30/11/-0001
638
Döwletliligiň goşa ganaty
«Garaşsyzlyk, Bitaraplyk - ösüşiň goşa ganaty» atly
çeper-publisistik makalalar bäsleşigine
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde şanly sene, ýagny Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramy ýetip gelýär. Pederlerimiziň arzuwlap ýetip bilmedik, emma nesilleriniň gazanmagy başaran Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzda adam, onuň ömri, jan saglygy, abadançylygy, her bir ynsanyň hukuklary we azatlyklary döwlet üçin baş gymmatlyk hasaplanýar. Garaşsyzlygymyzy alan gününden başlap, eziz Watanymyzyň ykdysady, syýasy we medeni-durmuş ugurlarynda gazanan üstünlikleri, ýeten belent sepgitleri, taryhy özgerişleri jemgyýetimiziň abadançylygyny üpjün etmäge, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny has-da şöhratlandyrmaga giň ýol açdy. 1991-nji ýylyň oktýabr aýynyñ 27-si eziz Diýarymyzyñ taryhyna altyn harplar bilen ýazylan gün boldy. Ata Watanymyz Türkmenistan mukaddes Garaşsyzlygyny eýe boldy. Bu bolsa ýurduň ösüşine daýanç nokadyny goýdy. Hut şol günden başlap, ýurdumyz ýagty geljege sary ädimme-ädim ägirt özgerişliklere ýetmegi başardy. Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzda durmuş ugurly bazar ykdysadyýetiniň milli nusgasyny kemala getirmek babatynda ägirt uly üstünlikler gazanyldy. Ýurdumyzda milli ykdysadyýetiň bu özboluşly nusgasy taryhy taýdan gysga möhletde kemala getirildi hem-de şol döwürde uzak möhletli geljekde düýpli döwletiň durnukly ösmegi üçin berk binýat döredildi we düýpli özgerişleriň netijesinde, milli hojalygyň pudaklaýyn gurluşy kämilleşdirildi. Bu gün ýurdumyzda ösen önümçilik düzümi, köpugurly ulag-kommunikasiýa ulgamy we adam maýasynyň ýokary derejesi bardyr.
Häzirki wagtda Türkmenistan döwrebap tehnikany we iň täze tehnologiýalary peýdalanmagyň, ykdysadyýetiň ähli pudaklaryny sanlylaşdyrmagyň, innowasion önümçilik düzümlerini döretmegiň, ýurduň dünýä ykdysady ulgamyna goşulyşmagyny çuňlaşdyrmagyň, halkara hyzmatdaşlygy giňeltmegiň hem-de maýa goýum işini işjeňleşdirmegiň esasynda, uzak möhletli geljek üçin durnukly ösüşiň berk binýadyny kemala getirmäge niýetlenen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlan täze ykdysady özgertmeleri durmuşa geçirilýär.
Milli ykdysadyýet baý tebigy, ykdysady, maýa goýum kuwwatyny peýdalanmak, döwletara hyzmatdaşlygy giňeltmek we özüniň daşary ykdysady mümkinçiligini ýokarlandyrmak bilen üstünlikli diwersifikasiýalaşdyrylýar.
Türkmenistan bazar gatnaşyklaryny ösdürmek ýoluna düşdi. Munuň özi ykdysady ösüşiň durmuşa gönükdirilen ugruny dowam etmek we ykdysadyýetiň pudaklarynda ekologiýanyň talaplaryny berk berjaý etmek, tebigy baýlyklary rejeli peýdalanmak hem-de milli howanyň üýtgemegine netijeli uýgunlaşmak bilen bilelikde alnyp barylýar.
Ýurdumyzda tapgyrlaýyn esasda giň we gerimli özgertmeler amala aşyrylýar, iri halkara we milli taslamalar durmuşa, geçirilýär, ýüzlerçe önümçilik we durmuş maksatly desgalar gurlup, ulanylmaga berildi.
Adamyň bähbitlerini goramak, ilatyñ ýaşaýyş derejesiniň dünýäniň ykdysady taýdan ösen ýurtlaryna laýyk gelýän ýokary görkezijilerini üpjün etmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän döwlet syýasatynda işler ileri tutulýan ugur bolmagynda galýar.
Häzirki wagtda ýurdumyz bu ýol bilen ynamly öňe barýar. Şu ýylda 26 ýyllygy bellenilýän hemişelik Bitaraplyga esaslanmak bilen, Türkmenistan ýyl-ýyldan özüniň önümçilik kuwwatyny artdyrýar. Munuň şeýledigini halkara maliýe edaralary, şol sanda Bütindünýä banky hem birnäçe gezek tassyklady. Bütindünýä bankynyň klassifikasiýasy boýunça Türkmenistan girdejisi orta derejeden ýokary bolan ýurtlaryň hataryna girdi. Durnukly ykdysady ösüşi gazanmak üçin Türkmenistanda ýurdy mundan beýläk hem ösdürmegiň döwlet maksatnamalary we meýilnamalary durmuşa geçirilýär. Şolaryň hatarynda «Türkmenistanyň durmuş ykdysady ösüşiniň 2011 – 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasyny», «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasyny» hem-de beýleki döwlet we pudaklaýyn maksatnamalary görkezmek bolar.
Ýurduň durnukly ösmeginde onuň maliýe-ykdysady ulgamy möhüm orun eýeleýär, bu ulgam pul dolanyşygynyň deňeçerligini üpjün etmäge, milli puluň satyn alyjylyk ukybyny saklamaga we döwletiň durnukly durmuş-ykdysady ösüşini gazanmaga gönükdirilendir. Döwlet Baştutanymyzyň görkezmelerine laýyklykda, maliýe-bank ulgamynda nagt däl hasaplaşyklar ulgamyny, hususan-da, ykdysadyýetiň dürli ulgamlarynda plastik kartlary giňden ulanmak, elektron resminamalar dolanyşygyny kämilleşdirmek boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar, Internet-banking hyzmatlary ösdürilýär, şolaryň netijesinde, hasaplaryň ýagdaýy we geçirilen bank amallary barada «müşderi-bank» ulgamy boýunça dessine habar bermek üçin uly mümkinçilikler berilýär.
Häzir dünýäde jemgyýetiň ähli ulgamlarynda sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy we peýdalanylmagy döwletiñ durnukly ösüşiniñ ileri tutulýan möhüm ugurlary hökmünde çykyş edýär. Türkmenistanda sanly jemgyýete geçmek «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda amala aşyrylýar.
Häzirki wagtda sanly ulgama çalt geçmek boýunça giň gerimli çäreleriň toplumy geçirilýär. Diýarymyzda sanly ykdysadyýetiň köp ugurlary hereket edýär. Nagt däl hasaplaşyklaryň we tölegleriň gerimini, bank kartlaryny, ulag hyzmatlaryny, saglygy goraýyş, bilim ulgamlaryny hem-de hyzmatlaryň beýleki görnüşlerini giňeldýän häzirki zaman serişdelerini ornaşdyrmak boýunça işler işjeň alnyp barylýar.
Milli ykdysadyýetimizde hem öňdebaryjy innowasion tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagy harytlaryň we hyzmatlaryň içerki bazaryny içerki bazarynyň gerimini Türkmenistanyň bank ulgamynda sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak we ilata sanly hyzmatlary etmek boýunça giň gerimli işler geçirilýär. Sanly ulgama geçmek müşderilere edilýän bank hyzmatlarynyň gerimini we milli töleg ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeltmäge, karz edaralarynyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga ýardam edýär.
Bu gün milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuş-ykdysady syýasatynyň ýene bir möhüm ugurlarynyň biri 2015-nji ýylyň sentýabr aýynda BMG-ä agza döwletleriň ählisi tarapyndan kabul edilen Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek bolup durýar. Munuň özi 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibiniň esasyny düzýär. Häzirki döwürde ýurdumyzda Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça tapgyrlaýyn işler alnyp barylýar. Türkmenistanyň bank ulgamynda sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak we ilata sanly hyzmatlary etmek boýunça giň gerimli işler geçirilýär.
Milli ykdysadyýetimiziň bu üstünlikleri we gazananlary hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän Bitaraplyk syýasaty bilen berk baglanyşyklydyr. Şeýle uly üstünliklere, rowaçlyklara beslenen eziz Diýarym Türkmenistan batly gadam bilen 2021-nji ýylda Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyny, Baky Bitaraplygymyzyň bolsa 26 ýyllygyny uly şowhun bilen ählihalk bolup belläp geçer.
Mähri HOJAÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.
Soňky täzelikler
23/11/2024
Ýaşlygyň uly serpaýy20/11/2024
BÜTINDÜNÝÄ ÇAGALAR GÜNI