30/11/-0001
882
«Dialog – parahatçylygyň kepili» atly onlaýn maslahat geçirildi
2022-nji ýylyň 22-nji fewralynda «Dialog – parahatçylygyň kepili» atly onlaýn maslahat geçirildi. Bu maslahata ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň jogapkär sekretary Çynar Rüstemowa, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy Ýazmuhammet Öwezberdiýew, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň başlygy, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň başlygy Akjemal Durdyýewa, Türkmenistanyň Parahatçylyk gaznasynyň müdiriýetiniň başlygy Maýsa Saryýewa, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Maddy däl medeni miras müdirliginiň başlygy Gözel Magtymgulyýewa, Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň Garaşsyzlyk Türkmenistanyň taryhy bölüminiň müdiri Kakabaý Amanmyradow, şeýle hem Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň we beýleki ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýaşlary gatnaşdy.
«Dialog – parahatçylygyň kepili» atly maslahatda çykyş edenler Hormatly Prezidentimiziň çuňňur akyl-paýhasyndan kemala gelen «Dialog – parahatçylygyň kepili» atly täze pelsepesiniň ähmiýetini, onuň dünýäniň asudalygyny, ösüşini üpjün etmekdäki mizemez ornuny giňişleýin açyp görkezdiler. Türkmenistanyň alyp barýan oňyn Bitaraplyk, parahatsöýüjilik, ynsanperwerlik syýasatynyň dünýäde giňden goldanýandygyny maslahata gatnaşyjylar aýratyn bellediler.
Ýurdumyz BMG we onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär. Bu ugurda Türkmenistanyň ÝUNESKO bilen netijeli gatnaşyklaryny aýratyn bellemek bolar. Ýaňy-ýakynda «Dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň» ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizilmegi ýurdumyzyň abraýynyň dünýä bileleşiginde has-da beýgelýändigini görkezýär.
Maslahatyň ahyrynda maslahata gatnaşyjylar Hormatly Prezidentimize ýurdumyzy ösdürmekde, milli diplomatiýamyzyň dünýä ýüzünde abraýyny ýokary galdyrmak babatda edýän aladalary üçin alkyş sözlerini aýtdylar.
Nurmyrat AZADOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara hukugy fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.