12/06/2022
1081
“Dialog – parahatçylygyň kepili. Halkara gatnaşyklaryň täze filosofiýasy” atly halkara bäsleşigi
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty
“Dialog – parahatçylygyň kepili. Halkara gatnaşyklaryň täze filosofiýasy” atly
halkara bäsleşigiň
DÜZGÜNNAMASY
2021-nji ýylyň 11-nji dekabrynda Aşgabatda "Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty – halkara howpsuzlygynyň, durnuklylygyň we ösüşiň binýady" atly halkara maslahaty geçirildi. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumynda Türkmenistanyň Prezidenti parahatçylygy, howpsuzlygy hem-de durnuklylygy pugtalandyrmak, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça bilelikdäki işler boýunça halkara gatnaşyklarynda täze filosofiýasyny ilerletmek babatda möhüm başlangyç bilen çykyş etdi. Milli Liderimiz bu filosofiýany "Dialog – parahatçylygyň kepili" diýip atlandyrdy. Bu başlangyç halkara bileleşiginiň dünýäniň halklarynyň parahatçylykly we ynanyşmak esasynda ýaşaşmagynyň däplerini pugtalandyrmak, halkara gatnaşyklarda parahatçylyk we ynanyşmak medeniýetiniň ählumumy berkarar bolmagy ugrundaky tagallalarynyň birleşdirilmegini maksat edinýär.
Parahatçylygyň we ynanyşmagyň medeniýetini ilerletmekde, jedelleri parahatçylyk ýoly bilen kadalaşdyrmakda, gapma-garşylyklaryň öňüni almakda we kadalaşdyrmakda bitarap döwletleriň mümkinçiliklerinden doly derejede peýdalanmak foruma gatnaşyjylar tarapyndan maslahat berildi.
Şeýlelikde, ýaşlaryň parahatçylyk, ynanyşmak, habarlylyk, açyklyk, inklýuziwlik we özara hormatlamak ýaly gymmatlyklara düşünmegini çuňlaşdyrmak maksady bilen, olaryň parahatçylygyň medeniýetini höweslendirmäge gatnaşmagyny üpjün etmek üçin degişli gurallaryň döredilmeginiň zerurlygyndan ugur alyp, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty “Dialog – parahatçylygyň kepili. Halkara gatnaşyklaryň täze filosofiýasy” atly ýurdumyzyň we GDA agza döwletleriniň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan talyplaryň, magistrleriň, aspirantlaryň, ýaş mugallymlaryň arasynda halkara bäsleşigini yglan edýär.
I. Umumy düzgünler
Şu Düzgünnama bäsleşigiň maksatlaryny, wezipelerini, geçirmegiň tertibini we şertlerini kesgitleýär.
Bäsleşigiň esasy maksady:
Üçünji müňýyllygyň täze geosyýasy şertlerinde, özi-de dünýäde harbystrategik bäsdeşligiň ýitileşýän, gapma-garşylyklaryň geriminiň giňeýän we güýçlenýän, şonuň netijesinde dünýädäki wakalaryň öňünden kesgitläp bolmaýan, has durnuksyz häsiýete eýe bolýan, ahyrynda ösüşiň umumy wezipelerini çözmegi, ýagny ählumumy durnuklylygy, ýaragsyzlanmagy, ekologik meýilnamalary amala aşyrmagy örän kynlaşdyrýan ýagdaýynda halkara gatnaşyklara täze filosofiýany dünýä ýaýmakdan;
Ýaşlaryň umumadamzat meselelerini agzybirlikde, BMG-niň ähli agzalarynyň gatnaşmagynda çözmek üçin, ilkinji nobatda, birek-birege ynanyşmak medeniýetini gaýtadan dikeltmek zerurlygyna düşünmeklerini gazanmakdan;
Ähli döwletleriň ykrar edilen halkara hukuk kadalaryna eýermeklerini, özara gatnaşyklar medeniýetini ykrar etmegini gazanmakdan;
Diňe bir milli derejede däl, eýsem, parahatçylyga öz goşandyny goşmak isleýän beýleki döwletleriň hem diplomatik däpleriniň mümkinçiliklerini parahatçylyk medeniýetine bolan ymtylyş bilen baýlaşdyrmakdan;
Halkara gatnaşyklar babatdaky binýatlyk esaslara täzeçe garaýyşlary girizmekden;
Ýaşlaryň aňyna ynsanyň öz döredýän kynçylyklaryny ýeňip geçmek boýunça pikirleri ornaşdyrmakdan;
Halkara ylmy we medeni gatnaşyklary giňeltmekden ybaratdyr.
II. Bäsleşigiň geçiş tertibi:
Bu bäsleşige ýurdumyzyň we GDA agza döwletleriniň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan talyplary, magistrleri, ýaşy 30-dan uly bolmadyk ýaş mugallymlary, aspirantlary, ylmy işgärleri özüniň ýa-da awtordaşlykda ýazan, öň hiç ýerde çap edilmedik türkmen, rus, iňlis dillerindäki ylmy makalalary bilen gatnaşyp bilerler.
Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýänler ylmy makalalaryny 2022-nji ýylyň 1-nji sentýabryna çenli hgi.hgddek@online.tm elektron salga ugratmaly.
Makalalar 5-10 sahypa aralygynda, Times new roman şriftinde, 1,5 interwalda, 14-lik şriftde bolmaly.
Bäsleşigiň geçişi baradaky ähli maglumatlar Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň web-saýtynda (www.iirmfa.edu.tm) hem-de sanly bilim portalynda (iirmfa.nesil.edu.tm) ýerleşdiriler.
Bäsleşigiň ýeňijileri guramaçylyk topary tarapyndan kesgitlenen emin agzalarynyň gelen kararlary esasynda kesgitlenýär.
Ylmy makalalaryň bäsleşiginde 3 sany baýrakly orun kesgitlenip, ýeňijiler Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Hormat haty bilen sylaglanar.
Ýeňijileriň ylmy makalalary “Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy” žurnalynda çap etmeklik üçin Türkmenistanyň Daşary işler ministrligine hödürleniler. Bäsleşige hödürlenen makalalar HGI-niň web-saýtynda (www.iirmfa.edu.tm) hem-de sanly bilim portalynda (iirmfa.nesil.edu.tm) ýerleşdiriler.
Bäsleşigiň ýeňijileri (I, II, III orunlar) 2022-nji ýylyň 1-nji oktýabrynda dabaraly sylaglanarlar.