22/07/2023
1186
DAŞKY GURŞAWY GORAMAK BOÝUNÇA HALKARA WE MILLI HUKUK KADALARY
Türkmenistanyň Prezidentiniň eko- logiýa syýasaty halkara ekologiýa hukugy- nyň umumy ykrar edilen kadalaryndan ugur alýan, ösen milli kanunçylyk binýa- da esaslanýar. Hormatly Prezidentimiziň: “Adamzadyň durnukly ösüşi we ekologik howpsuzlyk halkara hyzmatdaşlyk bilen pugta baglanyşyklydyr. Şu nukdaýnazardan, Birleşen Milletler Guramasynyň daşky gurşaw boýunça konwensiýalarynyň onlarçasyna goşulmak bilen, ýurdumyz durnukly ösüş babatda dünýä jemgyýetçiliginiň öňünde goýlan meseleleri çözmäge jogapkärçilikli çemeleşýär” diýip nygtamagy bu ugra yzygiderli üns berilýändigini tassyklaýar. Ýurdumyz BMG-niň tebigaty goramak baradaky esasy ylalaşyklary we beýleki halkara resminamalary boýunça öz üstüne alan borçnamalaryny yzygiderli berjaý edýär, ekologiýa boýunça geçirilýän işleriň netijeliligini üpjün edýär.
Esasy Kanunymyzda ýeriň we ýerasty baýlyklaryň, suwlaryň, ösümlik we haýwanat dünýäsiniň, şeýle hem beýleki tebigy baýlyklaryň Türkmenistanyň umumy milli baýlygy bolup durýandygy, döwlet tarapyndan goralýandygy we rejeli peýdalanylmaga degişlidigi hakynda konstitusion kada berkidilen [2]. Munuň özi ekologiýa boýunça halkara hukuk kadalary bilen konstitusion düzgünleriň sazlaşykly utgaşýandygyny görkezýär.
Daşky gurşawy goramak boýunça halkara hukuk kadalarynyň umumy maksady Ýer şarynyň häzirki we geljekki döwürler üçin abadançylygyny üpjün etmekden, adamyň saglygyny we daşky tebigy gurşawy ýaramaz täsirlerden goramak boýunça netijeli we ygtybarly çäreleri işläp taýýarlamakdan ybaratdyr. Bu resminamalar daşky gurşaw bilen bagly emele gelen çökgünlikli ýagdaýlary nazara alyp, olaryň ýaramazlaşmagynyň we dikeldilmeginiň bähbidine bütin dünýä derejesinde halkara tagallalarynyň birleşdirilmeginiň, ylalaşykly hereketleriň netijesi bolup durýar.
1985-nji ýylda adam saglygyny ozon gatlagynyň üýtgemeginiň ýaramaz täsirlerinden goramak boýunça zerur çäreleri görmek maksady bilen, ozon gatlagyny goramak barada ilkinji ekologik halkara resminamasy – Wena konwensiýasy kabul edildi. 1987-nji ýylda ozon gatlagyny dargadyjy maddalaryň ähli galyndylaryny sazlamak ýoly bilen, ösüp gelýän ýurtlaryň isleglerini nazara alyp, şeýle maddalaryň ýok edilmegini gazanmak üçin Ozon gatlagyny dargadyjy maddalar boýunça Monreal teswirnamasyna gol çekildi.
Türkmenistan bu halkara resminamalaryna 1993-nji ýylda goşuldy. Şeýle hem ýurdumyz Monreal teswirnamasyna degişli 1992-nji, 1997-nji, 1999-njy we 2016-njy ýyllarda kabul edilen düzedişlere hem goşuldy. Olarda kesgitlenen düzgünler “Ozon gatlagyny goramak hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna (2009 ý.) ornaşdyryldy. Kanun ozon gatlagynyň goralmagyna we onuň dargamagynyň öňüniň alynmagyna, dikeldilmegine gönükdirilendir Wena konwensiýasynda ozon gatla- gyny goramak bilen bagly guramaçylyk, mejbur ediş we gorag häsiýetli çäreleri görmek, ozon gatlagynyň ýagdaýynyň üýt- gemegine getirýän ýaramaz täsirlere gö- zegçiligi amala aşyrmak, ony çäklendir- mek, azaltmak ýa-da öňüni almak boýun- ça degişli meýilnamalaýyn çäreleri ge- çirmek, şeýle hem ozon gatlagyna täsir edýän ýaramaz täsirlere ulgamlaýyn gö- zegçiligi, barlagy we maglumat alyş-çal- şygyny amala aşyrmakda hyzmatdaşlyk etmek boýunça milli borçlar kesgitlenen. Bu düzgünleriň iş ýüzünde amala aşyryl- magynyň hukuk tertibi agzalan Kanunyň 3-nji, 5-nji we 11-nji maddalarynda öz beýanyny tapýar.
BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasy atmosferada parnik gazlarynyň toplanmagyny durnuklaşdyrmaga we howanyň müm- kin bolan üýtgemeleriniň öňüni almaga gönükdirilen iň uly halkara ylalaşygy bo- lup, 1992-nji ýylda kabul edildi. Şunda ýerli derejede zyňyndylary çäklendirmek ýa-da azaltmak boýunça taraplaryň mukdar borçnamalaryny bellemek üçin 1997- nji ýylda Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna Kioto teswir- namasy kabul edildi. Türkmenistan agzalan resminama 1998-nji ýylda goşuldy.
2015-nji ýylda BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwen- siýasyna gatnaşyjy ýurtlaryň 21-nji mas- lahatynyň çäklerinde “Pariž Ylalaşygy” makullanyldy. Ýurdumyz 2016-njy ýylda bu Ylalaşyga goşuldy.
Milli kanunçylygyň bu ugry boýun- ça Türkmenistanyň Howa kodeksiniň (2012 ý.), “Atmosfera howasyny gora- mak hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň (2016 ý.) hereket edýändigini bellemek gerek. Mysal üçin, Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasynda kesgitlenen ozon gatlagynyň ýagdaýynyň mümkin bolaýjak üýtgemesini çaklamak we onuň hapalanyş derejesine baha bermek baradaky düzgün Kanunyň 37-nji maddasynda öz beýanyny tapýar [4]. Аntropogen zyňyndylarynyň milli kadastryny taýýarlamak, yzygiderli täzelemek, çap etmek baradaky tertip Kanunyň 7-nji, 14-nji we 32-nji maddalaryna girizilen. Konwensiýada howanyň üýtgemeginiň netijelerini gowşatmak boýunça çäreleri özünde jemle- ýän milli maksatnamalary taýýarlamak, ýerine ýetirmek, çap etmek we yzygi- derli täzelemek düzgüni Kanunyň 6-9- njy maddalarynda öz beýanyny tapýar. Şeýle-de bu Kanunyň kadalaryna Konwensiýada kesgitlenen beýleki düzgünlerden gelip çykýan halkara hukuk borçnamalaryny ýerine ýetirmegiň mehanizmleri girizilen.
Durnukly ösüş üçin howanyň üýtgemegi babatda meseleleriň wajypdygyny göz öňünde tutmak bilen, 2012-nji ýylyň 15-nji iýunynda Howanyň üýtgemegi boýunça Türkmenistanyň Milli strategiýasy kabul edilipdi. Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 23-nji sentýabryndaky karary bilen “Howanyň üýtgemegi barada Türkmenistanyň Milli strategiýasy” rejelenen görnüşde tassyklanyldy. Bu Strategiýa howanyň üýtgemeginiň meseleleri babatda milli garaýyşdyr hem-de onuň netijeleri bilen baglanyşykly Türkmenistanyň döwlet syýasatyny emele getirmegiň we durmuşa geçirmegiň esasy bolup durýar
Howanyň üýtgemegi boýunça Milli strategiýanyň düzüm bölegi hökmünde “Türkmenistanyň Milli tokaý maksatna- masy” we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy durmuşa geçirilýär. Onda tokaýçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary, ylmy esas- lary kesgitlenilýär.
Şeýle hem Milli strategiýanyň çäklerinde ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda emele gelýän parnik gazlarynyň, esasanda, metan zyňyndy gazlarynyň möçberini yzygiderli azaltmak ugruda durmuşa geçirilýän işleriň netijeliligine gözegçiligi güýçlendirmek maksady bilen, 2023- nji ýylyň 2-nji iýunynda Türkmenistanyň Prezidentiniň karary bilen Metan zyňyndy gazlaryny azaltmak boýunça Türkmenistanyň pudagara topary döredildi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň 2021- nji ýylyň 22-nji oktýabryndaky kararyna laýyklykda, “Türkmenistanyň 2021–2025- nji ýyllar üçin Aral milli maksatnamasy” we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirmeli çäreleriň meýilnamasy tassyk- lanyldy. Maksatnamanyň ähmiýeti bütin dünýäde we howanyň üýtgeýän şertlerinde Aral çökgünliginiň adamlaryň saglygyna we daşky gurşawa ýaramaz täsiriniň howpunyň artýandygy bilen şertlendirilendir. Maksatnamanyň esasy maksady ekologik we durmuş-ykdysady ýagdaýy gowulandyrmakdan, Türkme- nistanyň çäginde Aral betbagtçylygynyň netijelerini azaltmakdan, ýagny adamzat üçin amatly şertleri üpjün etmekden ybaratdyr.
BMG-niň Çölleşmäge garşy göreş baradaky Konwensiýasy 1994-nji ýylda kabul edilip, antropogen çölleşmek hadysalarynyň öňüni almak we olary togtatmak, ýaramazlaşan ýerleriň hasyllylygyny dikeltmek maksadyny nazarlaýar.
Türkmenistan bu Konwensiýa 1996- njy ýylda goşuldy. Ýer serişdelerini rejeli we durnukly peýdalanmak maksady bilen, ýerleriň oňaýsyz tebigy şertlerini düýpli gowulandyrmaga gönükdirilen hukuk kadalary “Ýer hakynda” Türkmenistanyň bitewi Kanunynda (2004 ý.), “Aýratyn goralýan tebigy ýerler hakynda” (2012 ý.), “Ýerleriň meliorasiýasy hakynda” (2018 ý.) Türkmenistanyň Kanunlarynda berkidilendir.
Suwlary durnukly we rejeli peýdalanmaga hem-de suw serişdeleriniň ähmiýetini ýokarlandyrmaga, suwlary hapalamakdan, zibillenmekden we egsilmekden goramaga gönükdirilen gatnaşyklary düzgünleşdirýän Türkmenistanyň Suw kodeksiniň mazmunynyň Serhetüsti suw akarlaryny we halkara köllerini goramak we ulanmak boýunça Konwensiýanyň (1992 ý.) düzgünlerini we onuň suw serişdelerini toplumlaýyn dolandyr- mak baradaky talaplaryny göz öňünde tutýandygyny bellemek gerek.
Ýurdumyzyň deňiz gurşawynyň eklogiýa howpsuzlygyny üpjün etmek çygrynda Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak hakyndaky Çarçuwaly konwen- siýa (2004 ý.), Hazar deňzinde howpsuzlyk babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga (2011 ý.), Hazar deňzinde adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak we ýok etmek babatda hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşyga (2014 ý.), Hazar deňziniň hukuk derejesi hakynda Konwensiýa (2018 ý.), Hazar deňzinde hadysalaryň öňüni almak hakynda Ylalaşyga (2018 ý.) goşulandygyny bellemek gerek. Suw çeşmeleriniň goramaga we olardan peýdalanylyşyna gözegçiligi amala aşyrmaga bolan döwlet talaplary Türkmenistanyň Suw kodeksinde (2016 ý.), “Agyz suwy hakynda” Türkmenistanyň Kanunynda (2010 ý.) kesgitlenilýär.
1992-nji ýylda kabul edilen Biologik dürlülik hakynda Konwensiýa biodürlüligi genetik, görnüş we ekoulgam derejelerde aýap saklamaga, onuň düzüjilerini durnukly peýdalanmaga, genetiki baýlyklary peýdalanmak bilen baglanyşykly bilelikde adalatly we deň esasda peýda almaga gönükdirilendir.
Türkmenistan 1996-njy ýylda bu Konwensiýany tassyklady. Şeýle hem ýurdumyz Biologik dürlülik baradaky Konwensiýa Biohowpsuzlyk boýunça Kartahen teswirnamasyna (2008 ý.), Hazar deňziniň suw biologik serişdelerini gorap saklamak we rejeli peýdalanmak hakynda Ylalaşyga (2014 ý.), Biologik dürlülik baradaky Konwensiýanyň Ge- netik baýlyklaryň elýeterliligini kadalaşdyrmak hem-de olary ulanmakdan gelip çykýan peýdany adalatly we deň derejede paýlaşmak hakyndaky Nagoýa Teswirnamasyna (2020 ý.) goşuldy.
Şular bilen birlikde, Türkmenistan janly tebigy baýlyklary goramagyň düzgünlerini we ýörelgelerini öz içine alýan halkara resminamalaryna degişli bolan Suwda ýüzýän guşlaryň ýaşaýan ýerleri hökmünde goralýan halkara ähmiýetli suwly batgalyk ýerler baradaky Ramsar konwensiýasyna (2008 ý.), Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak boýunça Çarçuwaly konwensiýa Biologik dürlüligi gorap saklamak hakyndaky Teswirnama (2015 ý.), Ýabany haýwanlaryň göçýän görnüşlerini gorap saklamak boýunça Konwensiýa (2020 ý.), Afrika–Ýewraziýanyň göçýän suw batgalyk guşlaryny gorap saklamak boýunça Ylalaşyga (2020 ý.) goşuldy.
Dürli ýyllarda kabul edilen Türkmenistanyň Tokaý kodeksi (2011 ý.), “Ösümlikleriň karantini hakynda” (2009 ý.), “Balyk tutmak we suwuň biologik serişdelerini gorap saklamak hakynda” (2011 ý.), “Ösümlik dünýäsi hakynda” (2012 ý.), “Haýwanat dünýäsi hakynda” (2013 ý.), “Tebigaty goramak hakynda” (2014 ý.), “Ösümlikleri goramak hakynda” (2016 ý.) Türkmenistanyň Kanunlary halkara hu- kugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna goldanýar.
Esasy Kanunymyzyň 53-nji maddasy amatly daşky gurşawa, onuň ýagdaýy barada hakyky maglumata bolan konstitusion hukugy kepillendirýär.
Halkara resminamalaryndan gelip çykýan borçnamalary, düzgünleri we wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek üçin Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020- nji ýylyň 23-nji oktýabryndaky “Daşky gurşawy goramak meseleleri boýunça Pudagara toparyny döretmek hakynda” karary bilen döredilen Pudagara topary netijeli işleri alyp barýar. Bu topar daşky gurşawyň dürli meseleleri boýunça halkara ylalaşyklaryny, maksatnamalaryny durmuşa geçirmegiň guraly bolup hyzmat edýär.
Ýurdumyzyň başlangyjy boýunça “Birleşen Milletler Guramasynyň we Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň arasynda hyzmatdaşlyk” atly iki sany adybir Kararnamalar kabul edildi. Dünýä jemgyýetçiliginiň ileri tutýan Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek üçin Bitarap Türkmenistan milli ekologiýa kanunçylygyny halkara hukuk kadalary bilen sazlaşykly utgaşdyryp, yzygiderli kämilleşdirýär. Munuň özi daşky gurşawy goramak we ekologiýa kanunçylygyny ulgamlaşdyrmak boýunça geçirilýän toplumlaýyn işlerde aýdyň ýüze çykýar.
Feride MURADOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi
Soňky täzelikler
23/11/2024
Ýaşlygyň uly serpaýy20/11/2024
BÜTINDÜNÝÄ ÇAGALAR GÜNI