20/05/2024
721
«Dag serinden güzer salsaň...»
17-nji maýda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gatnaşmagynda paýtagtymyzyň günorta böleginde Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň hem-de «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň açylyş dabarasy boldy. Dana şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygyna mynasyp sowgat bolan bu ýadygärligi synlap durşuňa Magtymguly Pyragynyň halkymyzyň berkarar döwletine, bagtyýar zamanasyna guwanyp dagdan düşüp gelýän keşbi hakydaňda janlanýar. Bu ýadygärlik akyldar şahyryň çoh garaşan ajap eýýamynda «Dag serinden güzer salsaň» diýip eden hyýalynyň hem hakykata öwrülmesidir. Biz hem gazetiň şu günki sanynda Magtymguly Pyragynyň täze ýadygärliginiň heýkeltaraşy Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy, ýurdumyzyň halk suratkeşi Saragt Babaýew bilen taýýarlanan söhbetdeşligi okyjylara ýetirmegi müwessa bildik.
— Saragt aga, söhbedimiziň başyny akyldar şahyrymyzyň ýadygärliginiň bina edilen ýeriniň saýlanylyp alnyşy, onuň öwrenilişi baradaky gürrüňden başlaýalyň!
— Baş üstüne! Ilki bilen, aýtjak zadym, ýadygärligiň bina edilen ýerini örän jüpüne düşen çözgüt hasaplaýaryn. Sebäbi bu ýadygärlik heniz paýtagtymyzyň çäginden çykmankaň, howanyň dury günlerinde bolsa şäheriň köp ýerinden görünýär. Galyberse-de, aňyrsynda dag gerişleriniň howalanyp durmagy, akyldar şahyryň öz sözleri bilen aýtsak, dag başy dumanly günlerde bolsa Magtymguly atamyzyň edil eli kitaply bulutlaryň arasyndan ýere düşüp gelýän ýaly, uçup gelýän ýaly görünmegi täsin ertekileri ýadyňa salýar. Ýadygärligiň daş-töwereginiň hem örän giňişlikdigi bolsa ol ýerde arassa dag howasyndan lezzet alyp seýil etmäge niýetlenen uly medeni-seýilgäh toplumyny döretmäge mümkinçilik berdi. Şu ýerde bir zady aýratyn belläp geçesim gelýär: ýadygärligiň hut şol ýerden bina edilmelidigi, onda Magtymguly Pyragynyň eli kitaply ýöräp gelýän şekiliniň şöhlelendirilmelidigi Gahryman Arkadagymyz tarapyndan bize maslahat berildi. Biz hem şol maslahatlara eýerip, olary elimizde baryndan ýerine ýetirdik. Hudaýa şükür, azabymyzam ýerine düşdi.
— Saragt aga, bilşimiz ýaly, Magtymguly Pyragynyň täze açylan ýadygärligi Merkezi Aziýada iň uly ýadygärlik hasaplanýar. Bu diýildigi onuň ýönekeý bir taslama däldigini görkezýär. Ýadygärligi bina etmekde jogäpkärçilik uly bolan bolsa gerek?!
— Hawa, bu ýadygärlik, hakykatdan hem, örän uly taslama. Onuň öz boýunyň arassa uzynlygy 60 metre barabar. Deňeşdirmek üçin, Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndaky «Azatlyk heýkeliniň» uzynlygy elindäki göterip duran nyşany bilen 46 metre deň. Umuman alanyňda hem, Magtymguly Pyragynyň täze açylan ýadygärligi dünýädäki iň uly heýkelleriň ilkinji onlugyna girýär. Özi-de şeýle uly taslama türkmen heýkeltaraşlygynda ilkinji gezek ýerine ýetirildi. Şonuň üçin hem biz ony kemsiz-köstsüz bina etmek üçin sözüň göni manysynda-da gijämizi gündiz edip zähmet çekdik.
Birbada şeýle uly ýadygärlige girişmek biraz aljyratmanam durmady. Sebäbi heýkeltaraşlykda 60 metr diýmek oýun-oýunjak zat däl. Şonuň üçinem işimiz ir sagat 8-de başlananyndan gije sagat 2-ä çenli dowam edýän wagtlary bolýardy. Ýadygärligiň deslapky üç bölegini taýýarlaýançak, «ýetişermikäk, başararmykak» diýip howatyrlanan gezeklerimizem boldy. Emma «göz gorkak, el batyr» diýleni. 4-5 bölegini taýýar edenimizden soňra özümize bolan ynamymyz artdy. Netijede, biz ýadygärligiň böleklerini ýasamak işini üç ýarym aýda tamamladyk. Bu şeýle uly heýkeller üçin dünýä derejesinde-de örän gowy wagtdyr.
Ýadygärligi gurmakda şägirtlerimi, hatda şägirtlerimiň şägirtlerini hem öz ýanyma aldym. Şony göz öňünde tutup, bu ýadygärligi bina etmek türkmen heýkeltaraşlygy üçin hem özboluşly mekdep boldy diýip bileris.
Ýadygärligi gurmakda jogapkärçilik bilen bir hatarda bize döredilen şertleriň hem örän uly bolandygyny belläsim gelýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň goldaw bermeginde biz özümize zerur bolan ähli şertler we serişdeler bilen doly üpjün edildik.
— Ýaňy sözüňiziň arasynda ýadygärligiň böleklerini ýasamak işini üç ýarym aýda tamamladyk diýdiňiz. Mümkin bolsa şeýle uly ýadygärligiň näçe bölekden ybaratdygynam aýdaýyň?!
— Bu ýadygärlik 2 müň 552 bölekden ybarat. Özüňiz göz öňüne getiriň, şonça bölegi diňe ýygnap çykjak bolsaň hem uly iş. Galyberse-de, heýkeltaraşyň işi tamamlanandan soňra, olary ýerli-ýerine goýmak hem ýeňil-ýelpaý iş däl. Şonuň üçinem biz olaryň her birini aýratynlykda ýörite belgiläp çykdyk. Ýene bir bellemeli zat, heýkeliň eli kitaply bölegini ýasanymyzda, ol biziň ussahanamyza sygmady. Şeýlelikde, ony daşarda işlemeli bolduk.
Heýkeltaraşyň işi tamamlananyndan soňra, ony bürünje geçirmek, kebşirlemek tapgyrlary ýerine ýetirilýär. Olaram özüne ýetesi wagty, jogapkärçiligi talap edýär. Emma şolaryň ählisine sarp edilen wagty bilen hasaplanymyzda hem biz bu ýadygärligi örän gysga wagta taýýarladyk diýip bilerin. Aslynda, başga ýurtlarda şeýle uly ýadygärlikleri gurmak üçin 8 — 10 ýyl wagt sarp edilýär. Magtymguly Pyragynyň täze ýadygärliginiň nähili uly taslamadygyna ony bürünje geçirmek üçin 860 tonna bürünjiň sarp edilendigem bir mysaldyr.
— Täze ýadygärligiň bina edilen medeni-seýilgäh toplumynda ençeme daşary ýurtly ýazyjy-şahyrlaryň hem heýkelleri ýerleşdirildi. Olaryňam awtory hökmünde daşary ýurtly ýazyjy-şahyrlaryň keşplerini döretmekde geçiren gözlegleriňiz barada hem gürrüň beräýseňiz!
— Hawa, Gahryman Arkadagymyzyň teklibi esasynda täze ýadygärligi gurşap duran «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynda Saýat Nowa, Ýanka Kupala, Du Fu, Onore de Balzak, Şota Rustaweli, Iogan Wolfgang fon Gýote, Şandor Petefi, Rabindranat Tagor, Hafyz Şirazy, Dante Aligýeri, Ýasunari Kawabata, Kurmangazy Sagyrbaýuly, Çingiz Aýtmatow, Raja Ali Hajy, Adam Miskewiç, Mihaý Eminesku, Fýodor Dostoýewskiý, Huan Himenes, Saýido Nasafi, Ýunus Emre, Grigoriý Skoworoda, Wilýam Şekspir, Lengston Hýuz, Alyşir Nowaýy ýaly dünýä belli söz ussatlarynyň heýkelleri ýerleşdirildi. Munuň özi umumadamzat şahyry bolan Magtymguly Pyragynyň adyny göterýän medeni-seýilgäh toplumynyň halkara derejä eýedigini aňladýar.
Daşary ýurtly ýazyjy-şahyrlaryň keşplerini döretmekde geçiren gözleglerim barada aýtsam, ilkinji nobatda, olaryň her biriniň öz ýurdunda suratkeşler, heýkeltaraşlar, grafikaçylar, nakgaşlar tarapyndan şolar barada döredilen eserleri içgin öwrendim. Şeýle-de olaryň ýaşan döwürlerinde şol sebitlerde geýlen egin-eşikler barada hem maglumatlary topladym. Heýkelleriň ýüz keşplerini ýasamakda bolsa olaryň eserleri we şol ýazyjy-şahyrlar baradaky ýazylanlar esasynda olaryň häsiýetlerinden gelip çykyp çemeleşdim.
— Saragt aga, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy dabara bilen bellenilýän ýylynda guralýan söhbedimizi şahyryň iň köp ýadygärligini guran heýkeltaraş hökmünde siziň ol baradaky pikirleriňiz bilen jemläýeli!
— Magtymguly — türkmen halkynyň ruhy sütüni. Ol her bir türkmen üçin iň eziz şahyr. Birnäçe ýyllaryň dowamynda ýurdumyzda we daşary ýurtlarda akyldar şahyrymyzyň ýadygärliklerini guran, şahyryň goşgulary bilen ýakyndan tanyş adamdygyma garamazdan, şu uly taslama Magtymgula sarpa goýmakda maňa uly bir mekdep boldy. Men şu ýadygärligiň gurluşygyna ýolbaşçylyk etmek bilen bir hakykata has anyk göz ýetirdim — Magtymgula sarpa goýmak babatda Gahryman Arkadagymyz biziň her birimiz üçin nusga alarlyk mekdep. Çünki Gahryman Arkadagymyz hälimi-şindi işleriň gidişi, ýadygärligi gurmak üçin zerur şertler we serişdeler barada gyzyklanyp, bizden habar alyp durdy. Şonuň üçin hem seleňläp oturan Köpetdagdan külli türkmeniň baş kendi Aşgabada tarap ýöräp gelýäne çalym edýän bu ýadygärlik Gahryman Arkadagymyzyň yhlasynyň miwesi diýesim gelýär. Türkmen ýurdunda dana şahyrymyzyň sarpasynyň belentdigine bolsa 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip atlandyrylyp, bu ýyl şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzda we daşary ýurtlarda milli we halkara derejede geçirilýän çäreler, baýramçylyklar hem şaýatlyk edýär.
Pursatdan peýdalanyp, halkymyzy Magtymguly Pyragynyň arzuwlan ajap eýýamynda ýaşadýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, belent başlarynyň aman bolmagyny arzuw edýärin!
— Saragt aga, beren gürrüňleriňiz üçin köp sag boluň! Size sungat dünýäsiniň örän inçe ugry bolan heýkeltaraşlykda mundan beýläk-de döredijilikli zähmet çekmegiňizi arzuw edýäris!
— Sag boluň!
Söhbetdeş bolan:
Mätgurban MÄTGURBANOW,
TDIM-iň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby,
«Biznes reklama».
Çeşme: "Biznes reklama" gazeti - 20.05.2024 ý. //
Soňky täzelikler
23/11/2024
Ýaşlygyň uly serpaýy20/11/2024
BÜTINDÜNÝÄ ÇAGALAR GÜNI