Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • “NIPPON” GAZNASYNYŇ KITAPLARYNYŇ GOWŞURYLYŞ DABARASY
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • Durnukly ösüş maksatlary boýunça geçirilen okuw sapagy
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Halkara günler / Bütindünýä deňiz güni
    Bütindünýä deňiz güni surady
    30/11/-0001

    1147

    Bütindünýä deňiz güni

    Bütindünýä deňiz güni her ýylyň sentýabr aýynyň soňky hepdesinde bellenilýär. Her bir ýurt aýratynlykda islendik güni saýlap, bu senäni belläp biler. Halkara Deňiz Guramasynyň bu gün bilen bagly resmi çäreleri her ýylyň 30-njy sentýabrynda meýilleşdirilýär. Birleşen Milletler Guramasy deňizleriň we ummanlaryň parahatçylykly, hyzmatdaşlyk etmegi we kanuny taýdan kesgitlenen şahsyýetleriň peýdasyna ulanylmagyny üpjün etmek üçin iş alyp barýar. Halkara günleriň ähmiýeti tutuş adamzat köpçüligine alada döredýän meseleler boýunça bilim bermek, global kynçylyklary çözmek üçin syýasy erk we serişdeleri toplamak, adamzadyň gazananlaryny bellemek we berkitmek üçin şertdir.

    2006-njy ýylyň 12-nji awgustynda Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramaga gönükdirilen Çarçuwaly konwensiýa kabul edildi. Şol sene mynasybetli indi her ýylyň 12-nji awgusty ýurdumyzda Hazar deňziniň güni hökmünde bellenilýär.

    Türkmenbaşy aýlagynyň çäginde “Ramsar” konwensiýasynyň obýektleriniň hereket edýändigini gezelenç edeniňde, gülleriň, flamingolaryň, geronlaryň täsin ýaşaýyş mekanynda görmek bolýar. Bu bolsa biziň ýurdumyzda “guşlaryň Eldoradosy” hasaplanýan tebigy ýerleriň we resurslaryň barlygyny aňladýar. 1932-nji ýyldan bäri Türkmenbaşy şäherinde “Hazar döwlet tebigy goraghanasy” hereket edýär. Şu güne çenli ekologlar deňiz gurşawynyň hapalanmagynyň öňüni almak, dikeltmek, biologiki baýlyklary durnukly peýdalanmak, tebigaty goramak babatynda amaly çäreleri görmäge başlady.

    Ýene-de möhüm wakalardan biri, 20 ýyl bäri taýýarlanylýan we taryhy waka öwrülen Hazar deňziniň kanuny ýagdaýy baradaky konwensiýanyň bäş döwletiniň Prezidentleriniň gol çekmegi bilen hukuk güýje eýe bolmagydyr. Hazar deňzi bekre balyklarynyň gymmatly dünýä ätiýaçlyklary we gymmatly biodürlüligi bilen dünýädäki iň uly ýapyk suw howdanlarynyň biridir. Türkmenistanda Hazar güni mynasybetli tematiki bäsleşikler, tebigat muzeýlerinde ekspozisiýalar, ýurduň ýokary okuw mekdeplerinde seminarlar we ylmy çekeleşmeler guralýar.

    Bütindünýä deňiz gününiň geçirilmeginiň esasy maksady, halkara jemgyýetçiliginiň ünsüni deňizde we ummanlarda aşa köp balyk tutmagy, suw desgalarynyň hapalanmagy we global ýylylyk sebäpli düzedip bolmajak zyýana, şeýle hem biologiki, tebigy we gorap saklamagyň derwaýys meselelerine çekmek we geljekki nesiller üçin deňizleriň dynç alyş çeşmelerini ýokarlandyrmakdan ybaratdyr. Her ýyl Bütindünýä deňiz güni başlananda, dünýäniň dürli ýurtlarynda daşky gurşaw çäreleri, dürli ekologiýa we bilim çäreleri, ýörişler bilen utgaşýar.

    Amanbagt USSAÝEWA,

    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

    Halkara gatnaşyklary institutynyň

    Halkara hukugy fakultetiniň talyby.

    Soňky täzelikler

    TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY! surady

    01/06/2025

    TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
    1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni surady

    31/05/2025

    1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
    INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN  TURKMENISTAN surady

    30/05/2025

    INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI