30/11/-0001
584
«Derýasy bir, howasy bir türkmen bilen özbegiň»
Özbegistanyň halk şahyry Ikbol Mirzonyň «Özbek bilen türkmeniň» şygryndaky: «Bir derýadan suw içýärler owuçlap, //Derýasy bir özbek bilen türkmeniň» diýen setirlerini makalamyza sözbaşy üçin esas edinmegimizde uly many bar. Bu sözleriň hakykatdygy Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň 20-21-nji oktýabrda Türkmenistana amala aşyran resmi saparynyň barşynda ýene bir gezek aýdyň ýüze çykdy. Hawa, türkmen we özbek halklarynyň dostlugy ezelden. Agzalan goşgynyň sözleri bilen aýdylsa, gadymdan bir çäýnekde çaý çaýlaşan, agyr ýüki deň taýlaşan, bir çöregi jüp paýlaşan bu iki halkyň dogasy bir. Magtymgulusy we Myralysy — şiri bolan özbek bilen türkmeniň nowasy, sapasy, dünýäsi bir. Jeýhunyň mele suwy müňýyllyklaryň dowamynda Amyderýany ýakalap oturan bu halklaryň bagryny badaşdyrypdyr.
Özbegistanyň Prezidentiniň 20-21-nji oktýabrda Türkmenistana amala aşyran resmi saparyny köp synçylar, halkara bilermenler “taryhy waka” diýip atlandyrdylar. Munuň özi tötänlik däldir. Çünki türkmen we özbek halklaryny müňýyllyklardan gaýdýan taryhy taýdan ýakynlyk, dil, medeni, ruhy umumylyklar baglanyşdyrýar. Syýasy, söwda-ykdysady, energetika, ulag-logistika, oba we suw hojalygy ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek şu gezekki saparyň dowamyndaky ýokary derejeli syýasy dialogyň baş temasy boldy. Bu ugurlarda ozal ýokary derejede gazanylan ylalaşyklaryň «Ýol kartasy» esasynda amala aşyrylýandygy nygtaldy. Halkara we sebit meseleleri, hususan-da, Merkezi Aziýada özara goşulyşmagy çuňlaşdyrmaga gönükdirilen bilelikdäki tagallalary durmuşa geçirmek boýunça pikir alşyldy. Saparyň netijelerine sebitiň, dünýäniň syýasy bilermenleri ýokary baha berdiler. Hususan-da, Daşkentdäki Merkezi Aziýa halkara institutynyň bilermenleri tarapyndan Özbegistan bilen Türkmenistanyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň Merkezi Aziýada durnukly ösüşiň girewidigi aýratyn nygtaldy. Eýsem, Özbegistanyň Prezidentiniň Türkmenistana şu gezekki resmi saparynyň ähmiýeti nämelerde görünýär?!
Birinjiden, bu sapar özara ynamy has-da berkiden sapar boldy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany we Özbegistany dostlukly döwletler hem ynamdar hyzmatdaşlar hökmünde häsiýetlendirdi. Özbegistanyň Lideriniň: «Türkmenistan iň ýakyn goňşymyz we ynamdar hyzmatdaşymyzdyr» diýen sözleri hem muny subut etdi.
Ikinjiden, bu sapar Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky köpasyrlyk dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny strategik hyzmatdaşlyk derejesinde giňeltmek üçin berk binýat bolup hyzmat etdi. Diňe şu ýylyň soňky aýlarynyň dowamynda iki döwletiň Baştutanlarynyň birek-birek bilen altynjy gezek duşuşmaklarynyň özi-de taraplaryň pugta syýasy erkiniň, özara hormatynyň aýdyň mysalydyr.
Üçünjiden, bu sapar ulag-kommunikasiýa ulgamynyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy hereketlendirijisiniň biridigini has äşgär etdi. Biziň döwletlerimiz Demirgazyk — Günorta hem-de Gündogar — Günbatar geçelgesini ösdürmek bilen, Merkezi Aziýanyň yklymara birleşdiriji sebit hökmündäki ähmiýetine uly üns berýärler. Şol sebäpli-de iki ýurduň üstaşyr ulag mümkinçiliklerini bilelikde ulanmagy teklip edýärler. Türkmenistan Günorta Aziýa, Ýakyn we Orta Gündogar ýurtlaryndan gelýän üstaşyr ýükleriň Merkezi Aziýa döwletlerine, Uzak Gündogara ýetirilmeginde möhüm çatryk bolup durýar. Şundan ugur alyp, Türkmenistan we Özbegistan öz çäklerinden ýük gatnawlarynyň möçberiniň artdyrylmagyna itergi berýärler. Özbek tarapy Türkmenistanyň demir ýollary bilen üstaşyr ýük gatnawlaryny giňeltmäge aýratyn gyzyklanýar. Biziň ýurtlarymyz Orta Aziýa — Ýakyn Gündogar (Özbegistan — Türkmenistan — Eýran — Oman) halkara ulag geçelgesiniň taslamasyna bilelikde başlaýjylardyr. Iki döwletiň Baştutanlary şu gezekki Aşgabat duşuşygynda hem bu taslamany durmuşa geçirmek babatda işjeň gatnaşyklaryň zerurdygyny tekrarladylar.
2017-nji ýylyň 20-nji maýynda Awazanyň kenaryndaky duşuşykda Özbegistanyň Prezidenti türkmen-özbek gatnaşyklary barada ýüreklere jüňk bolan şu jümläni aýdypdy: «Tebigat bize deňiz bermedigem bolsa, Taňry bize deňiz ýaly sahawatly goňşy beripdir». Geçen ýylyň güýzünde Daşkentdäki duşuşykda Gahryman Arkadagymyz biziň ýurdumyzyň Özbegistan — Türkmenistan — Hazar deňzi ugry boýunça, soňra-da Gara deňziniň portlary arkaly Ýewropa çykmak bilen, ulag ýollaryny ösdürmek boýunça bilelikde işlemäge taýýardygyny nygtapdy. Ýeri gelende bellesek, eýýäm bu ugurda anyk tagallalar görünýär. 2021-nji ýylyň 10-njy aprelinde Türkiýäniň Stambul şäheriniň Bogazköpri menzilinden Özbegistan Respublikasynyň Ürgenç şäherine ugran 25 sany 40 putluk konteýnerden ybarat bolan otly düzümi 21-nji aprelde “Teýmur Ahmedow” fider gämisinde Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna gelip gowuşdy. Bu konteýner otlusy ilkinji ekspres otly düzümi bolup, onuň 3692 kilometr aralygy 460 sagatda geçmegi göz öňünde tutulýar. Şu ýylyň iýulynda bolsa «Uztemirýulkonteýner» bilen Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň arasynda hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnama gol çekildi.
Dördünjiden, bu sapar türkmen-özbek söwda gatnaşyklaryny hil taýdan täze derejä çykarmaga ýardam bermegiň sapary boldy. Iki döwletiň arasyndaky söwda dolanyşygynyň möçberi ýyl-ýyldan artýar. Soňky ýyllarda ol 5 esse köpeldi. 2021-nji ýylda bu görkeziji 902 million amerikan dollaryna ýetdi. Türkmenistan Özbegistana benzin eksporty boýunça öňdäki orunlardadyr. Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň iýulynda Özbegistana amala aşyran ilkinji döwlet saparynyň barşynda dostlukly döwletleriň işewür toparlarynyň arasynda baglaşylan ylalaşyklaryň möçberi ABŞ-nyň 450 million dollaryndan gowrak boldy. 2022-nji ýylyň oktýabr aýyndaky ýagdaýa görä, Özbegistanda türkmen maýasynyň gatnaşmagynda kärhanalaryň sany 173-e ýetdi. Şolaryň 69-sy bilelikdäki kärhanalar, galan 104-si bolsa tutuşlygyna türkmen tarapynyň maýasynyň hasabyna maliýeleşdirilýän kärhanalardyr. Elbetde, taraplar söwda dolanyşygynyň möçberini geljek ýyllarda 2 milliard amerikan dollaryna çenli artdyrmagyň üstünde işleýärler.
Bäşinjiden, bu sapar serhetýaka hyzmatdaşlyga täze badalga beren sapar boldy. Daşoguz we Horezm, Lebap hem-de Buhara welaýatlarynyň arasyndaky ozalky ýygjam gatnaşyklaryň has-da giňeldilmegine indi olaryň çäginde guruljak serhetýaka söwda zolaklary ýakyndan ýardam berer. Ýeri gelende bellesek, ozal bu ugurdaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek maksady bilen, sebitleriň ikitaraplaýyn forumyny ýola goýmak hem-de onuň birinji duşuşygyny Hywada geçirmek teklip edildi. 2021-nji ýylda Gahryman Arkadagymyzyň Daşkende saparynyň barşynda Türkmen-özbek serhetýaka söwda zolagyny — söwda merkezini açmak hakynda Ylalaşyga gol çekilipdi. Özbegistanyň Prezidentiniň Türkmenistana şu gezekki saparynyň barşynda Horezm — Daşoguz serhetýaka söwda zolagynyň düýbüniň tutulmagy geljekde diňe bir söwda alyş-çalşygynyň işjeňleşdirilmegine däl, eýsem, dürli önümçilikleri ýola goýmak babatda özara tejribe alyşmaga-da ýardam berer. Mysal üçin, Aşgabatdaky «Aýbölek» mebel fabrigi özbek bazaryna ymykly girişýär. Ol gurluşygy alnyp barylýan «Taşkent-sitidäki» iki sany çagalar bagyna mebelleriň 30-a golaý görnüşini iberýär.
Altynjydan, bu sapar ylym-bilim gatnaşyklaryny berkiden sapar boldy. Magtymgula we Nowaýa deň sarpa goýýan iki halk üçünji müňýyllykda hem ylym-bilimde tejribelerini paýlaşmagy geljekki ösüşiniň girewi saýýarlar. Gahryman Arkadagymyzyň Özbegistana saparynyň barşynda Hywada Magtymgulynyň: «Daýym unutmaz men tylla gapysyn...» diýip arzylan, üç ýyllap bilim alan ylym ojagyna — Şirgazy han medresesine baryp görmegi iki döwletiň Baştutanlarynyň türkmen akyldaryna goýýan beýik sarpasynyň nyşany bolupdy. Bu gezek bolsa dostlukly döwletiň Lideriniň Magtymgulynyň adyny göterýän bilim ojagyna gelip çykyş etmegi onuň türkmen akyldaryna bolan hormatynyň beýikdigini görkezdi. Prezident Şawkat Mirziýoýewiň Magtymgulynyň eserlerini öz içine alýan we özbek dilinde «Elingga bahş aýla» (Iliňe bagyş eýle) diýlip atlandyrylan kitaba ýazan giriş makalasyndaky: «Kim türkmen halkynyň kalbyny, ýüregini bilmek isleýän bolsa, ol hemme zatdan öňürti Magtymgulyny okamalydyr» diýen sözleri onuň türkmen akyldaryna örän uly sarpa goýýandygyny äşgär edýär. Goňşy döwletiň Liderine Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň «Hormatly professory» alymlyk adynyň dakylmagy hem ylym-bilim babatdaky hyzmatdaşlygyň berkeýändiginiň subutnamasy boldy. Ol öz çykyşynda bu abraýly ýokary okuw mekdebiniň ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamagyň ajaýyp däpleri we onuň uçurymlarynyň Türkmenistany ösdürmek babatdaky goşantlary barada aýratyn nygtady.
Ýedinjiden, saparyň barşynda iki döwletiň Baştutanlarynyň gatnaşmagynda Aşgabatda «Daşkent» dynç alyş seýilgähiniň açylmagy türkmen-özbek dostlugynyň aýdyň nyşanyna öwrüldi. Bu ajaýyp seýilgähiň Magtymgulynyň adyny göterýän şaýoluň ugrunda açylandygy hem bellärliklidir. Bu ýerde örän inçeden ýürege ýakyn meňzeşligi aňmak mümkin. Mundan dört ýyl ozal, has takygy 2018-nji ýylyň 24-nji aprelinde Gahryman Arkadagymyzyň Özbegistana amala aşyran döwlet saparynyň çäklerinde Daşkendiň Ýaşnabat etrabynda açylan «Aşgabat» seýilgähine hem Magtymguly köçesi alyp barýar. Hut şol köçäniň ugrunda 2017-nji ýylda görnükli türkmen şahyrynyň we akyldarynyň heýkeli açyldy.
Sekizinjiden, bu sapar türkmen-özbek goňşuçylyk gatnaşyklaryny berkiden sapar boldy. Şu ýylyň 16-17-nji noýabrynda Daşoguz şäherinde Türkmen-özbek dostluk festiwaly geçiriler. Indiki ýyl iki döwletde hem Medeniýet günlerini geçirmek ylalaşyldy. Daşkent şäherinde Türkmen bazary, Hywa şäherinde Türkmen derwezesi, Nowaýy şäherinde Türkmen köçesi, Samarkantda Türkmengyşlak obasy bar. Bu ýerde Türkmenköl atly mähelläniň (ýaşaýyş toplumy) bolandygyny, ýöne wagtyň geçmegi bilen, onuň adynyň Türkmengüzer, Türkmenabat diýen atlar bilen üýtgedilendigini, şeýle-de bolsa, ýaşaýjylaryň arasynda başky adyň ýörgünlidigini aýdýarlar. Bularyň ählisi türkmen we özbek halklarynyň birek-birek bilen ýakyn aşnalyk gatnaşyklaryndan habar bermeýärmi, eýsem?! Goý, türkmen-özbek dostlugy mundan beýläk-de gülläp össün!
Jumamyrat GURBANGELDIÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory.
internet saýtyndan göçürlendir.