817
Durnukly ösüş maksatlary boýunça okuw sapagy
2021-nji ýylyň 18-nji martynda Aşgabat şäheriniň 21-nji ýöriteleşdirilen terbiýeçilik-okuw mekdebinde Durnukly ösüş maksatlaryna bagyşlanan okuw sapagy guraldy. Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy-usulyýet merkezi tarapyndan gurnalan okuw sapagyna Durnukly ösüş maksatlarynyň ýaş ilçileri, şeýle hem bu mekdebiň okuwçylary gatnaşdylar.
Ýaş ilçiler tarapyndan alnyp barlan sapagyň barşynda howanyň üýtgemegine garşy göreşe gönükdirilen Durnukly ösüş maksatlarynyň 13-nji maksadyna aýratyn üns berildi. Okuw sapagynyň dowamynda 13-nji maksadyň iş ýüzünde amala aşyrylmagynyň ähmiýeti anyk mysallar arkaly açylyp görkezildi.
Hususan-da, sapakda ýaş ilçiler howanyň üýtgemegi we onuň netijeleri bilen göreşmek üçin gaýragoýulmasyz çäreleri görmegiň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde aýratyn möhüm ähmiýetlidigini nygtadylar. Sapagyň dowamynda bu ugur boýunça ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda alnyp barylýan ägirt uly işler dogrusynda anyk mysallar arkaly giňişleýin gürrüň edildi.
Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ýaş ilçileriň ukyplarynyň giňden açylmagy ugrunda döredip berýän ajaýyp mümkinçilikleri üçin hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini aýtdylar.
Arslankerim KERIMOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby,
Durnukly ösüş maksatlarynyň ýaş ilçisi