30/11/-0001
453
DÖWLETLI IŞLERIŇ SERPAÝY
«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň her bir güni şanly wakalara, toýdur baýramlara beslenýär. «Döwlet diňe halky bilen döwletdir» diýýän Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda döwletimiz belent sepgitlere, üstünlikli menzillere gadam basýar. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan parahatçylyga, döredijilige, ösüşe gönükdirilen içeri we daşary syýasaty netijesinde ýurdumyzyň halkara arenada abraýy barha ilerleýär. Bilşimiz ýaly, türkmen halky dost-doganlykly gatnaşyklara hemişe ykrarly halk. Şan-şöhratly pederlerimiziň beýik ynsanperwer ýörelgeleri bu günki gün döwletimiziň alyp barýan oňyn daşary syýasatynyň özeni bolup durýar. 2022-nji ýylyň 18-nji maýynda Arkadagly Serdarymyzyň Russiýa Federasiýasynyň ýokary döwlet sylagy bolan «Dostluk» ordeni bilen, şeýle-de 2022-nji ýylyň 19-njy maýynda Gahryman Arkadagymyzyň Tatarystan Respublikasynyň ýokary döwlet sylagy bolan «Tatarystanyň öňünde bitiren hyzmatlary üçin» atly ordeni bilen sylaglanylmagy külli türkmen halkymyzyň ruhuny galkyndyrdy. Çünki bu sylaglar döwletimize we halkymyza goýulýan uly hormatyň, türkmen-rus dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň mizemezligini aýdyňlygy bilen görkezýär.
Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda döwletimizde alnyp barylýan düýpli özgertmeler netijesinde türkmen Bitaraplygynyň tebigaty, onuň syýasy, diplomatik, hukuk, ykdysady, durmuş, medeni-ynsanperwer jähtleri barha giňden açylýar. Döwletimiziň dünýäniň global gün tertibinde duran gaýragoýulmasyz meseleleriň çözülmegi ugrunda oňyn Bitaraplygyň mümkinçiliklerinden ugur alyp, teklip edýän halkara başlangyçlary dünýä bileleşiginiň yzygiderli goldawyna eýe bolýar. Birleşen Milletler Guramasynyň hut Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary esasynda durnukly energetika, ulag ulgamyny döretmek, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek, sagdyn durmuş ýörelgesi boýunça başlangyçlary goldamak hakyndaky kabul eden onlarça Kararnamalary döwletimiziň alyp barýan daşary syýasatynyň ýokary bahalandyrylmasydyr. Türkmenistanyň teklipleri esasynda her ýylyň 12-nji dekabrynyň «Halkara Bitaraplyk güni» diýlip jar edilmegi, şeýle hem 2021-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek hakyndaky BMG-niň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamalarynyň biragyzdan kabul edilmegi hem türkmen diplomatiýasynyň ýeten belent sepgitleriniň aýdyň nyşany. Gahryman Arkadagymyzyň halkara gatnaşyklarynda öňe süren «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly filosofiýasy bu günki gün özüniň ygtybarlygy bilen Ýer ýüzüniň halklary tarapyndan gyzgyn goldaw tapýar.
Şu ýyl şanly sene — Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy bellenilýär. Häzirki wagtda biziň döwletlerimiziň arasynda netijeli syýasy gatnaşyklar amala aşyrylýar, köptaraply hyzmatdaşlyk ösdürilýär. Parlamentara hyzmatdaşlyk işjeň dowam etdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, 2022-nji ýylyň 12-13-nji maýynda Aşgabatda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumynyň ähmiýeti uludyr. Bu forum kanun çykaryjy edaralaryň hyzmatdaşlygynyň täze, netijeli guralyny döretmegiň ýolunda möhüm wakalaryň biri boldy. Bu forumyň işine Russiýa Federasiýasynyň wekiliýeti işjeň gatnaşdy. Munuň özi döwrüň synagyndan geçen türkmen-rus gatnaşyklarynyň ýokary derejesiniň nobatdaky aýdyň subutnamasy bolup durýar.
Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynda soňky ýyllarda ikitaraplaýyn haryt dolanyşygy yzygiderli artýar. Türkmen-rus hyzmatdaşlygy nebitgaz we gazhimiýa ulgamlarynda, awtomobil senagatynda, gämi gurluşygynda, söwdada we beýleki pudaklarda üstünlikli ösdürilýär. Şunuň bilen birlikde, ulag-logistika ulgamynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge, bar bolan uly kuwwatdan has doly peýdalanmaga aýratyn üns berilýär. Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň iri sebitleriniň — Tatarystan Respublikasynyň, Astrahan we Swerdlowsk oblastlarynyň, Sankt-Peterburg şäheriniň, Russiýanyň beýleki sebitleriniň arasynda ýola goýlan gatnaşyklaryň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy üstünlikli ösdürilýär. Muňa mysal hökmünde 2022-nji ýylyň 19-njy maýynda Gahryman Arkadagymyzyň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna gulluk iş sapary mahalynda «Russiýa — yslam dünýäsi: KazanSummit 2022» XIII halkara ykdysady sammitine hormatly myhman hökmünde gatnaşandygyny bellemek bolar. Gahryman Arkadagymyzyň bu sammitde eden taryhy çykyşynda milli, sebit we dünýä ähmiýetli meseleler her taraplaýyn çuňňur seljerilip, adamzadyň röwşen geljegine hyzmat etjek parasatly pikirler öňe sürüldi. Çykyşda ynsan ýaşaýşynyň dürli ugurlary baradaky garaýyşlar öz beýanyny tapdy. Şol forumyň çäklerinde Gahryman Arkadagymyza ýokary döwlet sylagynyň gowşurylmagy bolsa dünýä ýüzünde, şol sanda Russiýa Federasiýasynda türkmen halkyna goýulýan uly hormatyň nyşanydyr.
Mähriban GANDYMOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymy.
Soňky täzelikler
23/11/2024
Ýaşlygyň uly serpaýy20/11/2024
BÜTINDÜNÝÄ ÇAGALAR GÜNI