Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
        • Prezentasiýa bäsleşigi geçirildi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
        • YLMY-AMALY MASLAHAT GEÇIRILDI
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Halkara günler / BÜTINDÜNÝÄ KITAP WE AWTORLYK HUKUGY GÜNI
    BÜTINDÜNÝÄ KITAP WE AWTORLYK HUKUGY GÜNI surady
    30/11/-0001

    1049

    BÜTINDÜNÝÄ KITAP WE AWTORLYK HUKUGY GÜNI

    Aň-bilimi, durmuşyň ähli ugurlaryny şöhlelendirmegiň, ýaýratmagyň iň möhüm serişdesi we ygtybarly usuly bolan kitabyň goralyp saklanmagyny göz öňünde tutup, 1996-njy ýylyň 23-nji aprelinde ilkinji gezek Bütindünýä kitap we awtorlyk hukugy güni bellenildi. Bu senäni bellemeklik hakyndaky çözgüt ÝUNESKO-nyň 1995-nji ýylyň 15-nji noýabrynda geçiren

    28-nji sessiýasynyň Rezolýusiýasy esasynda kabul edildi.

    Mundan öň hem kitap gününi bellän birnäçe ýurtlar we guramalar bar. 1926-njy ýylda Ispaniýanyň koroly Alfonso XIII Ispaniýada kitap gününi bellemek barada Karara gol çekýär. Käbir jedellerden soň bu güni 23-nji aprelde – Migel de Serwantesiň aradan çykan senesinde bellemeklik karar edilýär. Taryhçylaryň pikirine görä, ýazyjy aslynda 22-nji aprelde aradan çykýar, ýöne şol döwrüň däp-dessurlaryna görä onuň jaýlanyş senesi – 23-nji aprelde bolup geçýär. Barselonada şol gün Kataloniýanyň howandary Keramatly Jorjuň hormatyna bagyşlanyp geçirilen baýramçylyga gabat gelýär. Şol gün ýurduň kitap satyjylary uly kitap ýarmarkasyny guraýarlar. 1931-nji ýyldan başlap hut şol ýerde kitap satyn alan adama gül sowgat bermek däbi galýar.

    Birleşen Milletler Guramasynyň internet sahypasynda görkezilişi ýaly, bu güni 23-nji aprelde bellemeklik dünýä edebiýatynyň meşhur wekilleri Migel de Serwantesiň, William Şekspiriň, Inka Garsilaso de la Weganyň aradan çykan gününi ýatda saklamaklygyň hormatyna saýlanyldy.

    2000-nji ýyldan bäri ÝUNESKO we üç sany esasy kitap pudagyna wekilçilik edýän halkara guramalar – neşirýatçylar, kitap satyjylar we kitaphanalar her ýyl şäherleriň birine Bütindünýä kitap paýtagty diýen hormatly ady dakýarlar.

     

    Laçyn BERDIMYRADOWA,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 4-nji ýyl talyby.

    Soňky täzelikler

    TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY! surady

    01/06/2025

    TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
    1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni surady

    31/05/2025

    1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
    INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN  TURKMENISTAN surady

    30/05/2025

    INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI