40
ENERGETIKA DIPLOMATIÝASY BOÝUNÇA OKUW SAPAGY GECIRILDI
2025-nji ýylyň 29-njy maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkeziniň guramagynda “Energetika diplomatiýasynyň işiniň guramaçylyk-hukuk we ykdysady esaslary” atly tema boýunça okuw sapagy geçirildi.
Okuw sapagyna institutymyzyň talyp ýaşlary gatnaşdylar. Okuw sapagynda Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň ykdysadyýet bolüminiň başlygy Serdar Allamyradow energetika howpsuzlygy, Türkmenistanyň hazirki zaman energiýa kanunçylygy ulgamy we ony kämilleşdirmegiň esasy ugurlary barada gürrüň berdi.
Täsirli geçen okuw sapagynyň dowamynda talyplar özlerini gyzyklandyrýan sowallara giňişleýin jogap aldylar.
Zyýada DÖWLETGELDIÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary fakultetiniň I ýyl talyby.