
20/03/2025
1178
Durnukly ösüşi üpjün etmekde sebitara ykdysady hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçilikleri
2025-nji ýylyň 19-njy martynda Aşgabatda “Halkara parahatçylyk we
ynanyşmak ýyly: durnukly ösüşi üpjün etmekde sebitara ykdysady
hyzmatdaşlygyň orny” atly halkara maslahat geçirildi. Bu halkara forum sebitara
gatnaşyklaryny ösdürmek, täze mümkinçilikleri döretmek ugrunda
hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny açdy. Aýratyn bellemeli zatlaryň biri hem
maslahata türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň
Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagy maslahatyň ähmiýetini has-
da artdyrdy. Forum Bitarap Türkmenistan ýurdumyzyň halkara gatnaşyklarynda
hyzmatdaşlygy ösdürmekde ykdysady diplomatiýanyň netijelidigini görkezdi.
Sebitleýin hyzmatdaşlygy ösdürmek ýurdumyzyň daşary strategiýasynyň
ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolupdy we häzirki döwürde hem şeýle bolmagynda
galýar. Sebäbi islendik ýurduň ösüşi we howpsuzlygy köp derejede ony gurşap
alýan geosyýasy we geoykdysady ýagdaýlara bagly bolýar. Umumy geografik
giňişlikde ýerleşýän ýurtlar bilen syýasy, ykdysady we medeni ugurlarda
ösdürilýän hyzmatdaşlyk olaryň arasynda özara düşünişmek ýörelgelerine eýerýän
gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna şert döredýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyz
köptaraplaýyn sebit we sebitara hyzmatdaşlygyň alnyp barylmagynyň tarapdary
bolup çykyş edýär. Türkmenistan üçin şeýle hyzmatdaşlygyň geografiki ýerleşişi
we Merkezi Aziýa döwletleriniň hem-de onuň bilen goňşy sebitleriň taryhy
umumylygy uly ähmiýete eýe bolmak bilen bir hatarda, anyk geosyýasy we
geoykdysady şertler hem köp derejede öz täsirini ýetirýär.
Dünýä ykdysadyýetiniň şu güni we geljegi nukdaýnazaryndan seljerilende,
durmuş-ykdysady meseleleri çözmekde halkara hyzmatdaşlygyň
işjeňleşdirilmegine zerurlyk döreýär. Munuň esasy sebäbini hödürlenýän halkara
taslamalaryň amala aşyrylmagynda ýüze çykýan töwekgelçilikli ýagdaýlary
kemeltmekde we olaryň öňüni almakda bilelikdäki tagallalaryň netijesiniň ýokary
bolýandygy bilen düşündirmek bolar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan
özüniň ykdysady diplomatiýasynyň çäklerinde doly möçberli we oňyn
hyzmatdaşlygy alyp barmak bilen, ykdysadyýet, söwda, energetika, ulag-
aragatnaşyk, syýahatçylyk çygyrlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin dünýä
bileleşiginiň dykgatyna täze çemeleşmeleri we teklipleri hödürleýär. Ykdysady
çygyrda amala aşyrylýan sebitleýin hyzmatdaşlyk dünýä tejribesinde şeýle
gatnaşyklaryň netijeli görnüşleriniň biri hökmünde özüni görkezdi.
Maslahatyň wajyp meseleleriniň bir bolan ulag pudagy dünýäde
ählumumylaşmak hadysasynyň ýüze çykmagyny şertlendiren sebäpleriň biri bolup,
häzirki döwürde ol sebitleri we yklymlary birleşdiriji güýje öwrüldi. Her bir döwlet
öz geografiki taýdan amatly ýerleşişini we onuň mümkinçiliklerini ulanmagyň
hasabyna milli ösüşi üpjün etmek üçin zerur bolan geosyýasy we geoykdysady
bähbitleri öňe sürýär. Ahyrky netijede bu dürli ugurlarda amala aşyrylýan halkara
ähmiýetli ulag gatnawlarynyň artmagyna, ýurtlaryň arasynda söwda-ykdysady,
medeni gatnaşyklaryň we syýahatçylygyň uly depginde ösmegine itergi berýär.
Gahryman Arkadagymyz Türkmenistan—Owganystan—Pakistan—Hindistan gaz
geçirijisiniň örän möhüm taslamadygyny belläp, bu taslamanyň maksady häzirki
döwürde jemi 1 milliard 750 million ilaty bolan ýurtlary tebigy gaz bilen üpjün
etmekdir. Bu gaz geçiriji boýunça bellenen maksatnama laýyklykda, güýçli
depginde işler alnyp barylýar. Bu gaz geçirijiniň ýurdumyzyň çäklerinden geçýän
uzynlygy 214 km bolan bölegi guruldy. 2024-nji ýylyň sentýabr aýynda bolsa onuň
153 km Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat—Hyrat böleginiň gurluşygyna
badalga berildi. Häzirki wagtda onuň gurluşyk işleri Owganystanyň çäklerinde
dowam etdirilýär. TOPH-yň ýokary ýaşaýyş durmuş ähmiýetini bellemek bilen,
gaz geçirijileriň, degişli üpjünçilik ulgamlarynyň gurulmagy bilen, Owganystanda
12 müň iş ornuny döretmäge mümkinçilik berýär. Taslamanyň amala aşyrylmagy
köp sanly hukuk, täjirçilik we maliýe meselelerini çözmek bilen baglanyşyklydyr.
Şu halkara forum energetika kompaniýalarynyň, konsalting firmalarynyň we
banklaryň ýolbaşçylaryna, hünärmenlerine, bilermenlerine TOPH-yň çäklerinde
bilelikde işlemek barada pikir alyşmaga mümkinçilik bolar diýip belledi.
Sebitde energiýa hyzmatdaşlygynyň ösmeginde, esasanam, elektrik
söwdasynda energiýa gorlary taýdan dünýäniň iň baý ýurtlarynyň biri bolan
Türkmenistan wajyp orny eýeleýär. Ýurtda döredilen energiýa öndüriji
kuwwatlyklar diňe bir içerki sarp edijini elektrik bilen ygtybarly we üznüksiz
üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem onuň goňşy ýurtlara iberilýän möçberini
yzygiderli artdyrmaga mümkinçilik berýär. Ýurdumyz köp ýyllardan bäri elektrik
energiýasyny goňşy ýurtlara — Eýrana, Owganystana, Özbegistana we
Gyrgyzystana iberýär. Maslahatda Owganystan we Günorta Aziýa ýurtlary bilen
energetika hyzmatdaşlygynyň täze döwrüni sebitde parahatçylygy we
durnuklylygy berkitmäge we onuň ykdysady ösüşine güýçli itergi berjek
Türkmenistan – Owganystan – Pakistan (TOP) energiýa köprüsiniň taslamasy
barada hem agzaldy. Agzalan sebitiň wekilleri özleriniň çykyşlarynda hem bu
taslamanyň geljekki görkezijilerini belläp geçdiler. Ýeri gelende bellesek, 2024-nji
ýylyň sentýabr aýynda “Serhetabat” elektrik bekedinden Owganystanyň Hyrat
welaýatyndaky “Nur-el-Jahad” täze elektrik bekediniň işe girizilmegi türkmen
elektrik energiýasynyň goňşy ýurda iberilýän möçberini artdyrmaga ýardam berer.
Halkara maslahatyň netijeleri boýunça jemleýji resminama kabul edildi.
Şeýlelikde, paýtagtymyzda geçirilen forum Türkmenistanyň ählumumy
parahatçylygy hem-de durnukly ösüşini üpjün etmäge, sebitara we halkara
hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmäge gönükdirilen halkara başlangyçlarynyň
dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilýändiginiň aýdyň nusgasy boldy.
Döwletmyrat ARAZOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary
fakultetiniň II ýyl talyby.
Şeýle hem şu ýerden okap bilersiňiz: