Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • “NIPPON” GAZNASYNYŇ KITAPLARYNYŇ GOWŞURYLYŞ DABARASY
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • Durnukly ösüş maksatlary boýunça geçirilen okuw sapagy
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Makalalar / Diplomatiýada halypa-şägirt gatnaşyklary
    Diplomatiýada halypa-şägirt gatnaşyklary surady
    30/04/2024

    920

    Diplomatiýada halypa-şägirt gatnaşyklary

    Halypalar barada gürrüň edilende belli sowet-rus diplomaty Ý.M.Woronsow barada hem bir-iki agyz söz aýdyp geçeýin. Ýuliý Mihaýlowiç 1929-njy ýylda harby deňizçiniň maşgalasynda doglupdyr we 1952-nji ýylda ol SSSR-iň DIM-niň halkara gatnaşyklary boýunça Moskwanyň döwlet institutyny gutarýar. Bu görnükli diplomat BMG-niň ýanynda SSSR-iň Hemişelik wekili, SSSR-iň Hindistandaky, Fransiýadaky, Owganystandaky we ABŞ-daky Ilçisi wezipelerde işledi. Meniň we Ýuliý Mihaýlowiçiň özara tanyşlygymyzyň başlanmagy we dostlugymyzyň, işewür gatnaşyklarymyzyň pugtalanmagy barada aýtsam, onda muňa bir näçe wakalar sebäp boldy.
    80-nji ýyllarda Owganystandaky ýagdaýy syýasy taýdan kadalaşdyrmak, owgan halkynyň durmuş şertlerini gowulandyrmak boýunça Türkmenistanyň we Owganystanyň käbir welaýatlarynyň arasynda göni aragatnaşyklar ýola goýuldy we ösdürilip başlandy. Muňa 1987-nji ýylyň iýun-awgust aýlarynda Türkmenistanyň Aşgabat, Mary, Çärjew oblastlarynyň we Owganystanyň üç sany serhede ýakyn welaýatlarynyň — Hyradyň, Bathyzyň we Farabyň arasynda, şeýle hem Aşgabadyň we Hyradyň arasynda dostluk we hyzmatdaşlyk hakyndaky şertnamalara gol çekilmegi uly ýardam etdi. Bu şertnamanyň durmuşa geçirilmegi ozaldan gelýän ikitaraplaýyn gatnaşyklary göni şeflik gatnaşyklarynyň derejesine çykardy. Türkmenistanyň Owganystanyň ýokarda agzalan welaýatlary bilen şeflik gatnaşyklaryny ösdürmek boýunça işini utgaşdyrmak hem meniň ýolbaşçylyk eden Türkmenistanyň DIM-ne tabşyryldy.
    1988-nji ýylda SSSR-iň daşary işler ministriniň birinji orunbasarynyň derejesinde Ý.M.Woronsowyň SSSR-iň Owganystandaky Ilçihanasyna ýolbaşçylyk edip başlamagy bilen, bu Ilçihananyň we Türkmenistanyň DIM-niň Owganystanyň demirgazyk welaýatlary bilen şeflik gatnaşyklaryny ösdürmek boýunça bilelikdäki tagallalary has-da netijeli häsiýete eýe boldy.
    1990 — 1994-nji ýyllarda Ý.Mihaýlowiç SSSR-iň, soňra bolsa Russiýa Federasiýasynyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekili wezipesinde işledi. 1990-njy ýylda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 45-nji mejlisi bolup geçdi we maňa SSSR-iň wekiliýetiniň agzasy hökmünde şol mejlisiň işine gatnaşmak miýesser boldy. Bilelikdäki diplomatik iş biziň aramyzdaky dostlukly, işewür gatnaşyklarymyzy has-da ysnyşykly etdi.
    1991-nji ýylyň güýzünde SSSR-iň synmagy bilen, Türkmenistan öz mukaddes özbaşdaklygyna eýe boldy, 1992-nji ýylyň 2-nji martynda bolsa Türkmenistan özbaşdak döwlet hökmünde BMG-niň agzalygyna kabul edildi. Türkmenistanyň BMG-niň agzalygyna kabul edilmegi bilen baglylykda, maňa BMG-niň BA-nyň 46-njy mejlisinde Türkmenistanyň wekiliýetine ýolbaşçylyk etmek, soňra bolsa Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda, Ilçi derejesinde Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky ilkinji Hemişelik wekiliniň wezipesine bellenmek miýesser boldy. Şol döwürden başlap, iki özbaşdak, dostlukly ýurtlaryň — Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekilleriniň we Hemişelik wekilhanalarynyň arasyndaky dostlukly, doganlyk gatnaşyklar has-da ysnyşykly häsiýete eýe boldy.
    Ýuliý Mihaýlowiç bilen ençeme ýyllaryň dowamynda bir ulgamda, ýagny SSSR-iň Daşary işler ministrliginiň ulgamynda bile işlemek bilen, maňa onuň ýokary ussatlygyna, gepleşikleri alyp barmak usulyna baha bermek mümkinçiligi az bolmandy. Onuň ýumşak tutanýerliligi diňe doly ynandyryjy deliller bilen razylaşardy. Men Ý.M.Woronsowyň diplomatiýanyň käbir düýpli meseleleri boýunça maňa beren peýdaly maslahatlaryny hoşallyk bilen ýatlaýaryn. Ýuliý Mihaýlowiç diýseň sada, pähimli adamdy we men oňa hemişe uly hormat goýardym. Şol bir wagtyň özünde, muny meniň hem her ädimde duýşum ýaly, (bu barada maňa Ý.M.Woronsowyň ýolbaşçylygynda işlän ençeme diplomatlaryndan hem eşitmek miýesser bolupdy), bu ýaşuly kärdeş halypam hem maňa aýratyn hormat goýardy.
    Indi öz şägirtlerim barada gysgaça durup geçsem, onda men özümiň şägirtlerim diýip meniň gönüden-göni ýolbaşçylygymda diplomatyň hünärini özleşdiren ýaş diplomatlary, şeýle hem meniň mysalymda özleriniň hünär endiklerini kämilleşdiren diplomatlary göz öňünde tutýaryn. Şu günki gün olar ýüzlerçe.
    Şägirtlerimiň arasynda Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçi wezipesine we derejesine ýetenler-de, ylymlaryň kandidaty we doktory ýaly alymlyk derejelerini alanlar hem az däl. 2010-njy ýylyň 24-nji dekabrynda Türkmenistanyň DIM-niň HGI-niň mejlisler zalynda TDIM-niň umumy ýygnagy bolup geçdi we oňa HGI-niň mugallymlary we talyplary, ministrligiň işgärleri, şeýle hem Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň we konsulluk edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Mejlise gatnaşanlaryň ählisiniň teklibi boýunça A.Rahmanow «HGI-niň talyplarynyň we mugallymlarynyň, ähli türkmen diplomatlarynyň Halypasy» diýlip yglan edildi. Elbetde, ýurdumyzyň diplomatlarynyň we diplomatiýa hünärini saýlan ýaşlaryň bu kararyny özüme bildirilen örän ýokary hormat, şol bir wagtyň özünde hem goşmaça borç hökmünde kabul etdim.

    Amangeldi RAHMANOW,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasynyň müdiri,
    Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi,
    «Türkmenistanyň ussat diplomaty» nyşanynyň eýesi, professor, taryh ylymlarynyň doktory, filosofiýa ylymlarynyň kandidaty.

    https://iirmfa.edu.tm/tm/gazet/yas-diplomatyn-sesi-internet-gazeti-12-95_1409

    Soňky täzelikler

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik surady

    05/06/2025

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik
    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI surady

    05/06/2025

    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI
    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ  СЛОВО surady

    05/06/2025

    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ СЛОВО
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI