15/02/2025
518
Dabaraly maslahat geçirildi
2025-nji ýylyň 15-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Sport diplomatiýasy parahatçylygyň dialogydyr» atly dabaraly maslahat geçirildi.
Maslahata Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň hem-de Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar.
Maslahatyň dowamynda oňa gatnaşyjylar häzirki wagtda ýurdumyzda sporta we köpçülikleýin bedenterbiýä uly üns berilýändigi, bu ugurda uly işleriň durmuşa geçirilýändigi barada bellediler. Täze belentliklere göterilyän türkmen sportunyň geljegi uly üstünlikleri nazarlaýandygy dogrusynda maslahata gatanşyjylar aýratyn nygtap geçdiler.
Maslahatyň Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň «Sagdyn nesiller» çeper höwesjeňler toparynyň ýerine ýetirmeginde «Eziz Watanyň türgenleri» atly aýdym bilen jemlenmegi dabaranyň täsirliligini has-da artdyrdy.
Şeýle hem, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda we Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda sportuň dürli görnüşleri boýunça sport bäsleşikleri geçirildi.
Laçyn MÄTJÄÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň II ýyl talyby.