
15/04/2025
81
«EKSPO — 2025»: geljek baradaky hyýallaryň we pikirleriň meýdançasy
Türkmenistan Bütindünýä sergisine gatnaşýar
Taryhyň bütin dowamynda milli ykdysady kuwwatyny, ýokary
mümkinçiliklerini, ruhy gymmatlyklaryny, halkynyň paýhasyny we geljege bolan
garaýşyny dünýä bilen paýlaşmak her bir döwletiň esasy maksatlarynyň biri
bolup gelýär. Şunda «EKSPO» Bütindünýä sergileri halklary parahatçylyk,
döredijilik, innowasiýa hem-de medeni köpdürlülik arkaly birleşdirýän giň
meýdança bolup çykyş edýär. Wagt bolsa munuň dogrudygyny subut etdi. Şoňa
görä-de, Ýaponiýanyň Osaka şäherinde geçirilýän «EKSPO — 2025»
Bütindünýä sergisine Türkmenistanyň gatnaşmagy aýratyn ähmiýete eýe bolup,
hormatly Prezidentimiziň dostlukly döwlete nobatdaky sapary täze taryhy
döwrümiziň möhüm wakalarynyň biridir.
DÜNÝÄNIŇ ÝYL ÝAZGYSY
Muňa göz ýetirmek üçin «EKSPO» Bütindünýä sergileriniň taryhyna göz
aýlamak ýeterlikdir. Bu sergiler diňe bir ykdysadyýetiň, tehnologiýanyň ýa-da
senagatyň üstünliklerini görkezmek bilen çäklenmän, eýsem, halklaryň
medeniýetini, şeýle hem halkara hyzmatdaşlyga, diplomatiýa, dialog medeniýetine
bolan çemeleşmesini dünýä tanadýan platformadyr. Adamzadyň ukyp-
başarnygynyň, pikir giňişliginiň, innowasiýa hyjuwynyň netijeleri bu sergide
aýdyň şöhlelenýär. Şonuň üçin hem «EKSPO» Bütindünýä sergileri dünýäniň, şol
sanda-da ynsanyýet döredijiliginiň ýyl ýazgysy hökmünde taryha möhürlenýär.
1851-nji ýylda Londonyň Hrustal köşgünde ilkinji gezek geçirileninden bäri
Bütindünýä sergileri geljek baradaky hyýallary hem-de pikirleri bir ýerde jemläp,
olary halkara derejesinde paýlaşmaga mümkinçilik döredýär. Bu sergilerde ýurtlar
diňe bir baýlygyny däl, ruhy güýjüni-de görkezýärler.
Türkmenistan Bütindünýä sergilerine Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy
bilen 2010-njy ýyldan bäri işjeň gatnaşyp gelýär. Şol ýylda Hytaýyň Şanhaý
şäherinde, 2012-nji ýylda Koreýa Respublikasynyň Ýosu şäherinde, 2015-nji ýylda
Italiýanyň Milan şäherinde, 2017-nji ýylda Gazagystanyň Astana şäherinde, 2021-
nji ýylda Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde geçirilen Bütindünýä
«EKSPO» gözden geçirilişlerinde ýurdumyz köpugurly mümkinçiliklerini
şöhlelendirdi.
«ÝAŞAÝŞYMYZ ÜÇIN GELJEGIŇ JEMGYÝETINI DÖREDÝÄRIS»
«EKSPO — 2025» Bütindünýä sergisi hut şu şygar astynda geçirilýär. Sergi
üç mowzuk boýunça guralyp, olar «Durmuşy birleşdirmek», «Durmuşy halas
etmek», «Durmuş mümkinçiliklerini giňeltmek» diýlip atlandyrylýar. Her
pawilýon bir halkyň ýüreginiň beýany bolup, ýeri gelende bellesek, ýurdumyzyň
milli pawilýony «Durmuş mümkinçiliklerini giňeltmek» atly bölümde ýerleşdirildi.
«EKSPO — 2025» Bütindünýä sergisiniň guramaçysy Halkara sergiler
býurosydyr. Türkmenistan bolsa 2024-2025-nji ýyllarda býuronyň Dolandyryş we
býujet boýunça komitetiniň agzasy bolup durýar. Şunda «Türkmenistanyň halkara
sergi işiniň 2024-2025-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynyň» hem-de «Türkmenistan
bilen Halkara sergiler býurosynyň arasynda hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça
2023 — 2025-nji ýyllar üçin «Ýol kartasynyň» ähmiýeti aýratyn bellärliklidir.
Şu gezekki Bütindünýä sergisini Ýaponiýa üçünji gezek, Osaka şäheri bolsa
eýýäm ikinji gezek kabul edýär. Has takygy, «EKSPO» Bütindünýä sergileri
Osakada 1970-nji ýylda, Nagoýa şäherinde bolsa 2005-nji ýylda geçirildi. Şu
gezekki serginiň geçirilýän meýdançasy Osaka şäheriniň kenarýakasyndaky
Ýumeşima emeli adasynda ýerleşýär. Tebigy gözelligi bilen tapawutlanyp,
kiçeňräk şäheri ýatladýan bu ada syýahatçylyk üçinem giň mümkinçilikleri açýar.
Şunda halkara gözden geçirilişiň hut şu ýerde guralmagynyň mazmuny has-da
aýdyňlaşýar.
Bu sergä halkara guramalaryň ençemesi hem-de dünýäniň 160-a golaý
döwleti gatnaşýar. Şunuň bilen baglylykda, 2025-nji ýylyň 13-nji apreli — 13-nji
oktýabry aralygynda, umumylykda, 184 gün dowam etjek giň gerimli Bütindünýä
sergisiniň çäklerinde köp sanly milli günler guralar. Bular barada sergi üçin ýörite
döredilen, ýedi dilde elýeterli bolan www.expo2025.or.jp internet saýtynda hem
giňişleýin maglumat berilýär.
HALKARA IŞEWÜRLIGIŇ MILLI TEJRIBESI
Internet çeşmelerinden maglumat gözlänimizde: «EKSPO-nyň» ýüregi —
pikir, ýüzi bolsa medeniýet» diýen jümle ünsümizi çekdi. Hakykatdanam,
Türkmenistanyň bu ägirt halkara sergä gatnaşmagy, diňe bir ykdysady
mümkinçilikleriň ýa-da senagat ösüşleriniň görkezilmegi bilen çäklenmän, eýsem,
halkymyzyň baý taryhyny, milli gymmatlyklaryny, döwrebap ösüş ýoluny dünýä
tanatmak maksadyna hem hyzmat edýär.
«Gowy geljege ylham bermek» atly şygar bilen açylýan Türkmenistanyň milli
pawilýonynyň binagärlik çözgütleri hakda hem aýratyn bellemek gerek.
Ýurdumyzyň üç gatdan ybarat pawilýony milli arhitekturanyň hem-de döwrebap
tehnologiýanyň utgaşmasyndan emele gelen özboluşly desgadyr. Eko görnüşinde
guralan bu taslama «EKSPO — 2025-e» düýpli we ykjam taýýarlyk
görlendiginden habar berýär. Onuň binagärlik aýratynlyklary bolsa türkmen
halkynyň taryhy döwürlerinden, amaly-haşam sungatyndan we medeni mirasyndan
ylham alýar. Şunda behişdi bedewleriň, haly gölleriniň, türkmen tebigatynyň, düýe
kerweniniň, paýtagtymyzyň kaşaň binalarynyň keşbi okgunly ösüşi, ruhy-medeni
mirasa belent sarpany, parahatçylygy we agzybirligi alamatlandyrýar. Şeýle
mazmun bilen gapysyny giňden açan sergi bölümimizi «Belli» hojalyk jemgyýeti
gurdy. Halkara gözden geçirilişe döwlet kärhanalary bilen bir hatarda, ýurdumyzyň
hususy pudagynyň wekilleri hem gatnaşýar.
Atamyrat ÝAZWELIÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary
institutynyň talyby, «Nesil».
Çeşme: «Nesil» gazeti, 15.04.2025 ý.