
9
DOSTLUK, YNANYŞMAK, NETIJELILIK bilelikde ahlumumy abadançylygyň bähbidine
Abraýly halkara guramalar bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan we häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda yzygiderli durmuşa geçirilýän Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Ýewropa Bileleşigi bilen däp bolan gatnaşyklar hem munuň şeýledigine şaýatlyk edýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň 3-4-nji aprelde Özbegistan Respublikasyna iş saparyny amala aşyryp, «Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» görnüşindäki birinji sammite gatnaşmagy taryhy ähmiýete eýedir.
Mälim bolşy ýaly, Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlyk 1993-nji ýylda ýola goýlup, geçen döwürde dürli ugurlarda — syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda özara gatnaşyklaryň oňyn tejribesi toplandy. Ýurdumyz bilen ÝB-niň arasyndaky däp bolan dostlukly dialog özara ynanyşmak, açyklyk ýörelgeleri esasynda üstünlikli ösdürilýär. Şunuň bilen baglylykda, gadymy Samarkant şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» formatyndaky birinji sammit sebitara dialogyň işjeňleşdirilmegi babatda möhüm ähmiýete eýedir. Bu forum sebitiň ösüşine, Ýewropa Bileleşigi bilen gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam berip, öz netijeliligini görkezdi.
Sammitde hormatly Prezidentimiziň çykyş edip, häzirki döwrüň möhüm meseleleri boýunça ýurdumyzyň ileri tutýan garaýyşlaryny beýan etmegi dünýä jemgyýetçiliginde giň goldaw tapdy. Döwlet Baştutanymyz sebit parahatçylygy, ykdysadyýetde we maýa goýumlarda, energetika, ulag, söwda pudaklarynda hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri barada durup geçmek bilen: «Biz häzirki şertlerde Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky syýasy-diplomatik hyzmatdaşlyk sebitdäki we goňşy ýurtlardaky umumy ýagdaýlara netijeli täsir etmäge ukyply diýip pikir edýäris» diýip belledi. Şunda Arkadagly Gahryman Serdarymyz Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 21-nji martda 67 döwletiň awtordaşlygynda «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamany biragyzdan kabul edendigine aýratyn ünsi çekdi.
Hormatly Prezidentimiz Samarkantda bolmagynyň çäklerinde «Merkezi Aziýa ählumumy howa meseleleriniň öňünde: bilelikdäki abadançylyk üçin jebislik» atly halkara foruma hem gatnaşdy. Döwlet Baştutanymyzyň halkara klimat forumynda eden çuň manyly çykyşy «Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» formatynyň çäginde howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleleriň oňyn çözgüdini tapmakda, bu babatda täze başlangyçlary ilerletmekde ýokary ähmiýetliligi bilen tapawutlandy. Şunuň bilen baglylykda, Arkadagly Gahryman Serdarymyz sebitiň ýurtlarynyň Ýewropa Bileleşigini howa gün tertibiniň meseleleri babatda geljegi uly hyzmatdaş hasaplaýandygyny belledi. Kömürturşy gazyny we metan zyňyndylaryny azaltmak bolsa bu ugurda iň möhüm meseleleriň biridir. Şunda soňky ýyllarda Türkmenistanda bu babatda amala aşyrylan işler anyk mysallar arkaly beýan edildi.
Halkara gatnaşyklarynda bir maksatdan ugur alyp, anyk netije gazanmak üçin agzybirlik, düşünişmek, jebislikde iş alyp barmak, ýurtlaryň ählisiniň bähbidini deň tutmak ýaly ýörelgelere möhüm orun degişlidir. Milli Liderimiziň tagallasy bilen öňe sürlen «Dialog — parahatçylygyň kepili» hem-de «Ösüş arkaly parahatçylyk» atly ählumumy başlangyjyň özenini hem hut şu ýörelgeler düzýär. Munuň özi gönüden-göni Bitaraplygyň türkmen nusgasynyň mazmuny bilen gabat gelýär. Şeýlelikde, Bitaraplyk ýörelgämizden ugur alýan daşary syýasy gatnaşyklarda ýurdumyz sebit meselelerine oýlanyşykly çemeleşmek bilen, üçünji müňýyllykda parahatçylyk taglymatynyň çuňlaşmagyna oňyn täsir edýär. Bu bolsa Merkezi Aziýanyň diňe yklymda däl, eýsem, dünýä derejesindäki işlerde-de eýeleýän ähmiýetli ornuny aýdyň ýüze çykarýar.
Goý, dünýäde ählumumy abadançylygyň, parahatçylygyň berkarar bolmagynyň hatyrasyna parasatly başlangyçlary öňe sürýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de türkmen diplomatiýasyny ýeňişli menzillerde öňe alyp barýan hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman bolsun!
Begmyrat ATAÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymy.
Çeşme: «Nesil» gazeti, 12.03.2025 ý.
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/7/articles/189291