30/11/-0001
434
Döwletara gatnaşyklaryň dostluk binýady
Üstümizdäki ýylda Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy bellenilýär. Häzirki wagtda biziň döwletlerimiziň arasynda netijeli syýasy gatnaşyklar amala aşyrylýar. Parlamentara hyzmatdaşlyk işjeň dowam etdirilýär.
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynda geçirilen «Russiýa — yslam dünýäsi: KazanSummit 2022» XIII halkara ykdysady sammitine gatnaşmagy, 2022-nji ýylyň 18-nji maýynda Arkadagly Serdarymyza Russiýa Federasiýasynyň ýokary döwlet sylagy bolan «Dostluk» ordeniniň gowşurylmagy, şeýle-de 2022-nji ýylyň 19-njy maýynda Gahryman Arkadagymyzyň Tatarystan Respublikasynyň ýokary döwlet sylagy bolan «Tatarystanyň öňünde bitiren hyzmatlary üçin» atly ordeni bilen sylaglanylmagy türkmen-rus dostlukly gatnaşyklarynyň mizemezliginiň aýratyn buýsançly tassyknamasy boldy. Golaýda Aşgabatda Türkmenistanyň başlangyjy esasynda geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumynyň ähmiýeti hem aýratyn bellärliklidir.
Türkmen-rus hyzmatdaşlygy giň ugurlary öz içine almak bilen, söwda-ykdysady, nebitgaz we gazhimiýa ulgamlarynda, awtomobil senagatynda, gämi gurluşygynda, söwdada we beýleki pudaklarda üstünlikli ösdürilýär. Ynsanperwer ugurda — bilim, ylym we medeniýet ulgamlarynda däp bolan türkmen-rus gatnaşyklaryň berkidilmegine hem uly ähmiýet berilýär hem-de yzygiderli, uzakmöhletleýin esasda amala aşyrylýar. Häzirki wagta çenli iki ýurduň arasynda hyzmatdaşlygyň ygtybarly şertnama-hukuk binýady kemala getirilip, özara hereketleriň giň toplumyny öz içine alýan ylalaşyklaryň 100-den gowragyna gol çekildi.
Türkmenistan ylym-bilim kuwwatyny parahatçylygy we dostlugy pugtalandyrmaga gönükdirip, halkara guramalary, daşary ýurtlaryň bilim, ylym merkezleri bilen ylmy, tehniki, innowasion-tehnologiki hyzmatdaşlygy yzygiderli berkidýär. Aşgabatda hereket edýän A.S.Puşkin adyndaky umumy orta bilim berýän bilelikdäki türkmen-rus mekdebi hem-de ýokary bilim babatda ýola goýulýan netijeli gatnaşyklar munuň aýdyň subutnamasydyr.
Türkmenistanyň we Russiýanyň esasy ýokary okuw mekdepleriniň we ylym merkezleriniň birnäçesiniň arasynda hyzmatdaşlyk hakynda baglaşylan netijeli ikitaraplaýyn gatnaşyklary has-da giňeltmäge gönükdirilen resminamalaryň hatarynda 2017-nji ýylyň 2-nji oktýabrynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrliginiň Moskwa döwlet halkara gatnaşyklary uniwersitetiniň arasyndaky Ylalaşygy mysal getirmek bolar. Bu resminama ady agzalan ugurdaş bilim ojaklarynyň arasynda özara tejribe alyşmaga we hyzmatdaşlygy ýola goýmaga uly mümkinçilikleri açdy. Gol çekilen Ylalaşygyň çäklerinde halkaraçy hünärmenleri taýýarlamakda okuw maglumatlarynyň alyş-çalşygy, özara tejribe alyşmak işi üstünlikli amala aşyrylýar. Şeýle-de ylmy işleri geçirmek, bilelikdäki bilim maksatnamalaryny we taslamalaryny döretmek üçin uly mümkinçilikler açylýar.
Iki halkyň ysnyşykly gatnaşyklaryny ösdürmekde, olary özara baýlaşdyrmakda ýurdumyzda alnyp barylýan dil syýasatynyň hem aýratyn ähmiýeti bardyr. Ýurdumyzyň bilim ojaklarynda esasy daşary ýurt dilleriniň hatarynda Birleşen Milletler Guramasynyň resmi dilleriniň biri bolan rus diliniň okuw dersi hökmünde girizilmegi munuň aýdyň mysalydyr.
Özara diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy bellenilýän «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda Arkadagly Serdarymyzyň Russiýa Federasiýasyna amala aşyrýan ilkinji resmi sapary hem türkmen-rus gatnaşyklarynyň köpasyrlyk taryhynda täze tapgyryň badalgasy bolar.
Tylla BABAÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymy.