10/02/2022
895
“Dialog —parahatçylygyň kepili” atly “Breýn-Ring” bäsleşigi
Türkmenistanyň Diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli Daşary
işler ministrligi, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty,
Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti bilen bilelikde Halkara gatnaşyklary institutynyň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň hem-de Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyplaryndan düzülen toparlaryň arasynda yglan edilen “Dialog —parahatçylygyň kepili” atly “Breýn-Ring” bäsleşiginiň
DÜZGÜNNAMASY
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen tassyklanan Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny durmuşa ornaşdyrmagyň Meýilnamalaryny ýerine ýetirmek, «Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2017-2023-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynyň» geosyýasy we geoykdysady, hukuk, medeni-gumanitar ugurlaryny ylmy taýdan öwrenmek, ýurdumyzyň alyp barýan daşary syýasatynda döwletara gatnaşyklaryny giňeltmeklige we çuňlaşdyrmaklyga aýratyn ähmiýet bermek, Türkmenistan döwletimiziň parahatçylyk söýüjilige, hoşniýetli goňşuçylyga esaslanan ynsanperwer daşary syýasatyny amala aşyrmak, häzirki zaman tehnologiýalary ulanmak arkaly döredijilige bolan gyzyklanmany döretmek, zehinli we ukyply ýaşlary ýüze çykarmak, olaryň ylmy-intellektual derejelerini ýokarlandyrmak maksady bilen, şeýle hem, Türkmenistanyň Diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli Daşary işler ministrligi, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti bilen bilelikde Halkara gatnaşyklary institutynyň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň hem-de Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyplaryndan düzülen toparlaryň arasynda “Dialog — parahatçylygyň kepili” atly “Breýn-Ring” bäsleşigini yglan edýär.
Umumy düzgünler
Şu Düzgünnama “Breýn-Ring” bäsleşiginiň maksatlaryny, wezipelerini, geçirmegiň tertibini we şertlerini kesgitleýär.
Bäsleşigiň esasy maksady:
Türkmenistanyň milli diplomatik ýörelgesi bolan parahatsöýüji ynsanperwer syýasatyny wagyz etmekden;
Üçünji müňýyllygyň täze geosyýasy şertlerinde, dünýäde harby-strategik bäsdeşligiň ýitileşýän, gapma-garşylyklaryň geriminiň giňeýän we güýçlenýän, şonuň netijesinde dünýädäki wakalaryň öňünden kesgitläp bolmaýan, has durnuksyz häsiýete eýe bolýan, ahyrynda ösüşiň umumy wezipelerini çözmegi, ýagny ählumumy durnuklylygy, ýaragsyzlanmagy, ekologik meýilnamalary amala aşyrmagy örän kynlaşdyrýan ýagdaýynda halkara gatnaşyklara täze filosofiýany dünýä ýaýmakdan;
Ýaşlaryň umumadamzat meselelerini agzybirlikde,BMG-niň ähli agzalarynyň gatnaşmagynda çözmek üçin, ilkinji nobatda, birek-birege ynanyşmak medeniýetini gaýtadan dikeltmek zerurlygyna düşünmeklerini gazanmakdan;
Ýaşlaryň arasynda ylmy we medeni gatnaşyklary giňeltmekden ybaratdyr.
Bäsleşigiň geçiş tertibi
Bäsleşik Türkmenistanyň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň hem-de Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyplaryndan düzülen toparlar (her toparda 6 talyp) gatnaşyp bilerler.
Gatnaşyjy toparlaryň öňünden bije çekmegi bilen bäsleşmek nobaty we bäsleşjek topary kesgitlener;
Bäsleşigiň alyp baryjysy tarapyndan berlen 5 sany soraglara stolda gurnalan sesli düwmäni ilkinji bolup basmak arkaly toparyň ýolbaşçysy iňlis dilinde jogap berer;
Bäsleşikde beriljek soraglar aşakdaky ugurlara bölüner:
“Türkmenistanyň milli diplomatik ýörelgesi - parahatsöýüji ynsanperwer syýasaty”;
“Türkmenistanyň halkara başlangyçlary we öňe süren Rezolýusiýalary”;
“Ýurdumyzyň ulag-aragatnaşyk we energetika diplomatiýasynyň taryhy we geljegi”;
“Türkmenistan - Birleşen Milletler guramasynyň ygtybarly hyzmatdaşy”;
Soraglara taýýarlanmak üçin çeşmeleriň, hödürlenilýän edebiýatlaryň sanawy agzalan TDIM HGI-niň web-saýtynda ýerleşdiriler;
Her soraga jogap bermek üçin 1 minut wagt beriler.
Her dogry jogap üçin 1 utuk beriler;
Iň köp utuk gazanan topar indiki tapgyra gatnaşmaga hukuk gazanar;
Ähli tapgyrda iň köp utuk gazanan topar bäsleşigiň ýeňijisi diýlip yglan ediler.
Bäsleşigiň geçişi baradaky ähli giňişleýin maglumatlar agzalan Ýokary okuw jaýlarynyň web-saýtynda hem-de sanly bilim portalynda ýerleşdiriler.
Bäsleşigiň netijelerine görä, eminler “Iň gowy topar” we “Iň gowy çykyş eden talyp” nominasiýalary boýunça hem Hormat hatlaryny, ýadygärlik sowgatlaryny gowşurar hem-de ýeňijiler Türkmenistanyň Diplomatik işgärleriniň gününe bagyşlanan baýramçylyk konsertine gatnaşmaga hukuk gazanarlar.
Ýeňijileri kesgitlemegiň we sylaglamagyň tertibi
Bäsleşige gatnaşyjylara mynasyp baha bermek üçin ýörite bitarap eminler topary düzülýär. Eminler talyplaryň her bir jogaby üçin 1 utuk baha goýarlar we şol utuklary goşmak arkaly soňky netijäni çykararlar. Emin agzalarynyň çykaran çözgüdi gutarnyklydyr.
Bäsleşigiň geçiriljek ýeri we wagty: Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty. 2022-nji ýylyň 17-nji fewraly. Sagat 10:00.
Edebiýat:
Gurbanguly Berdimuhamedow. Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi.- Aşgabat, 2020;
Gurbanguly Berdimuhamedow. Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany.- Aşgabat, 2020;
Gurbanguly Berdimuhamedow. Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy.- Aşgabat,2016;
Arkadagyň ajap eýýamy.- Aşgabat, 2017;
Gündogdyýew Ö. Türkmen diplomatiýasynyň taryhyndan.- Aşgabat, 2003;
Karaýew B., Ataýew G., Mätliýew B. Diplomatik we konsullyk hukugy.-Aşgabat, 2015;
Rahmanow A. Diplomatik gullugyň esaslary.- Aşgabat, 2012;
Goçumowa S., Tyllaýew M., Bekiýew R., Gurbannazarowa M. Halkara hukugy.-Aşgabat,2020;
Rahmanow A. Diplomatik wekilhanalar we habar-seljeriş-düşündiriş işi.- Aşgabat, 2016;
Karaýew B. Gurbanow N. Joraýew G. Türkmenistanyň daşary syýasaty.- Aşgabat, 2017.
Gurbanguly Berdimuhamedov. Turkmenistan is on the way to achieving the Sustainable Development Goals. Ashgabat.Turkmen State Publishing Service, 2018.
Gurbanguly Berdimuhamedow. Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany. Aşgabat. Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2020.
A.Rahmanow. Birleşen Milletler Guramasy we onuň ulgamy. Aşgabat. Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2014.
The United Nations Development Programme in Turkmenistan, a trusted development partner. UNDP 2017
Ten years of Cooperation in Central Asia. UNRCCA.
A.Rahmanow. Birleşen Milletler Guramasy we onuň ulgamy. Aşgabat. Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2014.
United Nations of Turkmenistan. The publication was prepared by the United Nations in Turkmenistan
The United Nations in Turkmenistan. A strategic partnership. United Nations in Turkmenistan, 2015.
Bäsleşigiň netijeleri barada şu ýerde okap bilersiňiz: