlary, energiýa howpsuzlygynyň üpjün edilmegi we bu ulgamda halkara hyzmatdaşlygynyň mümkinçilikleri bilen tanyş boldular.
Sapagyň ahyrynda gatnaşyjylar energetika diplomatiýasy boýunça gyzyklanýan soraglaryny berdiler. Bu okuw sapagy talyplaryň halkara gatnaşykalaryna bolan düşünjesini giňeltmekde we Türkmenistanyň alyp barýan energetika syýasatyny has gowy düşünmekde möhüm ädim boldy.
Aýnur BAÝJIÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň I ýyl talyby.