Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
        • Prezentasiýa bäsleşigi geçirildi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
        • YLMY-AMALY MASLAHAT GEÇIRILDI
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Makalalar / «EKSPO — 2025»: geljege bolan ynamyň, ösüşiň we döredijiligiň simwoly
    «EKSPO — 2025»: geljege bolan ynamyň, ösüşiň we döredijiligiň simwoly surady
    14/04/2025

    713

    «EKSPO — 2025»: geljege bolan ynamyň, ösüşiň we döredijiligiň simwoly

    Täze taryhy döwrümizde Bitarap Türkmenistan ählumumy derejede guralýan iri sergilerdir forumlara gatnaşmaga parahatçylygyň we ösüşiň bähbidine hoşniýetli başlangyç hökmünde garaýar. Şoňa görä-de, ähli ulgamlarda ýeten belent sepgitlerini dünýä jemgyýetçiligine ýaýmak, ykdysadyýetiň eksport kuwwatyny artdyrmak we öňdebaryjy dünýä tejribesini öwrenmek maksady bilen, Türkmenistan indi birnäçe ýyl bäri «EKSPO» sergilerine işjeň gatnaşyp gelýär. Şu jähetden, Ýaponiýanyň Osaka şäherinde geçirilýän «EKSPO — 2025» Bütindünýä sergisine Türkmenistanyň gatnaşmagy aýratyn ähmiýete eýe bolup, hormatly Prezidentimiziň dostlukly döwlete nobatdaky sapary täze taryhy döwrümiziň möhüm wakalarynyň biridir.

    Ilkinji gezek 2010-njy ýylda Hytaýyň Şanhaý şäherinde, 2012-nji ýylda Koreýa Respublikasynyň Ýosu şäherinde, 2015-nji ýylda Italiýanyň Milan şäherinde, 2017-nji ýylda Gazagystanyň Astana şäherinde, 2021-nji ýylda Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde geçirilen «EKSPO» gözden geçirilişlerinde ýurdumyzyň mümkinçilikleri giňden açylyp görkezildi.

    Nobatdaky Bütindünýä sergisi «Ýaşaýşymyz üçin geljegiň jemgyýetini döredýäris» diýen şygar astynda geçirilip, «Durmuşy birleşdirmek», «Durmuşy halas etmek», «Durmuş mümkinçiliklerini giňeltmek» atly üç mowzuk boýunça guralýar. Türkmenistanyň milli pawilýony «Durmuş mümkinçiliklerini giňeltmek» atly bölümde ýerleşdirildi. Sergi 184 gün dowam eder. Şu wagtyň dowamynda bu iri forum ýurdumyzyň medeniýeti, taryhy, ykdysadyýeti, şeýle hem soňky ýyllarda innowasion ösüşde, esasan-da, Arkadag şäheriniň gurluşygynda gazanylan tejribeler bilen tanyşmaga mümkinçilik döreder. Onuň çäklerinde sergä gatnaşyjylary milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklaryndaky, ýagny gurluşykdaky, energetikadaky, senagatdaky, ulag-aragatnaşykdaky maýa goýum taslamalary bilen tanyşdyrmaga hem aýratyn üns berler.

    Serginiň dabaraly açylyşyndan bir gün soňra, ýagny 14-nji aprelde ýurdumyzyň Milli güni geçirilip, oňa döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagy taryhy ähmiýetli wakadyr. Türkmenistan sergä gatnaşýan 160 ýurduň arasynda bu hormata ilkinji mynasyp bolan ýurtlaryň biridir. Çäräniň dowamynda myhmanlaryň ýurdumyz barada giňişleýin maglumat almaklary üçin täsin arheologik eksponatlaryň, ekologik taýdan arassa dokma önümleriniň sergisi, Watanymyza wirtual syýahat, milli tagamlar we aýdym-sazlar göz öňünde tutuldy. Günüň dogýan ýurdunda dabaraly açylan Bütindünýä sergisinde ýurdumyzyň milli pawilýonyny «Belli» hojalyk jemgyýetiniň gurandygyny hem aýratyn nygtamak gerek. Taslamanyň arhitekturasy özboluşly mana eýe bolup, binanyň üçburç görnüşli gurluşy öňe hereket etmegi, ýaşaýşyň dowamatlylygyny, täzelenişi alamatlandyrýar. Şeýlelikde, Osakada Türkmenistanyň milli pawilýony gapysyny giňden açýar.

    Ozal bu ýerde 1970-nji ýylda Aziýa yklymynda ilkinji «EKSPO» geçirilip, ol XX asyrda iň köp adamyň baryp gören gözden geçirilişi hökmünde taryha girdi. Bu gezekki Bütindünýä «EKSPO» sergisini geçirmek üçin Osakadan uzak bolmadyk ýerde ýörite emeli ada hem döredilip, onuň Ýumeşima ady «Arzuwlar adasy» diýmegi aňladýar. 2025-nji ýylyň 13-nji aprelinden 13-nji oktýabry aralygynda dowam etjek «EKSPO — 2025-iň» geçýän ýeriniň daş-töweregi «Uly halka» bilen gurşalyp alnandyr. «Uly halka» uzynlygy 2 kilometre, beýikligi 20 metre ýetýän agaç gurluş bolup, ol eýýäm agaçdan gurlan iň uly ýapyk desga hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.

    «EKSPO — 2025» Bütindünýä sergisiniň guramaçysy Halkara sergiler býurosydyr. Türkmenistan bolsa 2024-2025-nji ýyllarda býuronyň Dolandyryş we býujet boýunça komitetiniň agzasy bolup durýar. Şunda «Türkmenistanyň halkara sergi işiniň 2024-2025-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynyň» hem-de «Türkmenistan bilen Halkara sergiler býurosynyň arasynda hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça 2023 — 2025-nji ýyllar üçin «Ýol kartasynyň» ähmiýeti aýratyn bellärliklidir.

    Jemläp aýdanyňda, Zeminiň çar künjeginde geçirilýän «EKSPO» sergilerinde milli pawilýonlarymyzyň ýaýbaňlandyrylmagy ýurdumyzyň geçmişi hem şu güni, senagat-innowasion mümkinçilikleri, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi hakynda ygtybarly maglumatlary ýaýratmakda, umuman, Garaşsyz Watanymyzyň hakyky keşbini dünýä jemgyýetçiligine tanatmakda örän ähmiýetlidir.


    Sülgün NEPESOWA,

    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

    Halkara gatnaşyklary institutynyň

    Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasynyň mugallymy.

    Soňky täzelikler

    SAGDYNLYGYŇ, RUHUBELENTLIGIŇ GIREWI – ÝURDUMYZDA  ÝAÝBAŇLANÝAR. surady

    03/06/2025

    SAGDYNLYGYŇ, RUHUBELENTLIGIŇ GIREWI – ÝURDUMYZDA ÝAÝBAŇLANÝAR.
    Александр Сергеевич Пушкин: К 226-летию со дня  рождения великого поэта surady

    03/06/2025

    Александр Сергеевич Пушкин: К 226-летию со дня рождения великого поэта
    Укрепление связей через образование и диалог surady

    29/05/2025

    Укрепление связей через образование и диалог
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI