Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • “NIPPON” GAZNASYNYŇ KITAPLARYNYŇ GOWŞURYLYŞ DABARASY
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • Durnukly ösüş maksatlary boýunça geçirilen okuw sapagy
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Bildirişler / “Dünýäde parahatçylygy we howpsuzlygy gorap saklamakda halkara ynsanperwer hukugynyň ähmiýeti” atly ESSE (DÜZME) BÄSLEŞIGI
    “Dünýäde parahatçylygy we howpsuzlygy gorap saklamakda halkara ynsanperwer hukugynyň ähmiýeti” atly    ESSE (DÜZME) BÄSLEŞIGI surady
    03/02/2024

    3992

    “Dünýäde parahatçylygy we howpsuzlygy gorap saklamakda halkara ynsanperwer hukugynyň ähmiýeti” atly ESSE (DÜZME) BÄSLEŞIGI

    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty tarapyndan yglan edilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň (Türkmenistan, Gazagystan Respublikasy, Gyrgyz Respublikasy, Täjigistan Respublikasy, Özbegistan Respublikasy) ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň, magistrleriniň arasynda onlaýn görnüşde geçirilýän “Dünýäde parahatçylygy we howpsuzlygy gorap saklamakda halkara ynsanperwer hukugynyň ähmiýeti” atly ESSE (DÜZME) BÄSLEŞIGINIŇ DÜZGÜNNAMASY
    Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri hem umumadamzat bähbitli ynsanperwer syýasatydyr. Bütin dünýäde parahatçylygy we howpsuzlygy saklamakda Merkezi Aziýa döwletleriniň orny gün-günden barha güýçlenýär. Sebitiň döwletleriniň arasynda dostlugy, hoşniýetliligi, özara düşünişmegi, hyzmatdaşlygy ösdürmekde, sebitde parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmekde, ýurtlaryň syýasy, ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmakda, bilelikdäki bähbitlerini we başlangyçlaryny halkara giňişlikde ösdürmekde ägirt uly köpýyllyk netijeli işler alnyp barylýar. Türkmenistan sebit we halkara hyzmatdaşlyk meselelerine jogapkärli çemeleşmeleri görkezmek bilen, häzirki döwrüň wajyp wezipelerini işläp taýýarlamak boýunça tagallalary utgaşdyrmaga uly goşant goşýar. Şunuň bilen baglylykda, Merkezi Aziýa döwletleriniň howpsuzlygyň bitewüligi, onuň dürli ugurlarynyň bölünmezligi we özara baglanyşyklylygy ýörelgesine eýerip, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty Merkezi Aziýa ýurtlarynyň (Türkmenistan, Gazagystan Respublikasy, Gyrgyz Respublikasy, Täjigistan Respublikasy, Özbegistan Respublikasy) ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň, magistrantlarynyň arasynda “Dünýäde parahatçylygy we howpsuzlygy gorap saklamakda halkara ynsanperwer hukugynyň ähmiýeti” temasyna bagyşlanan esse (düzme) ýazmak bäsleşigini yglan edýär.
    Bäsleşigiň maksady: Halkara ynsanperwer hukugynyň binýatlaýyn ýörelgelerini öz içine alýan bilimleri ilat köpçüliginde giňden wagyz etmek we ýaýratmak.
    Esse (düzme) bäsleşigine hödürlemegiň we resmileşdirmegiň tertibi we talaplar.
    1. Esse (düzme) bäsleşigine diňe ýokary okuw mekdepleriniň talyplary we magistrleri gatnaşyp biler.
    2. Esse bäsleşigini ýokary guramaçylykly derejesinde geçirmek üçin guramaçylyk komiteti dörediler.
    3. Bäsleşige gatnaşyjylar özleri barada maglumatlaryny we işlerini degişli internet salga ugratmalydyrlar.
    4. Esse bäsleşigine diňe 1 (bir) awtordan ybarat bolan işler kabul edilýär. Köpçülikleýin, toparlaýyn işler kabul edilmeýär.
    5. Hödürlenýän işler esse bäsleşiginiň temasy bilen berk baglanyşykly bolmalydyr, ozal bäsleşige tabşyrylan işler bolmaly däldir.
    6. Esse bäsleşigine ýazyljak işler rus dilinde kabul edilýär.
    7. Esse bäsleşigine ýazylan işleri we maglumatlary 2024-nji ýylyň 15-nji apreline çenli hhkafedra@gmail.com e-poçta arkaly ibermeli.
    8. Bäsleşigiň netijeleri 2024-nji ýylyň 1-nji maýynda institutyň websaýtynda ýerleşdiriler. iirmfa.edu.tm
    9. Iň oňat ýazylan işleri kesgitlemekde Halkara ynsanperwer hukugyny bilmek, pikiriň özboluşlylygy, işleriň mazmunynyň bäsleşigiň görkezilen mowzugyna laýyklygy, esasy çeşme bilen işlemek we hilini beýan etmek ukyby göz öňünde tutular.
    10. Bäsleşige tabşyrylan işleri bahalandyrmak we jemlerini jemlemek Garaşsyz eminler topary tarapyndan amala aşyrylar.
    11. Bäsleşigiň ýeňijileri Diplomlar we ýadygärlik sowgatlar bilen sylaglanylar.
    12. Bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda 2024-nji ýylyň 8-nji maýynda geçiriler. Türkmenistandan başga gatnaşan döwletleriň ýeňijileri bäsleşigiň jemleýji tapgyryna onlaýn görnüşinde birigerler.
    13. Şeýle hem, bäsleşigiň ýeňijileriniň ýazan işlerini “Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy” ylmy-tejribe žurnalynda çap etmeklik göz öňüne tutulýar.
    Esse (düzme) bäsleşigindäki işler aşakdaky talaplara laýyk gelmelidir:
    • Esse (düzme) 1000 sözden köp bolmaly däldir;
    • Esse (düzme) tabşyryljak işiň teksti Times New Roman şrifti bilen ýazylmaly;
    • Awtoryň ady, familiýasy, wezipesi (dolulygyna) we ýurdy setiriň sag tarapy boýunça deňlemek bilen 14-lik şrifde goýygara bilen ýazmaly;
    • Essäniň (düzmäniň) ady baş harplar bilen setiriň merkezi boýunça deňlenilmeli we adaty 16-lyk şrifte goýygara görnüşinde ýazylmaly;
    • Essäniň (düzmäniň) galan bölegi ýazylmazdan ozal 1 setir goýbermeli;
    • Essäniň (düzmäniň) esasy mazmuny 14-lik ölçegde adaty şrift bilen ýazylmaly we setiriň ini boýunça deňlenilmeli. Setirleriň arasy 1,5 lik ölçegde bolmaly;
    • Sahypa ölçegi: ýokary we aşak tarapda – 2,0 sm, çep tarapda – 2,5 sm, sag tarapda – 1,5 sm bolmaly;
    • Esse (düzme) Word formatynda kabul edilýär (doc we docx giňeltmesi bilen).
    • Esse (düzme) kabul edilenden soňra awtor tarapyndan hödürlenilen düzedişler we goşundylar kabul edilmeýär we kabul edilen resminamalar yzyna gaýtarylmaýar.
    * Esse faýlynda ýazýanyň ady, familiýasy we ýurduny görkezmeli we “esse” diýen söz bolmaly. (mysal üçin: “Oraz Orazow, Türkmenistan, “esse”)
    * Maglumat faýlynda gatnaşyjynyň ady, familiýasy we ýurduny görkezmeli we “maglumat” diýen sözi bolmaly. (mysal üçin: “Oraz Orazow, Türkmenistan, “maglumat”)
    Bäsleşigiň möhletleri
    2024-nji ýylyň 15-nji apreli – esse işleri tabşyrmagyň iň soňky güni.
    2024-nji ýylyň 1-nji maýy – Institutyň web-saýtynda bäsleşigiň ýeňijileri barada maglumaty yglan etmek.
    2024-nji ýylyň 8-nji maýy – Bäsleşige gatnaşanlary we ýeňijileri sylaglamak dabarasy.
    Maglumat

    Ady, familiýasy, atasynyň ady                                                       
    Doglan güni, aýy we ýyly
    Ýaşaýan döwleti we şäheri
    Gatnaşyjynyň derejesi (talyp, magistrant)
    Okaýan kursy we ugry
    Okuw jaýy, fakulteti
    Elektron adresi

    Siz bäsleşik hakynda nireden maglumat aldyňyz?

    (hat üsti ýa-da internet saýtyň üsti bilen)



    https://education.gov.tm/news-details/407

    Soňky täzelikler

    II halkara bäsleşigine gatnaşyjylaryň MAKSATNAMASY surady

    06/05/2025

    II halkara bäsleşigine gatnaşyjylaryň MAKSATNAMASY
    II halkara bäsleşik surady

    28/04/2025

    II halkara bäsleşik
    ÜNS BERIŇ, BÄSLEŞIK! surady

    22/04/2025

    ÜNS BERIŇ, BÄSLEŞIK!
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI