30/11/-0001
579
ÇAGALYK ARZUWYM HASYL BOLDY
«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda meniň durmuşymda ýadymdan çykmajak baý pursatlar boldy. Men çagalyk döwrümden bäri arzuw edip gelýän kärimiň eýesi bolmak üçin ilkinji ädimimi ätdim. Maňa Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby bolmak bagty miýesser etdi. Heniz okuwçy wagtym men Watanymyzyň, halkymyň ähli ugurlarda hukuklaryny gorap saklamakda goşandymy goşmagy özüme maksat edindim. Şol sebäpden ilki bilen ýurdumyzyň geçmiş taryhyny içgin öwrenmegi ýüregime düwüp, taryh dersi boýunça “Altyn asyryň altyn zehinleri” atly ders bäsleşigine gatnaşyp başladym. Her ýyl bäsleşigiň şäher, welaýat tapgyrlarynda baýrakly orunlara mynasyp boldum.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň garamagyndaky Ýaş diplomatlaryň mekdebi tarapyndan mekdep okuwçylarynyň arasynda “Parahatçylygyň ýaş çaparlary” akyl-paýhas bäsleşigi geçirildi. Men hem uly höwes bilen bu bäsleşige gatnaşdym we saýlama tapgyrlarynda, ýarym final oýnunda ýeňiş gazanyp, jemleýji final oýnunda baýrakly 3-nji orna mynasyp boldum. Bu bäsleşik mende şeýle bir täsin duýgulary galdyrdy. Men hem öz gezegimde ähli ýaşlaryň adyndan ýürek buýsanjymy beýan edip, şular ýaly mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden minnetdarlygymy bildirýärin. Gelejekde öz saýlap alan hukukçy hünärime wepaly bolup ýetişjekdigime ynandyrýaryn.
Ýurdumyzda ýaşlaryň döwrebap, ýokary hilli bilim almaklygy üçin uly tagallary edýän Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize köp sagbolsun aýdýaryn.
Intizar TAGANNYÝAZOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara hukugy fakultetiniň I ýyl talyby.