358
“Dil – hoşniýetli gatnaşyklaryň möhüm serişdesi” atly halkara okuw–usuly maslahaty geçirildi
2025-nji ýylyň 28-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasyna agza bolmagynyň 33 ýyllygy, hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli sanly ulgam arkaly «Dil - hoşniýetli gatnaşyklaryň möhüm serişdesi» atly halkara okuw-usuly maslahaty geçirildi. Maslahata ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň hem-de daşary ýurt ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary gatnaşdylar.
Maslahatyň dowamynda mugallymlar daşary ýurt dillerini öwrenmegiň ähmiýeti, ony öwretmegiň döwrebap usullary, şeýle hem olaryň halkara gatnaşyklarynda möhüm hyzmaty barada çykyş edip, bu ugurda özara tejribe alyşdylar. Bu dabaraly çäre ýurdumyzyň we ABŞ-nyň, Azerbeýjan Respublikasynyň, Bahreýn Patyşalygynyň, Ermenistan Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Koreýa Respublikasynyň, Pakistan Yslam Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň, Rumyniýanyň, Wengriýa Respublikasynyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlaryny bir ýere jemläp, olara özara pikir alyşmaklary üçin uly mümkinçilikler döretdi.
«Dil - hoşniýetli gatnaşyklaryň möhüm serişdesi» atly halkara okuw-usuly maslahatynyň netijeleri daşary ýurt dilleriniň okadylyşyny kämilleşdirmäge we dünýä ylmynda işlenip taýýarlanylan täze usullary iş ýüzünde ulanmaga öz täsirini ýetirer. Mugallymlaryň daşary ýurt dillerini öwretmegiň tärlerini we usullaryny ulanmaklaryna, özara tejribe alyşmak arkaly dil öwretmekde başarnyklaryny ösdürmäge, öwredilýän daşary ýurt dili sapaklarynyň hilini gowulandyrmaga, şeýle hem okatmagyň usulyýetini guramaçylyk-usuly, innowasion-pedagogik, okuw-usulyýet nukdaýnazardan has-da kämilleşdirmäge itergi berer.
Maslahatyň ahyrynda «Dil - hoşniýetli gatnaşyklaryň möhüm serişdesi» atly halkara okuw-usuly maslahatyna gatnaşyjylaryň adyndan Hormatly Prezidentimize Ýüzlenme kabul edildi.
Maýa ATAJANOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Dünýä dilleri kafedrasynyň uly mugallymy.
Bu barada şu ýerden hem okap bilersiňiz:
https://ashgabat.in/2025/02/28/dil-%e2%80%95-hosniyetli-gatnasyklaryn-mohum-serisdesi/