Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • “NIPPON” GAZNASYNYŇ KITAPLARYNYŇ GOWŞURYLYŞ DABARASY
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • Durnukly ösüş maksatlary boýunça geçirilen okuw sapagy
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Makalalar / BÜTINDÜNÝÄ ÝAŞLAR FESTIWALY: ylalaşyk we hyzmatdaşlyk
    BÜTINDÜNÝÄ ÝAŞLAR FESTIWALY:  ylalaşyk we hyzmatdaşlyk surady
    10/07/2024

    1353

    BÜTINDÜNÝÄ ÝAŞLAR FESTIWALY: ylalaşyk we hyzmatdaşlyk

    2024-nji ýylyň 26 — 30-njy iýuny aralygynda Özbegistan Respublikasynda Bütindünýä ýaşlar festiwaly üstünlikli geçirilip, oňa türkmen wekiliýetiniň düzüminde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymlary hem gatnaşdylar.
    Täze taryhy döwrümizde Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ýaşlarynyň ukyp-başarnyklaryny hem-de zehinini ýüze çykarmak, olaryň durmuş goraglylygyny üpjün etmek, işewürlik hem-de döredijilik başlangyçlaryny höweslendirmek maksady bilen, işjeň halkara hyzmatdaşlygy alnyp barylýar. Şunda ýaşlaryň halkara hyzmatdaşlygyndaky ornuny has-da berkitmek, goldamak hem-de höweslendirmek ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň esasy möhüm wezipeleriniň biri bolup durýar. Türkmen ýaşlarynyň Özbegistanda geçirilen Bütindünýä ýaşlar festiwalyna gatnaşmagy ýurdumyzda ýaşlaryň halkara hyzmatdaşlygyna uly üns berilýändigine şaýatlyk edýär.
    Festiwal Daşkent şäheriniň 2024-nji ýylda «GDA-nyň Ýaşlar paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli guralýan çäreler bilen utgaşyklykda geçirildi. Dostlukly döwletde ilkinji gezek guralan festiwalyň açylyş dabarasy Samarkant şäherinde boldy. Şeýle hem festiwalyň maksatnamasyna laýyklykda, baý mazmunly dabaralar Özbegistanyň birnäçe şäherlerinde hem guraldy. Festiwala dünýä döwletleriniň 150-den gowragyndan ýaşlaryň müňlerçesi gatnaşdy.
    Bütindünýä ýaşlar festiwaly «Ylalaşyk we hyzmatdaşlyk» atly şygar bilen geçirilip, munuň özi aýratyn mazmuna eýedir. Çünki häzirki döwrüň wajyp meseleleri boýunça köptaraply halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde giň gözýetimli, başarnykly, täze dünýägaraýyşly ýaşlara uly orun degişlidir. Şeýle ýaşlar meseleleri çözmekde düýpgöter täzeçe, özara kabul ederlikli çemeleşmeleri teklip edip bilýärler.
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymlary hem türkmen wekiliýetiniň düzüminde Bütindünýä ýaşlar festiwalyna gatnaşyp, degişli sammitlerde üstünlikli çykyş etdiler. Myhmanlar üçin taýýarlanan medeni maksatnama aýratyn ýatda galyjy boldy.
    Mälim bolşy ýaly, geçen ýylda döwlet Baştutanymyzyň Karary esasynda «Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023 — 2030-njy ýyllar üçin Strategiýasynyň» tassyklanylmagynyň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Bütindünýä ýaşlar jemgyýetiniň resmi agzalygyna kabul edilmeginiň ýurdumyzyň halkara ýaşlar dialogyny giňeltmek ugrunda alyp barýan işleriniň nobatdaky ykrarnamasy bolandygyny bellemek gerek. Şunuň bilen baglylykda, 2023-nji ýylyň 2-nji oktýabrynda Arkadag şäherindäki Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda ýaşlaryň dünýäde durnukly geljegi gurmak ugrunda artýan ornuna bagyşlanyp geçirilen «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly halkara ýaşlar forumynyň, geçen ýylyň 30-njy oktýabrynda Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Halklaryň dostlugy — ýaşlaryň bagtyýar geljeginiň kepili» atly Ýaşlaryň halkara maslahatynyň geçirilmegi, noýabr aýynda bolsa Mary şäherinde «Beýik Ýüpek ýolunyň täze eýýamy» ady bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň ýaşlarynyň forumynyň geçirilmegi aýratyn ähmiýete eýedir. Şoňa görä-de, türkmen wekiliýetiniň şu gezekki Bütindünýä ýaşlar festiwalyna gatnaşmagy ýaşlaryň özara tejribe alyşmaklary, bilim hem-de hünär taýdan kämilleşmekleri üçin täze mümkinçilikleri döretdi.
    Ýaş nesillerimize ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, beýik işleri rowaçlyklara beslensin!

    Sülgün NEPESOWA,
    Halkara ykdysady gatnaşyklary
    kafedrasynyň mugallymy.

    Çeşme: «Ýaş diplomatyň sesi» № 20 (103) 2024-nji ýylyň 10-njy iýuly
    //https://www.iirmfa.edu.tm/tm/gazet/yas-diplomatyn-sesi-internet-gazeti-20-103-090724_3765

    Soňky täzelikler

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik surady

    05/06/2025

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik
    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI surady

    05/06/2025

    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI
    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ  СЛОВО surady

    05/06/2025

    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ СЛОВО
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI