07/06/2024
542
“DAŞKY GURŞAWY GORAMAK WE HOWANYŇ ÜÝTGEMEGINIŇ ÖŇÜNI ALMAK ” ATLY YLMY- SEMINAR GEÇIRILDI
2024-nji ýylyň 5-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň «Paýhas we parasat» we Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasynyň «Ýaş hukukçylar» ylmy gurnaklarynyň bilelikde guramagynda Daşky gurşawy goramagyň Bütindünýä güni mynasybetli “Daşky gurşawy goramak we howanyň üýtgemeginiň öňüni almak” atly ylmy seminar geçirildi.
Ylmy seminaryň işine gatnaşan «Paýhas we parasat» we «Ýaş hukukçylar» ylmy gurnaklarynyň işjeň agzalary täsirli çykyşlary etdiler. Olar öz çykyşlarynda Daş¬ky gur¬şa¬wy go¬ra¬ma¬gyň Bü¬tin¬dün¬ýä gü¬nüniň taryhy, bütin dünýäde, şeýle-de ýurdumyzda alnyp barylýan işler barada gürrüň berdiler.
Ylmy seminarda Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň mugallymy D.Hekimowa ylmy gurnaklaryň agzalary bilen duşuşyp: “Ýaşyl planetamyzyň ekologiýasyny, tebigy özboluşlylygyny, baýlyklaryny goramak adamzadyň iň möhüm wezipeleriniň biridir. Bu günki gün tutuş zemin biziň elimizde. Emma biz onuň emrinde. Gojaman Ýer şarymyzy adamzat etmişlerinden, zeperlenmelerinden goramak, onuň ähli baýlyklaryna, hat-da howasyna, topragyna, tebigatyna, janly-jandaryna eýeçilik gözi bilen garamak ynsan oglunyň ezeli borjudyr” diýip gatnaşyjylara ýüzlendi.
Ylmy seminaryň dowamynda eziz Watanymyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş we Daşky gurşaw boýunça maksatnamalary, Azyk we oba hojalyk guramasy, Ählumumy ekologiýa gaznasy, Araly halas etmegiň halkara gaznasy, Merkezi Aziýanyň sebitleýin ekologiýa merkezi, Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýeti ýaly köp sanly halkara we sebit guramalary bilen alyp barýan netijeli hyzmatdaşlyklary barada çykyşlar edildi.
Türkmenistan BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde geçirilen maslahatynda (СOP28) Türkmenistanyň Ählumumy metan borçnamasyna goşulýandygyny resmi taýdan yglan etdi. Bitarap döwletimiziň bu borçnama goşulmagy bilen, halkara we milli derejede amala aşyrýan netijeli işleri howanyň üýtgemegine hem-de onuň täsirlerine garşy göreşmekde durnukly ösüşi üpjün etmäge berýän ýardamy barada gürrüň berildi.
Talyplar mugallymyň gürrüňini uly gyzyklanma bilen diňlediler we söhbetdeşlige işjeň gatnaşdylar. Seminaryň dowamynda pikir alyşmak maksatly berlen sowallar talyplarda uly gyzyklanma döredip, seminaryň işiniň täsirini has-da artdyrdy.
Dilber HEKIMOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň mugallymy.
Soňky täzelikler
12/06/2024
Yhlasa myrat…12/06/2024
ÝÜREKLERDE GAHRYMANA ALKYŞ BAR