30/11/-0001
851
COP26: Türkmenistanyň başlangyçlaryna bagyşlanan maslahat
2021-nji ýylyň 9-njy noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda tegelek stoluň başynda maslahat geçirildi. Ol Glazgo şäherinde Şotlandiýanyň maslahatlar merkezinde BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 26-njy maslahatyna (COP26) Türkmenistanyň wekiliýeti tarapyndan öňe sürlen başlangyçlara bagyşlandy.
Maslahata Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň, BMG-niň Ösüş maksatnamasy Howanyň üýtgemegi boýunça Türkmenistanyň 4-nji habarnamasynyň we iki ýyllyk hasabaty taýýarlamak boýunça toparynyň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň wekilleri gatnaşdylar.
Maslahaty institutyň rektory Jumamyrat Gurbangeldiýew giriş sözi bilen açyp, Türkmenistanyň wekiliýetiniň baştutany tarapyndan öňe sürlen başlangyçlaryň dünýä ýüzünde uly ähmiýete eýe bolandygyny nygtady hem-de bu başlangyçlaryň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ozal beýan eden maksatlaryny hem-de pikirlerini ösdürmäge gönükdirilendigini belläp geçdi. Rektoryň aýtmagyna görä, Türkmenistanyň wekiliniň çykyşynda howanyň üýtgemegi babatynda ykdysadyýetiň ähli ugurlarynda häzirki zaman tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy bilen, bug gazlarynyň zyňyndylary azalýandygy, Howanyň üýtgemegi boýunça Milli strategiýa, 2030-njy ýyla çenli gaýtadan dikeldilýän energiýany ösdürmek boýunça Milli strategiýa hem-de Türkmenistanyň “Täzelenýän energiýa çeşmeleri hakynda” täze Kanuny kabul edilendigi babatdaky we beýleki amaly tagallalar öz giň beýanyny tapdy.
Tegelek stoluň başyndaky maslahatda Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Jon Hemilton, BMG-niň Ösüş maksatnamasy Howanyň üýtgemegi boýunça Türkmenistanyň 4-nji habarnamasynyň we iki ýyllyk hasabaty taýýarlamak boýunça toparyň ýolbaşçysy Gurban Allaberdiýew çykyş edip, Türkmenistanyň wekiliýeti tarapyndan öňe sürlen başlangyçlaryň we beýan edilen amaly tagallalaryň ähmiýetiniň uludygyny nygtadylar.
Çykyş edenleriň ählisiniň bellemegine görä, türkmen wekiliýetiniň baştutanynyň howanyň üýtgemeginiň täsirlerine uýgunlaşmak hem-de onuň ýaramaz täsirlerini peseltmek meselelerinde halkara jemgyýetçiligiň tagallalaryny birleşdirmäge gönükdirilen birnäçe anyk başlangyçlarynyň BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasynyň 26-njy maslahatyna gatnaşyjylaryň goldawyna eýe bolmagynyň Türkmenistanyň dünýä ýüzünde halkara abraýynyň ulydygyna şaýatlyk edýär.
Maslahata gatnaşyjylar Türkmenistanyň howanyň üýtgemegi babatdaky başlangyçlarynyň halkara giňişliginde üstünlikli durmuşa geçjekdigine uly ynam bildirdiler.
Aýlar ATAJYKOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň II ýyl talyby.