15/10/2024
754
Elektromobilleriň dünýä bazaryna syn
Häzirki wagtda dünýä bazarynda elektromobillere bolan isleg ýylsaýyn artýar. Ýangyjyň bahasynyň gymmatlygy we daşky gurşawy aýawly saklamak ýaly sebäpler elektromobil satyn almaga isleg bildirýänleriň hatarynyň barha uzamagyna getirýär. Maglumat üçin, häzir dünýäde satylýan her dördünji ulag elektromobildir. Bilermenler 2030-njy ýylda dünýä ýollarynda 125 milliondan gowrak elektromobiliň hereket etjekdigini çaklaýarlar. Bularyň ählisi täze nesliň ulaglary hasaplanylýan elektromobilleriň söwdasynyň depginli ösüşine şaýatlyk edýär. Şu nukdaýnazardan ugur alyp, gazetiň şu sanynda elektromobilleriň dünýä bazaryna gysgaça syn bermegi makul gördük.
Dünýä bazaryndaky ösüş tendensiýalary
Hasaplamalara görä, şu ýyl elektromobilleriň we gibrid hereketlendirijili ulaglaryň dünýä bazaryndaky satuwynyň 22 göterim artmagyna garaşylýar. Bu görkeziji 2025-nji ýylda 23 göterime çenli ýokarlanar diýlip çaklanylýar. Deňeşdirmek üçin, elektromobilleriň we gibrid hereketlendirijili ulaglaryň dünýä bazarynda 2023-nji ýylda 29,7, 2022-nji ýylda bolsa, 37 göterim ösüş gazanylypdy.
Gibrid hereketlendirijili ulaglary goşman, diňe elektromobiller barada aýdanymyzda, bu ugurdaky dünýä bazary 2024-nji ýylda 15, 2025-nji ýylda bolsa 28 göterim ösüş gazanar. Bu görkeziji 2023-nji ýylda 32, şeýle-de 2022-nji ýylda bolsa 65 göterime deň bolupdy.
Şeýle-de bolsa, häzirki wagtda käbir ýagdaýlar müşderileri elektromobilleri satyn almakdan saklaýar. Hünärmenleriň geçiren pikir soraşmalaryna görä, elektromobil satyn almakdan ýüz öwürýänleriň 27 göterimi kuwwatlandyryjy beketleriň heniz ýeterlik däldigini, 25 göterimi olaryň bir gezek kuwwatlandyrylandan soň geçýän ýolunyň azdygyny, 18 göterimi bolsa kuwwatlandyrmak üçin köp wagtyň gidýändigini sebäp edip görkezýär.
Zerur infrastruktura üpjünçiligi
Elektromobilleriň dünýä bazarynyň ýokary depginde ösmegi netijesinde olar bilen ugurdaş infrastruktura edilýän çykdajylar hem barha artýar. «SPHERICAL INSIGHT» portalynyň berýän maglumatlaryna görä, elektromobilleri kuwwatlandyryş infrastrukturasynyň dünýä bazary (bu kuwwatlandyryjylaryň önümçiliginden başlap, kuwwatlandyryjy beketlerdäki işgärleriň aýlygyna çenli zatlary öz içine alýar) 2022-nji ýylda 23,74 milliard amerikan dollaryna deň bolupdyr. Bu görkezijiniň 2032-nji ýyla çenli 12 esse ýokarlanyp, 286,91 milliard amerikan dollaryna ýetmegine garaşylýar.
Dünýä bazaryndaky satuw we önümçilik
Elektromobilleriň we gibrid hereketlendirijili ulaglaryň önümçiligi barada aýdanymyzda, bu ugurda Hytaý liderlik edýär. Has takygy, 2024-nji ýylyň ýanwar — awgust aýlarynda dünýä bazarynda satylan elektromobilleriň we gibrid hereketlendiriji ulaglaryň 67 göterimi Hytaý kompaniýalary tarapyndan öndürilendir. Hasabat döwründe hytaý brendleri şeýle ulaglaryň 58,24 million sanysyny satypdyr.
Diňe elektromobiller barada aýtsak, onda dünýä bazarynyň 62 göterimi Hytaý kompaniýalarynyň paýyna düşýär. Dünýäniň esasy elektromobil öndürijileriniň ilkinji bäşliginden degişli yzygiderlilikde, «BYD» (Hytaý), «Tesla» (ABŞ), «Geely» (Hytaý), «Volkswagen» (Germaniýa) we «SAIC» (Hytaý) kompaniýalary orun alýar.
Hasaplamalar şu ýyl Hytaýda elektromobilleriň 10 milliondan gowragynyň öndüriljekdigini görkezýär. Dünýä möçberinde bolsa, bu görkeziji 17 milliondan gowrak bolar.
Şol bir wagtyň özünde şu ýyl dünýäniň ulag bazarynda elektromobilleriň we gibrid hereketlendirijili ulaglaryň paýy 20 göterime deň bolar diýlip çaklanylýar.
Elektromobiller GDA we Merkezi Aziýa bazarynda
GDA we Merkezi Aziýa ýurtlarynda ABŞ, Hytaý we Ýewropa ýaly esasy bazarlara garanyňda, heniz elektromobilleriň we gibrid ulaglaryň bazary o diýen uly däl hem bolsa, ösüş depgini welin ýokary. Mysal üçin, 2023-nji ýylda Russiýada elektromobilleriň satuwy 5 esse ýokalanyp, rus bazarynda satylan şeýle ulaglaryň sany 14 müňe deň bolupdyr. 2024-nji ýylda bu görkezijiniň ýene 2,1 esse artyp, 30 müňe ýetmegine garaşylýar.
GDA-da Russiýadan soňra elektromobilleriň we gibrid hereketlendirijili ulaglaryň ikinji iri bazary Azeraýjan bolup durýar. Azerbaýjanyň Döwlet statistika komitetiniň berýän maglumatlaryna görä, 2024-nji ýylyň birinji ýarymynda ýurda daşarky bazarlardan şeýle ulaglaryň 10 müň 464-si getirilipdir. Deňeşdirmek üçin, bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwründäkiden 2 müňden gowrak köpdür.
Goňşy Özbegistan bolsa, soňky 7 ýylda elektromobilleriň importyny 7 esse artdyrdy. Has takygy, 2021-nji ýylda özbek bazaryna daşary ýurtlardan 1,2 müň sany elektromobil getirilen bolsa, bu görkeziji eýýäm şu ýylyň ýanwar — awgust aýlarynda 12,9 müňe ýetdi.
Şu ýylyň awgust aýyndaky ýagdaýa görä, Gazagystanyň ýollarynda hereket edýän elektromobilleriň sany 10,7 müňe çenli köpelipdir. Munuň özi 2023-nji ýylyň awgustyndaky ýagdaý bilen deňeşdirilende, 2,3 esse ýokarydyr.
Mundan başga-da, Täjigistan şu ýylyň birinji ýarymynda 5,2 müň (2023-nji ýylyň jemi boýunça 3,3 müň), Gyrgyz Respublikasy bolsa şu ýylyň birinj ýarymynda 0,6 müň sany elektromobil import etdi.
Öz gezeginde, soňky ýyllarda türkmen bazarynda hem elektromobillere bolan isleg görnetin artýar. Muňa mysal hökmünde, 2023-nji ýylda açylan Arkadag şäherinde Hytaýyň «JAC MOTORS» kompaniýasy tarapyndan öndürilen «JAC E-J7» kysymly elektromobilleriň taksi hökmünde ulanylýandygyny, Gonkongyň «Run Horse» kompaniýasynyň önümi bolan «Jinma» elektromobilleriniň jemgyýetçilik iýmiti we täjirçilik daşamalarynda eltip bermek hyzmatyny ýerine ýetirýändigini bellemek bolar. Mundan başga-da, häzirki wagtda ýurdumyzyň raýatlary hem elektromobilleri satyn almaga has köp isleg bildirip başladylar. Munuň özi türkmen bazarynda hem elektromobilleriň söwdasynyň uly geljege eýedigini tassyklaýar.
Mätgurban MÄTGURBANOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby,
«Biznes reklama».
Çeşme: “Biznes reklama” gazeti – 14.10.2024 ý. //
https://turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/50/articles/166958