23/01/2024
1477
Emeli aňyň adamyň durmuşyndaky orny
Tehnologiýalaryň barha kämilleşýän döwründe dünýä ýüzünde adamzat durmuşyna nanotehnologiýalar döwrüniň iň soňky gazanan tehniki enjamlarynyň ornaşdyrylmagy ertirki günümizde has ýeňillikli durmuşda ýaşamaga mümkinçilikleri döredýär. Ylym-bilime has içgin girişilmegi ony ele dolulygyna almaga edilýän synanşyklary netijesinde oýlap tapyşlaryň, açyşlaryň sany bilinerli derejede köpelýär. Olardan aýratyn bellemelisi emeli aňdyr.
Aň adamlara we haýwanlara tebigy, dogabitdi berilýän bolsa, emeli aň bolsa adam eli bilen taýýarlanyp elektronikada adam işini ýeňilleşdirmek üçin ornaşdyrylýar. Emeli aň gün-günden alymlar tarapyndan üýtgedilip, kämilleşdirilip durulýar. Ulanýan kompýuterlerimizdäki «Windows», telefonlarymyzda «IOS», «Android» programma üpjünçilikleri emeli aň aýdyň mysal bolup biler.
Emeli aňyň dörediliş taryhyna ser salanymyzda, Meri Şelliniň «Frankenşteýn», Karel Çapekiň «Rossumyň hemmetaraplaýyn robotlary» atly eserlerine üns bersek ýerli bolýar. Sebäbi häzirki wagtdaky giňden peýdalanýan innowasion tehnologiýalarymyz şol eserleriň esasynda döredilendir. Mehaniki ylmyň başlangyçlary filosoflar hem-de matematikler tarapyndan antik döwürden bäri öwrenilýän hem bolsa, matematiki logika ylmynyň gözbaşy gönüden-göni iňlis alymy Alan Turingiň «Hasaplamak» teoriýasyndan alýar. Munuň düýp sebäbi Alan Turing baryp, 1943-nji ýylda häzirki ulanýan kompýuterlerimiziň iň ilkinji nusgasyny işläp düzýär. Agramy 2 tonnadan gowrak bolan kompýuter diňe hasaplama degişli işleri ýerine ýetirýärdi we işi ýerine ýetirişi hem juda sadady. Kompýuter hyzmatlaryň baryny «0» bilen «1» nyşanlaryny garyşdyrylyp düzülen buýruklar arkaly ýerine ýetirýärdi.
Ýöne köp wagtdan bäri kompýuterleriň edýän işleri hernäçe çylşyrymlaşsa-da, göwrümleri kiçeldilse-de, emeli aňyň asyl işleýiş häsiýeti üýtgedilmedi. Onuň kod düzümi entägem «0» bilen «1» nyşanlary bolmagynda galýar. Emma emeli aň şeýle bir kämilleşdirildi, hat-da tebigy aň bilen bäsleşerli derejä ýetirildi. Emeli aň häzirki döwürde iň bir ösdürilýän pudaklaryň birine öwrüldi. Emeli aň ulgamynda dünýäniň ösen kompaniýalarynyň agramly bölegi uly işleri alyp barýar. Olar barada gysgaça durup geçsek:
“Scaled inference” Google-yň öňki işgärleriniň topary. Bu kompaniýa hyzmatlarda we amaly ulgamlarda emeli aňy ulanmak isleýän kompaniýalar üçin platforma hödürleýän taslama başladylar. Bu pikir emeli aň pudagynda ägirt uly rezonans döretdi we rekord döwürde takmynan 8 million dollar maýa goýum toplady. “Amazon” bu kompaniýa ilkinji bolup söwda üçin interneti ulandy. Häzirki wagtda dürli önümleri hödürleýän dünýä belli onlaýn dükany hökmünde tanalýar. Işiň üstünlikli bolmagy, çalt bazar analitikasy we şertsiz girdeji üçin kompaniýanyň inženerleri emeli aňy işläp taýýarladylar. “Amazon” häzirki wagtda galplyklary ýok etmek, satuwlary seljermek we satuw netijelerini çaklamak üçin bu platformany ýagny emeli aňy ulanýar. “Apple” kompaniýasynyň telefonlary we beýleki enjamlary köpden bäri emeli aň bilen enjamlaşdyrylyp gelinýär, emma häzirki wagtda “Siri” iň gyzykly oýlap tapyşy hasaplanýar. Bu IOS üçin döredilen şahsy kömekçi sorag-jogap ulgamy. Enjamyň eýesiniň sesini tanaýar we berlen soraga jogap berýär. “Google” kompaniýasynyň inženerleri täze önümiň – iň bolmanda iň ýönekeý söhbetdeşligi alyp baryp bilýän maşynyň üstünde işjeň işleýärler. Häzirki wagtda adyny, doglan ýerini we doglan wagtyny, şeýle hem iň ýönekeý maglumatlary habar berip we film subtitrlerini gaýtadan işläp bilýär. “IBM” iň uly kompaniýalaryň biri bolup, emeli aňy döretmek boýunça ilkinji bolup işe başlady.
Emeli aň kiçi bizneslerde hem kömege ýetişýär. Meselem süýt önümleri. Önümleriň ýaramlylyk möhleti kesgitlenen bolandygy üçin gündelik önümden belli bir bölegini satman ýok etmeli bolýar. Elbetde bu mysal käbir ösen ýurtlara degişli bolup biler. Emeli aň öz gezeginde birnäçe ýyllyk satyş maglumatlaryny analiz edýär, dogry hasap çykarýar. Öndürilmeli önümiň mukdaryny azaldyp geljek girdejiniň mukdaryny has köp edip bilýär. Emeli aň ulgamy öz işini gurnap bir ýyllyk hasaplamalar, işiň ösüşi, gidişi, indiki ýyl edilmeli zatlar we edilmeli däl zatlary görkezip örän gymmat bahaly maslahatçy hökmünde ýardam edýär. Emeli aň ulgamlary bize çykdajylary azaltmaga, önümçiligi we hili ýokarlandyrmaga kömek edýär.
Emeli aň oýun pudagynda-da ulanylýar, mysal üçin, wideo oýunlarynda adamlar ýok ýa-da islenmeýän halatynda garşydaşlaryň roluny oýnamak üçin döredilen botlar ulanylýar. 2018-nji ýylda Kornell uniwersitetiniň gözlegçileri bir-birine garşy çykýan garşydaş torlary döretdiler we “Doom” atyjy oýny ulanyp tälim berdiler. Okuw döwründe nerw ulgamlary bu oýnuň derejelerini gurmagyň esasy ýörelgelerini kesgitlediler we şondan soň adamlaryň kömegi bolmazdan täze derejeleri döredip bildiler. Şeýle hem 1996-njy ýylda dünýä belli küşt boýunça dünýä çempiony Garri Kasparow bilen küşt oýny üçin ýöriteleşdirilen “Deep Blue” superkompýuteriniň arasynda bäsleşik geçirilýär. Oýunyň netijesi 4:2 bolup Kasparowyň peýdasyna tamamlanýar. Garşydaş hökmünde sekuntda 100 million göçümi seljerip, olaryň arasyndan mynasyp göçümi saýlap bilýän kompýuter ýeňilenden soň, soňky iki oýunda “Deep Blue” kompýuteriniň has güýçlendirilen görnüşi, sekuntda 200 million göçümi seljerip bilýän kompýuter bäsleşdirilýär we ýeňiş gazanýar.
Sülgün NEPESOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasynyň mugallymy
Soňky täzelikler
23/11/2024
Ýaşlygyň uly serpaýy20/11/2024
BÜTINDÜNÝÄ ÇAGALAR GÜNI