Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
        • Tarafsızlık politikasının barışçıl yaratıcı gücü ve tarafsızlık doktrini
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • TÄSIRLI GEÇEN DUŞUŞYK
      • Saparlar
        • Bilim ulgamyndaky türkmen-rus hyzmatdaşlygy
      • Ilçileriň leksiýalary
        • ARGENTINANYŇ ÝURDUMYZDA TÄZE BELLENEN ILÇISINIŇ GATNAŞMAGYNDA OKUW SAPAGY GEÇIRILDI
      • Halkara günler
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • Durnukly şäherleri gurmakda ýaşlaryň ornuna bagyşlanan okuw sapagy geçirildi
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Sosial media
      • TikTok
      • Instagram
    • Media
    Esasy / Çäreler / Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli dabara
    Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli dabara
    Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli dabara
    Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli dabara
    Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli dabara
    31/05/2025

    11613

    Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli dabara

    2025-nji ýylyň 31-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda 1-nji iýun ― Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli baýramçylyk çäresi geçirildi. Oňa ýurdumyzdaky daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň işgärleriniň çagalary, Döwletliler köşgüniň okuwçylary, şeýle hem institutyň professor-mugallymlarydyr talyp ýaşlary işjeň gatnaşdylar.
    Dabaranyň başynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory Gülşat Ýusupowa gutlag sözi bilen çykyş etdi. Şunda ýurdumyzda erkana ýaýnaýan bagtyýar çagalarymyzyň rahat dynç alyp, okap, öwrenip, döredip, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, sagdyn bedenli, edep-terbiýeli, Watana wepaly bolup ýetişmeklerine gönükdirilen maksatnamalaryň üstünlikli amala aşyrylýandygy bellenildi. Baýramçylyk dabarasynyň dowamynda çagalaryň wagtyny şadyýan hem-de peýdaly geçirmekleri üçin dürli çäreler guraldy. Has takygy, dabarada erteki gahrymanlarynyň keşbinde çykyş eden talyplaryň çagalara sowgatlary paýlamagy olarda ýakymly täsirleri galdyrdy. Soňra talyplaryň daşary ýurt dillerinde çagalar hakynda aýdymlary ýaňlandy. Çagalar daşary ýurt dillerinde goşgulary ýerine ýetirdiler.
    Dabaranyň dowamynda çagalar «döredijilik meýdançasynda» reňkli kagyzlardan, ýapraklardan tebigy şekilleri, el işlerini ýasadylar. Körpejeleriň sport oýunlary meýdançasynda dürli maşklary ýerine ýetirmekleri sagdyn durmuş endiklerini ösdürmekde ähmiýetli boldy. Soňra çagalar zehin bäsleşiklerinde özleriniň ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. «Ertekiler meýdançasynda» talyplaryň halk ertekilerinden parçalary ýerine ýetirmekleri çagalary jadyly dünýä syýahata alyp gitdi. Şeýle-de «Türkmen medeniýeti» burçunda çagalar milli medeniýetimiziň aýratynlyklary bilen tanyşdyryldy.
    Baýramçylyk çäresiniň ýapylyş dabarasynda çagalar we myhmanlar özleriniň ýagşy arzuw-isleglerini, minnetdarlyklaryny reňkli boýaglardyr kagyzlar bilen beýan etmekleri dabara aýratyn öwüşgin çaýdy. Şeýle çäreleriň guralmagy körpe çagalaryň wagtyny şadyýan, peýdaly geçirmeklerine, olarda ynsanperwerlik, birek-birege ýardam bermek ýaly häsiýetleriň kämilleşmegine uly goşant goşýar.

    Annagül HEKIMOWA,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Dünýä dilleri kafedrasynyň mugallymy.

    Soňky täzelikler

    «BERKARAR DÖWLETIŇ TÄZE EÝÝAMYNYŇ BAGTYÝAR GERÇEKLERI» ATLY DÖREDIJILIK BÄSLEŞIGINIŇ INSTITUT TAPGYRY GEÇIRILDI surady

    28/04/2026

    «BERKARAR DÖWLETIŇ TÄZE EÝÝAMYNYŇ BAGTYÝAR GERÇEKLERI» ATLY DÖREDIJILIK BÄSLEŞIGINIŇ INSTITUT TAPGYRY GEÇIRILDI
    «RAÝAT GORANYŞY WE ADATDAN DAŞARY ÝAGDAÝLARDA HEREKET ETMÄGE TAÝÝARLYK» BOÝUNÇA WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI surady

    23/04/2026

    «RAÝAT GORANYŞY WE ADATDAN DAŞARY ÝAGDAÝLARDA HEREKET ETMÄGE TAÝÝARLYK» BOÝUNÇA WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI
    GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ AWSTRIÝA RESPUBLIKASYNA AMALA AŞYRAN SAPARYNYŇ JEMLERINE BAGYŞLANAN BRIFING surady

    12/04/2026

    GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ AWSTRIÝA RESPUBLIKASYNA AMALA AŞYRAN SAPARYNYŇ JEMLERINE BAGYŞLANAN BRIFING
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2026 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI