23/08/2024
682
Doganlyk. dostluk. ynanyşmak
Taryhdan bilşimiz ýaly, amatly geoykdysady ýerleşişi bilen tapawutlanýan Merkezi Aziýanyň ägirt uly mümkinçilikleri gadymy Beýik Ýüpek ýolunyň üsti bilen açylypdyr. Bu sebit Ýewropa bilen Aziýanyň arasynda özboluşly «köpri» bolup gelýär. Şonuň üçin-de sebitiň ýurtlarynyň özara hyzmatdaşlygyny ösdürmek hem-de işjeňleşdirmek häzirki günüň wajyp wezipesidir. Şu nukdaýnazardan, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 2024-nji ýylyň 9-njy awgustynda Gazagystan Respublikasynyň Astana şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň altynjy konsultatiw duşuşygyna gatnaşyp, taryhy çykyş etmegi sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmekde möhüm çemeleşmedir.
Häzirki wagtda Merkezi Aziýa döwletleriniň arasyndaky gatnaşyklar barha ýygjamlaşýar. Bu iri sebiti örän güýçli we çalt depginler bilen ösýän, şonuň ýaly-da geljegi uly ykdysady sebitlere goşmaga ähli mümkinçiliklerdir artykmaçlyklar bar. Aslynda, Türkmenistanyň başlangyjy bilen Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň döredilmegi şu taryhy jähetden ugur alypdy. Dostlukly ýurtlaryň Baştutanlary bu formatyň çäginde 2018-nji ýylda Astanada, 2019-njy ýylda Daşkentde, 2021-nji ýylda Türkmenbaşyda, 2022-nji ýylda Çolpon-Atada, 2023-nji ýylda-da Duşenbede duşuşypdylar. Şol sammitler konsultatiw duşuşyklaryň öz wagtynda öňe sürlen başlangyçdygyny, sebitiň ösüşine goşmaça itergi bermekde derwaýys ähmiýete eýe bolandygyny aýdyň görkezdi. Geçen bäş ýylda olaryň çäginde teklipdir başlangyçlaryň 100-den gowragynyň öňe sürlüp, köpüsiniň eýýäm durmuşa geçirilip başlanandygy-da muny doly subut edýär.
Türkmenistan halklaryň bähbitlerine dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk ýagdaýyny saklamagyň we netijeli sebit hyzmatdaşlygynyň kepili boljak döwletara gural hökmünde Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň formatyna örän möhüm ähmiýet berýär. Bu iri forumyň 2024-nji ýylyň 9-njy awgustynda Gazagystan Respublikasynyň Astana şäherinde geçirilen nobatdaky duşuşygynyň barşynda hem hormatly Prezidentimiz tarapyndan döwletlerimiziň arasynda syýasy gatnaşyklary pugtalandyrmak, durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmek, ynsanperwer gatnaşyklary çuňlaşdyrmak hem-de sebit howpsuzlygynyň wehimlerine we howplaryna garşy bilelikde garşy durmak bilen bagly birnäçe teklipler beýan edildi. Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşyklary, hususan-da, 2024-nji ýylyň 9-njy awgustyndaky Astana duşuşygy, onda hormatly Prezidentimiz tarapyndan öňe sürlen pikir-garaýyşlar çuňňur ähmiýete eýedir. Munuň özi dostlukly döwletleriň arasynda ileri tutulýan ugurlar boýunça özara gatnaşyklary, netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmäge ýardam eder. Bu sammit, gürrüňsiz, Merkezi Aziýa döwletleriniň hyzmatdaşlygyna kuwwatly itergi berer, gazanylan ylalaşyklar bolsa bäş döwletiň arasyndaky gatnaşyklaryň esasyny berkider.
Gazagystan Respublikasyna iş saparynyň barşynda döwlet Baştutanymyz dostlukly ýurduň Lideri Kasym-Žomart Tokaýew, şeýle hem Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşyklary geçirdi. Olarda köpugurly döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmak, sebitiň ykdysady ösüşini ilerletmek ýaly meseleler dogrusynda pikir alşyldy.
Jahantäç ÖWEZOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.