
15/04/2025
86
«EKSPO — 2025»: geljek baradaky hyýallaryň we pikirleriň meýdançasy
Türkmenistan Bütindünýä sergisine gatnaşýar
Taryhyň bütin dowamynda milli ykdysady kuwwatyny, ýokary mümkinçiliklerini, ruhy gymmatlyklaryny, halkynyň paýhasyny we geljege bolan garaýşyny dünýä bilen paýlaşmak her bir döwletiň esasy maksatlarynyň biri bolup gelýär. Şunda «EKSPO» Bütindünýä sergileri halklary parahatçylyk, döredijilik, innowasiýa hem-de medeni köpdürlülik arkaly birleşdirýän giň meýdança bolup çykyş edýär. Wagt bolsa munuň dogrudygyny subut etdi. Şoňa görä-de, Ýaponiýanyň Osaka şäherinde geçirilýän «EKSPO — 2025» Bütindünýä sergisine Türkmenistanyň gatnaşmagy aýratyn ähmiýete eýe bolup, hormatly Prezidentimiziň dostlukly döwlete nobatdaky sapary täze taryhy döwrümiziň möhüm wakalarynyň biridir.
DÜNÝÄNIŇ ÝYL ÝAZGYSY
Muňa göz ýetirmek üçin «EKSPO» Bütindünýä sergileriniň taryhyna göz aýlamak ýeterlikdir. Bu sergiler diňe bir ykdysadyýetiň, tehnologiýanyň ýa-da senagatyň üstünliklerini görkezmek bilen çäklenmän, eýsem, halklaryň medeniýetini, şeýle hem halkara hyzmatdaşlyga, diplomatiýa, dialog medeniýetine bolan çemeleşmesini dünýä tanadýan platformadyr. Adamzadyň ukyp- başarnygynyň, pikir giňişliginiň, innowasiýa hyjuwynyň netijeleri bu sergide aýdyň şöhlelenýär. Şonuň üçin hem «EKSPO» Bütindünýä sergileri dünýäniň, şol sanda-da ynsanyýet döredijiliginiň ýyl ýazgysy hökmünde taryha möhürlenýär.
1851-nji ýylda Londonyň Hrustal köşgünde ilkinji gezek geçirileninden bäri Bütindünýä sergileri geljek baradaky hyýallary hem-de pikirleri bir ýerde jemläp, olary halkara derejesinde paýlaşmaga mümkinçilik döredýär. Bu sergilerde ýurtlar diňe bir baýlygyny däl, ruhy güýjüni-de görkezýärler.
Türkmenistan Bütindünýä sergilerine Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen 2010-njy ýyldan bäri işjeň gatnaşyp gelýär. Şol ýylda Hytaýyň Şanhaý şäherinde, 2012-nji ýylda Koreýa Respublikasynyň Ýosu şäherinde, 2015-nji ýylda Italiýanyň Milan şäherinde, 2017-nji ýylda Gazagystanyň Astana şäherinde, 2021- nji ýylda Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde geçirilen Bütindünýä «EKSPO» gözden geçirilişlerinde ýurdumyz köpugurly mümkinçiliklerini şöhlelendirdi.
«ÝAŞAÝŞYMYZ ÜÇIN GELJEGIŇ JEMGYÝETINI DÖREDÝÄRIS»
«EKSPO — 2025» Bütindünýä sergisi hut şu şygar astynda geçirilýär. Sergi üç mowzuk boýunça guralyp, olar «Durmuşy birleşdirmek», «Durmuşy halas etmek», «Durmuş mümkinçiliklerini giňeltmek» diýlip atlandyrylýar. Her pawilýon bir halkyň ýüreginiň beýany bolup, ýeri gelende bellesek, ýurdumyzyň milli pawilýony «Durmuş mümkinçiliklerini giňeltmek» atly bölümde ýerleşdirildi.
«EKSPO — 2025» Bütindünýä sergisiniň guramaçysy Halkara sergiler býurosydyr. Türkmenistan bolsa 2024-2025-nji ýyllarda býuronyň Dolandyryş we býujet boýunça komitetiniň agzasy bolup durýar. Şunda «Türkmenistanyň halkara sergi işiniň 2024-2025-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynyň» hem-de «Türkmenistan bilen Halkara sergiler býurosynyň arasynda hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça 2023 — 2025-nji ýyllar üçin «Ýol kartasynyň» ähmiýeti aýratyn bellärliklidir.
Şu gezekki Bütindünýä sergisini Ýaponiýa üçünji gezek, Osaka şäheri bolsa eýýäm ikinji gezek kabul edýär. Has takygy, «EKSPO» Bütindünýä sergileri Osakada 1970-nji ýylda, Nagoýa şäherinde bolsa 2005-nji ýylda geçirildi. Şu gezekki serginiň geçirilýän meýdançasy Osaka şäheriniň kenarýakasyndaky Ýumeşima emeli adasynda ýerleşýär. Tebigy gözelligi bilen tapawutlanyp, kiçeňräk şäheri ýatladýan bu ada syýahatçylyk üçinem giň mümkinçilikleri açýar. Şunda halkara gözden geçirilişiň hut şu ýerde guralmagynyň mazmuny has-da aýdyňlaşýar.
Bu sergä halkara guramalaryň ençemesi hem-de dünýäniň 160-a golaý döwleti gatnaşýar. Şunuň bilen baglylykda, 2025-nji ýylyň 13-nji apreli — 13-nji oktýabry aralygynda, umumylykda, 184 gün dowam etjek giň gerimli Bütindünýä sergisiniň çäklerinde köp sanly milli günler guralar. Bular barada sergi üçin ýörite döredilen, ýedi dilde elýeterli bolan www.expo2025.or.jp internet saýtynda hem giňişleýin maglumat berilýär.
HALKARA IŞEWÜRLIGIŇ MILLI TEJRIBESI
Internet çeşmelerinden maglumat gözlänimizde: «EKSPO-nyň» ýüregi — pikir, ýüzi bolsa medeniýet» diýen jümle ünsümizi çekdi. Hakykatdanam, Türkmenistanyň bu ägirt halkara sergä gatnaşmagy, diňe bir ykdysady mümkinçilikleriň ýa-da senagat ösüşleriniň görkezilmegi bilen çäklenmän, eýsem, halkymyzyň baý taryhyny, milli gymmatlyklaryny, döwrebap ösüş ýoluny dünýä tanatmak maksadyna hem hyzmat edýär.
«Gowy geljege ylham bermek» atly şygar bilen açylýan Türkmenistanyň milli pawilýonynyň binagärlik çözgütleri hakda hem aýratyn bellemek gerek. Ýurdumyzyň üç gatdan ybarat pawilýony milli arhitekturanyň hem-de döwrebap tehnologiýanyň utgaşmasyndan emele gelen özboluşly desgadyr. Eko görnüşinde guralan bu taslama «EKSPO — 2025-e» düýpli we ykjam taýýarlyk görlendiginden habar berýär. Onuň binagärlik aýratynlyklary bolsa türkmen halkynyň taryhy döwürlerinden, amaly-haşam sungatyndan we medeni mirasyndan ylham alýar. Şunda behişdi bedewleriň, haly gölleriniň, türkmen tebigatynyň, düýe kerweniniň, paýtagtymyzyň kaşaň binalarynyň keşbi okgunly ösüşi, ruhy-medeni mirasa belent sarpany, parahatçylygy we agzybirligi alamatlandyrýar. Şeýle mazmun bilen gapysyny giňden açan sergi bölümimizi «Belli» hojalyk jemgyýeti gurdy. Halkara gözden geçirilişe döwlet kärhanalary bilen bir hatarda, ýurdumyzyň hususy pudagynyň wekilleri hem gatnaşýar.
Atamyrat ÝAZWELIÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby, «Nesil».
Çeşme: «Nesil» gazeti, 15.04.2025 ý.