25/10/2024
1688
Dana şahyrymyza bagyşlanan döredijilik duşuşygy geçirildi
2024-nji ýylyň 24-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasynyň «Ýaş žurnalistler» ylmy-döredijilik gurnagy tarapyndan «Magtymguly Pyragy dünýä ähmiýetli şahsyýet» atly döredijilik duşuşygy geçirildi. Oňa ýokary okuw mekdebimiziň mugallymlary hem-de talyp ýaşlary geçirildi.
Geçirilen duşuşykda dana şahyrymyzyň döredijiligi dogrusynda gürrüň edildi. Şol bir wagty özünde talyplar Magtymguly Pyragynyň goşgulary bilen dünýä edebiýatynyň wekilleriniň goşgularyny labyzly okap çykyş etdiler. Belläp geçsek, Magtymguly Pyragynyň döredijiligindäki nusgalyk ýol-ýörelgeler ýaş türkmenistanlylary terbiýelemekde möhüm ähmiýete eýedir. Şahyryň taglymatlary, geljege bolan garaýyşlary diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, tutuş adamzadyň hem ruhy mirasydyr. Şonuň üçin-de, Magtymgulynyň şahyrana mirasynyň ähmiýeti milli çäklerden çykyp, dünýä edebiýatynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi, adamzadyň aň-paýhas hazynasyna mynasyp goşant boldy. Nusgawy şahyryň ömrüni we döredijiligini öwrenmek halkara häsiýete eýe boldy. Şeýlelikde, geçirilen duşuşyk beýik söz ussadyna bagyşlanyp ýurdumyzda hem-de halkara derejede geçirilen beýleki çäreler Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasynyň umumadamzat ähmiýetini ýene-de bir gezek açyp görkezdi.
Babahan EÝEBERENOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň IV talyby.