
1993
II halkara bäsleşik
«Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy: parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly halkara ylmy-amaly maslahaty hem-de «Halkara gatnaşyklary: parahatçylyk dialogynyň medeniýeti» atly II halkara bäsleşigini geçirmegiň DÜZGÜNNAMASY
1. Umumy düzgünler
1.1. Şu Düzgünnama «Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy: parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly halkara ylmy-amaly maslahatyny (şu ýerden beýläk «maslahat») we «Halkara gatnaşyklary: parahatçylyk dialogynyň medeniýeti» atly II halkara bäsleşigini (şu ýerden beýläk «bäsleşik») (şu ýerden beýläk halkara ylmy-amaly maslahat we halkara bäsleşik bilelikde “çäreler” diýlip atlandyrylýar) guramagyň we geçirmegiň esasy düzgünlerini we tertibini kesgitleýär.
1.2. Geçirilýän çäreleriň esasy jogapkär guramaçysy Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutydyr. Türkmenistanyň Bilim ministrligi we Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bu çäreleri geçirmekde maslahatçylar we ýardamçylar bolup durýarlar.
1.3. Çäreleriň iş dilleri – türkmen, iňlis we rus dilleri.
2. Çäreleriň maksatlary we wezipeleri
2.1. Geçiriljek çäreleriň esasy maksatlary:
- Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan Türkmenistanyň başlangyjy esasynda “2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” atly Kararnamanyň kabul edilmeginden gelip çykýan hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Türkmenistanyň işleriniň we ileri tutýan ugurlarynyň Konsepsiýasynda ýurdumyzyň ylym-bilim jemgyýetçiliginiň öňünde goýlan işleriň toplumyny amala aşyrmak;
- Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ösüş maksatlaryndan Ýokary hilli bilim we Durnukly ösüş babatynda hyzmatdaşlyk maksatlaryna ýetmek üçin işleri amala aşyrmak; - Türkmenistanyň Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygyny mynasyp derejede garşy almak üçin işleri amala aşyrmak;
- Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmeginiň 80 ýyllygyny mynasyp garşy almak.
2.2. Geçiriljek çäreleriň esasy wezipeleri:
- Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan tassyklanan “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynda we ony durmuşa geçirmegiň Meýilnamasynda”, “Türkmenistanda tebigy we takyk ylymlary ösdürmegiň Döwlet maksatnamasynda”, “Türkmenistanda ylym ulgamyny ösdürmegiň 2024–2052-nji ýyllar üçin Strategiýasynda” we döwlet derejesinde kabul edilen beýleki degişli resminamalarda ylym-bilim işgärleriň öňünde goýlan wezipeleri amala aşyrmagy dowam etmek;
- Bitarap Türkmenistanyň syýasy, medeni we bilim diplomatiýasyny wagyz etmek;
- ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda özara bähbitli gatnaşyklary ýola goýmak we berkitmek, halkara hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek;
- zehinli talyp ýaşlary ýüze çykarmak we höweslendirmek;
- talyp ýaşlary ylmy-barlag işlerine ugrukdyrmak;
- talyp ýaşlaryň okuw dersleri boýunça bilimlerini çuňlaşdyrmak;
- ýokary hünärli, ählitaraplaýyn bilimli hünärmenleriň taýýarlanylmagyny üpjün etmek;
- talyp ýaşlarynyň arasynda dostlukly gatnaşyklaryny berkitmek, okuw-bilim tejribeligini alyşmaga ýardam bermek.
3. Çäreleriň guramaçylyk işleri
3.1. Çäreleriň ýokary guramaçylykly geçirilmegi üçin Guramaçylyk topary döredilýär. Guramaçylyk toparynyň düzümi Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektorynyň buýrugy bilen tassyklanylýar.
3.2. Guramaçylyk topary:
- çäreleri geçirmegiň esasy ýörelgelerini kesgitleýär;
- çäreleri guramak we geçirmek boýunça guramaçylyk işlerini alyp barýar;
- çäreleri geçirmegiň tertibini we möhletini kesgitleýär;
- ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri bilen çäreleri geçirmek boýunça işleri alyp barýar;
- daşary ýurtdan gelen gatnaşyjylaryň şäherdäki myhmanhanalarda bolmaklary, iýmit, ulag bilen üpjün edilmegini gurnaýar;
- daşary ýurtly myhmanlar üçin medeni, dynç alyş, tanyşdyryş çärelerini gurnaýar;
- ýeňijileri sylaglandyrmak, medallar, Diplomlar, Hormat hatlary, gatnaşyk şahadatnamalary we sowgatlar bilen üpjün etmek işlerini amala aşyrýar;
- çäreleriň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giňden beýan edilmegini gurnaýar;
- ähli beýleki ýüze çykýan meselelere seredýär.
4. Halkara ylmy-amaly maslahatyny geçirmek boýunça düzgünler
4.1. Halkara ylmy-amaly maslahatyň çäklerinde umumy mejlisde, bölümçelerde çykyşlary hem-de ara alyp maslahatlaşmalary guramak, jemleýji mejlisde bölümçeleriň ýolbaşçylarynyň hasabatlaryny diňlemek, Türkmenistanyň ýaş hünärmenleri, talyplary üçin daşary ýurtly gatnaşyjy professor-mugallymlaryň nusgawy sapaklaryny we söhbetdeşliklerini geçirmek meýilleşdirilýär.
4.2. Ylmy-amaly maslahatyň barşynda ýurdumyzyň we daşary ýurtly alymlaryň we hünärmenleriň çykyşlary diňlener. Ol çykyşlaryň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlarynyň Konsepsiýasynda bellenilen we aşakda görkezilen ugurlar, işler boýunça bolmagy maksadalaýykdyr:
- öňüni alyş diplomatiýasy, dawalaryň öňüni almak we olary aradan aýyrmak üçin gural hökmünde;
- Bitaraplygyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak, jedelleriň we gapma-garşylyklaryň parahatçylykly, syýasy we diplomatik ýollardan çözülmegi üçin;
- ynamdar dialog medeniýetini dikeltmek;
- Parahatçylygy, ynanyşmagy we howpsuzlygy berkitmek boýunça sebitleýin meseleler; Parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine Bitaraplygyň dostlarynyň amala aşyrýan işleri;
- Parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmekde zenanlaryň we ýaşlaryň orny;
- Bitaraplygyň ýörelgeleri, onuň dawalaryň öňüni almakda we durnukly ösüşi gazanmakda eýeleýän orny;
- Parahatçylygyň we ynanyşmagyň ynsanperwer ýörelgelerini wagyz etmek hem-de bu işe ýaşlaryň ählumumy goşulmagyny gazanmak maksady bilen, jemgyýetçilik torlaryny we sanly diplomatiýany amala aşyrmagyň mümkinçilikler;
- durnukly ösüşi maliýeleşdirmek;
- Merkezi Aziýada hyzmatdaşlyk meseleleri boýunça köptaraplaýyn dialoglar;
- Ýöriteleşdirilen halkara guramalaryň işleriniň ugry, Birleşen Milletler Guramasynyň Ýokary hilli bilim maksatlaryny amala aşyrmak.
4.3. Maslahata ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, ylmy-barlag edaralarynyň ylmy işgärleri, aspirantlar, doktorantlar, pudak bilermenleri, talyp ýaşlar we magistrantlar gatnaşyp biler. Maslahata gatnaşmak üçin sargydyň görnüşi 1-nji Goşundyda berilýär.
4.4. Maslahatdaky dört sany bölümçe bolar:
1. Bitaraplyk syýasatynyň parahatçylygy dörediji ýörelgeleri: Türkmenistanyň milli tejribesi.
2. Ykdysady diplomatiýa – durnukly ösüş ugrundaky hyzmatdaşlygyň netijeli guraly Birleşen Milletler Guramasynyň Ýokary hilli bilim maksatlaryny amala aşyrmak.
3. Medeni diplomatiýa: ynsanperwer gatnaşyklarynyň milli we umumadamzat ähmiýetli ýörelgeleri.
4. Halkara gatnaşyklary boýunça hünärmenleri taýýarlamagyň dünýä tejribesi: ylym-bilim we okuw-usuly işler.
4.5. Maslahatyň gatnaşyjylarynyň çykyşlary: umumy mejlisde 10 minuda çenli, bölümçeleriň mejlisindäki çykyşlar 7 minuda çenli. Çykyşlar prezentasiýalar görnüşinde bolup biler.
4.6. Maslahatdaky çykyşlaryň docx formatdaky teksti hem Guramaçylyk toparyna 2025-nji ýylyň aprel aýynyň 20-ine çenli berilmelidir. Ol tekste talaplar aşakdakylardan ybarat:
- format A4, oriýentasiýa kitap görnüşinde, ähli gyralar 2,5 sm, setirarasy 1 interwal, şrift – Times New Roman, 14 ölçegde, jemi göwrüm 4-5 sahypa çenli;
- tekstiň başynda awtoryň familiýasy we ady, alymlyk derejesi we alymlyk ady, wezipesi, ýokary okuw mekdebiniň ýa-da işleýän ýeriniň ady, ýurdy görkezilmeli;
- soňra çykyşyň ady, gysgaça annotasiýalar iki dilde (tekstiň dilinden beýleki iş dillerinde, daşary ýurtlular üçin annotasiýalaryň beýleki dillere terjimesini çäreleri geçiriji tarap üpjün eder) bolmaly.
- soňra çykyşyň öz teksti, ondan soňra edebiýatlaryň sanawy berilmeli. Maslahatdaky çykyşlaryň tekstine galan talaplar ylmy makalalara bildirilýän umumy talaplardyr, çykyşyň tekstiniň nusgasy 2-nji Goşundyda berilýär.
4.7. Gelip gowşan materiallardan maslahatda çykyş etmek üçin sanawy saýlamagy Guramaçylyk topary amala aşyrýar.
4.8. Maslahatyň netijeleri boýunça çykyşlaryň we gelip gowşan materiallaryň ýygyndysyny çap etmek meýilleşdirilýär.
5. Halkara bäsleşigini geçirmek boýunça düzgünler
5.1. Halkara bäsleşigine ýurdumyzyň we daşary ýurt döwletleriniň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary we magistrantlary gatnaşyp biler. Her ýokary okuw mekdebinden gatnaşyjylaryň sany 1-5 aralygynda bolup biler. Ol gatnaşyjylara 1 mugallym ýa-da hünärmen ýolbaşçylyk edýär. Zerur bolanda gatnaşyjylar ýolbaşçysyz hem bäsleşige gatnaşyp bilerler. Bäsleşige gatnaşmak üçin ýokary okuw mekdebiniň sargydy 3-nji Goşundyda berilýär.
5.2. Bäsleşik halkara gatnaşyklary boýunça hünärmenleri taýýarlamagyň ugurlaryndan okadylýan köpsanly dersleriň soraglaryndan we häzirkizaman halkara gatnaşyklarynyň giň spektri boýunça meseleleriniň soraglaryndan düzülen 100 soragdan ybarat teste jogap bermek görnüşinde geçiriler. Ol test syýasy, taryhy, medeni, takyk ugurlardaky dersleriň materiallaryndan, halkara guramalary, halkara we döwletara gatnaşyklary, durnukly ösüş maksatlary, halkara dialogy, ekologiýa, klimatyň üýtgemegi ýaly halkara meselelerine bagyşlanan soraglardan we ş.m. düzüler. Bäsleşigiň soraglaryny düzmek, saýlap almak hukugy Guramaçylyk toparyna degişlidir.
5.3. Bäsleşigi geçirmegiň Eminler toparynyň düzümi we onuň ýolbaşçysy Guramaçylyk toparynyň hödürlemegi arkaly Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektorynyň buýrugy bilen tassyklanylýar. Eminler toparyna ýokary okuw mekdepleriň toparlarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ylym we bilim edaralarynyň wekilleri girizilip bilner. Eminler topary Bäsleşigiň ýeňijilerini kesgitleýär, ýüze çykýan meselelere we arz-şikaýatlara seredýär.
5.4. Bäsleşigi geçirmegiň tehniki işlerini amala aşyrmak we düzgün-tertibe seretmek üçin Mandat topary döredilýär. Ol toparyň düzümi Guramaçylyk toparynyň hödürlemegi arkaly Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektorynyň buýrugy bilen tassyklanylýar.
5.5. Bäsleşigiň ýeňijileri altyn, kümüş we bürünç medallar, degişlilikde 1-nji, 2-nji we 3-nji derejeli Diplomlar, Hormat hatlary we sowgatlar bilen sylaglanylar. Ýeňijileriň sany we gowşurylýan medallaryň özara gatnaşygy Guramaçylyk topary tarapyndan kesgitlenilýär.
6. Halkara ylmy-amaly maslahata we halkara bäsleşige gatnaşyjylar üçin medeni çäreler, maslahatyň we bäsleşigiň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde beýan edilmegi
6.1. Halkara ylmy-amaly maslahata we halkara bäsleşige gatnaşyjylar üçin resmi açylyş we sylaglanyş dabaralary geçiriler.
6.2. Halkara ylmy-amaly maslahata we halkara bäsleşige gatnaşyjylar üçin gezelençler, ekskursiýalar we tanyşdyryşlar gurnalar.
6.3. Halkara ylmy-amaly maslahaty we halkara bäsleşigi ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde we Internet çeşmelerinde giňden beýan ediler.
7. Çäreleri geçirmegiň maliýeleşdirilişi
7.1. Çärelere daşary ýurtly gatnaşyjylar Türkmenistana gelmek we gitmek bilen baglanyşykly ýol harajatlaryny özleri dolulygyna çekýärler.
7.2 Daşary ýurtly gatnaşyjylaryň Türkmenistana gelmek üçin wiza töleglerini we serhetden girende ýokanç kesellere barlagyň tölegini bellenilen tertipde ýatyrmak meselesini çözmek üçin Türkmenistanyň daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty degişli edaralar bilen işleri alyp barar.
7.3 Daşary ýurtly gatnaşyjylaryň Türkmenistanyň serhedinden Aşgabat şäherine çenli we yzyna ýol harajatlaryny, çäreleriň dowamynda ýaşaýyş, iýmit, ulag harajatlaryny, ýeňijilere diplomlar, hormat hatlar, gatnaşyk şahadatnamlar bermek bilen baglanyşykly harajatlary, ýeňijileri we wekiliýetleriň ýolbaşçylaryny gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglamak üçin harajatlary Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň hasabyna çekýär.
7.4. Şu Düzgünnamada göz öňünde tutulmadyk çykdajylar üçin jogapkärçiligi daşary ýurtly gatnaşyjylaryň özleri çekýärler.
8. Habarlaşmak üçin maglumatlar
8.1. Çärelere gatnaşmak, guramaçylyk meseleleri, dürli beýleki meseleler boýunça ýüz tutmak üçin salgylar:
1. Esenamanow Gaplaň Meçenowiç, Türkmenistanyň daşary işler ministrliginiň Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasynyň uly mugallymy, fizika-matematika ylymlarynyň kandidaty, +99365045207, esenamanovg@gmail.com;
2. Çaryýew Perhat, Türkmenistanyň daşary işler ministrliginiň Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasynyň uly mugallymy, +99363519606, hgihygkafedra2021@gmail.com
3. Bäşimow Rahym, Türkmenistanyň daşary işler ministrliginiň Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň dekanynyň w.w.ý.ý., Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasynyň uly mugallymy, hgi.hygdek@gmail.com.
Goşundy 1.
«Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy: parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly halkara ylmy-amaly maslahatyna gatnaşmak üçin sargyt.
Ýurdy
Işleýän ýa-da okaýan ýeri (ýokary okuw mekdebi, fakultet, kafedra)
Familiýasy, ady, atasynyň ady (dolulygyna)
Alymlyk derejesi we alymlyk ady
Wezipesi
Elektron poçta
Habarlaşmak üçin telefon belgisi
Çykyşyň ady
Goşundy 2.
«TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY SYÝASATY WE DIPLOMATIÝASY: PARAHATÇYLYGYŇ, HOWPSUZLYGYŇ WE DURNUKLY ÖSÜŞIŇ HATYRASYNA HYZMATDAŞLYK» atly halkara ylmy-amaly maslahatyna gatnaşmak üçin çykyşyň tekstiniň nusgasy.
A.Amanow Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara gatnaşyklary kafedrasynyň uly mugallymy, fizika-matematika ylymlarynyň kandidaty
ÇYKYŞYŇ ADY
Annotasiýa. Annotasiýanyň teksti (4-6 setir). Annotasiýanyň teksti (4-6 setir). Annotasiýanyň teksti (4-6 setir). Annotasiýanyň teksti (4-6 setir).
Açar sözler: 5-8 açar söz, 5-8 açar söz, 5-8 açar söz, 5-8 açar söz.
Amanov G.G. Candidate in Physical and Mathematical Sciences, senior teacher, “Department of International economic relations”, Institute of International Affairs of Ministry of Foreign Affairs of Turkmenistan, Ashgabat, Turkmenistan
THE TITLE OF AN ARTICLE
Abstract. Text of annotation (4-6 lines). Text of annotation (4-6 lines). Text of annotation (4-6 lines). Text of annotation (4-6 lines).
Keywords: 5-8 keywords. 5-8 keywords. 5-8 keywords. 5-8 keywords.
Cykyşyň teksti. Cykyşyň teksti. Cykyşyň teksti. Cykyşyň teksti. Cykyşyň teksti. Cykyşyň teksti. Cykyşyň teksti. Cykyşyň teksti. Cykyşyň teksti. Cykyşyň teksti. Cykyşyň teksti. [1, 201 s.].
Edebiýatyň sanawy
1. Judith A. Beecher, Judith A. Penna, Marvin L. Bittinger. Algebra and trigonometry. 4th ed., Addison-Wesley, 2012.
2. И.В.Проскуряков. Сборник задач по линейной алгебре. М.: 1966.
3. Черненко В.Д. Высшая математика в примерах и задачах: Учебное пособие для вузов. В 3 т.: Т. 1.— СПб.: Политехника, 2003.— 703 с: ил.
Goşundy 3.
«Halkara gatnaşyklary: parahatçylyk dialogynyň medeniýeti» atly II halkara bäsleşigine gatnaşmak üçin sargyt.
Ýokary okuw mekdebiniň ady
Ýurt
Toparyň ýolbaşçysy:
Familiýasy, ady, atasynyň ady (dolulygyna)
Alymlyk derejesi we alymlyk ady
Wezipesi
T-köýnegiň ölçegi
Elektron poçta
Habarlaşmak üçin telefon belgisi
Bäsleşige gatnaşyjy 1
Familiýasy, ady, atasynyň ady (dolulygyna)
Okaýan fakulteti, ugry
Okaýan hünäri
Okuw ýyly
T-köýnegiň ölçegi
Bäsleşige gatnaşyjy 2
Familiýasy, ady, atasynyň ady (dolulygyna)
Okaýan fakulteti, ugry
Okaýan hünäri
Okuw ýyly
T-köýnegiň ölçegi
Bäsleşige gatnaşyjy 3
Familiýasy, ady, atasynyň ady (dolulygyna)
Okaýan fakulteti, ugry
Okaýan hünäri
Okuw ýyly
T-köýnegiň ölçegi
Bäsleşige gatnaşyjy 4
Familiýasy, ady, atasynyň ady (dolulygyna)
Okaýan fakulteti, ugry
Okaýan hünäri
Okuw ýyly
T-köýnegiň ölçegi
Bäsleşige gatnaşyjy 5
Familiýasy, ady, atasynyň ady (dolulygyna)
Okaýan fakulteti, ugry
Okaýan hünäri
Okuw ýyly
T-köýnegiň ölçegi
Soňky täzelikler

22/04/2025
ÜNS BERIŇ, BÄSLEŞIK!