30/11/-0001
835
Energetika diplomatiýasy: türkmen-owgan hyzmatdaşlygy barada okuw sapagy
2022-nji ýylyň 27-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda döredilen Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw Merkezinde “Energetika diplomatiýasy” boýunça Türkmenistanyň Owganystanyň Hyrat şäherindäki konsuly Goçmyradow Aýmyrat Baýrammyradowiç, şeýle hem institutyň talyplarynyň gatnaşmagynda täsirli okuw sapagy geçirildi. Bu okuw sapagy Türkmenistan bilen Owganystanyň arasyndaky energetika hyzmatdaşlygyna bagyşlanyp, hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary barada gürrüň edildi.
Konsul Aýmyrat Goçmyradow okuw sapagynyň dowamynda energetika pudagynyň Türkmenistan bilen Owganystanyň arasyndaky gatnaşyklarynyň möhüm ugurlarynyň biridigini belläp, bu ugurda ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde hyzmatdaşlygyň yzygiderli ýokarlanýandygyny nygtady. Hususan-da, iki ýurduň arasynda birnäçe iri energetika taslamalarynyň we Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň durmuşa geçirilýändigine üns çekildi. Tejribeli diplomat iki ýurduň arasyndaky özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan dostlukly gatnaşyklar barada gürrüň açyp, Türkmenistan bilen Owganystanyň arasyndaky syýasy-diplomatik gatnaşyklaryň önjeýli ösüşine hem ýokary baha berdi.
Täsirli geçen okuw sapagynyň dowamynda talyplar türkmen-owgan gatnaşyklary, ýurdumyzyň alyp barýan energetika diplomatiýasy bilen bagly sowallary bilen diplomata ýüzlenip, olara giňişleýin jogap aldylar, şeýle-de bilimlerini has-da kämilleşdirdiler.
Akmuhammet BAÝLYÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler
ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.