29/10/2026
16
«ENERGETIKA DIPLOMATIÝASY WE ULAG LOGISTIK GEÇELGELERI» ATLY SANLY ULGAM ARKALY OKUW MASLAHATY
2026-njy ýylyň 29-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Energetika diplomatiýasy we ulag logistik geçelgeleri» atly sanly ulgam arkaly okuw maslahaty geçirildi. Bu maslahaty Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, mugallym Nurberdi Amanmyradow alyp bardy. Ýokary derejede guralan bu maslahata ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň, şeýle-de, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň professor mugallymlary hem gatnaşdy. Duşuşygyň dowamynda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda döwletimiziň alyp barýan energetika diplomatiýasynyň strategik ugurlary, daşary syýasatda bitaraplyk ýörelgeleriniň ornuny tutýan hem-de dünýä we sebit möçberindäki ulag-logistik geçelgeleriniň mümkinçiliklerini artdyrmak bilen bagly meseleler giňişleýin ara alyp maslahatlaşyldy.
Çykyş edenler bu ugurda alnyp barylýan işleriň ýurdumyzyň halkara abraýyny has-da belende göterýändigini nygtap, nazary we amaly taýdan möhüm pikir alyşmalary amala aşyrdylar.
Selbi BABAÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň
2-nji ýyl talyby