12/06/2026
41
BUŞLUK, ÝAŞ ALYM BOLDUM!
12-nji iýun – ähli ýaş alymlar bilen birlikde meniň üçin hem bagtly günleriň biri boldy. Biz ýaşlaryň arzuw-islegleriniň hasyl bolýan döwründe ýaşaýarys. Türkmenistanda ýaşlaryň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşikde ýeňiji bolanymda, muňa has-da aýdyň göz ýetirdim. Bu uly ýeňiş biz ýaş alymlary täze ylmy-döredijilik gözleglerine ruhlandyrýar.
Ylym we bilim islendik döwletiň ösüşiniň, şol sanda Watanymyzyň ykdysady, ylym-bilim mümkinçilikleriniň binýady hem-de möhüm şerti bolup durýar. Häzirki wagtda «Türkmenistanda ylym ulgamyny ösdürmegiň 2024 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasy» üstünlikli durmuşa geçirilip, bu ugurda alnyp barylýan döwletli işler özüniň ajaýyp miwelerini hem berýär. Şunuň bilen baglylykda, zehinli ýaşlary ylma, bilime, täze tehnologiýalar boýunça işlere höweslendirmek esasy wezipeleriň biridir. Ylym ulgamynda diňe 2026-njy ýylyň dowamynda ýetilen üstünlikler muny aýdyňlygy bilen subut edýär. Şu ýylyň 27-nji martynda hormatly Prezidentimiz «Türkmenistanyň intellektual eýeçilik ulgamyny ösdürmegiň 2026 — 2052-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyny» tassyklap, degişli Karara gol çekdi. Şeýle-de 2026-njy ýylyň 15-nji aprelinde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda «Sanly ylym» ÝUNESKO kafedrasynyň açylyş dabarasy geçirildi. Türkmenistanyň ÝUNESKO bilen hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge ygrarlydygyny ýene bir gezek subut etdi. Bu kafedra sanly ulgamda häzirki zaman ylmynyň gazananlary boýunça özara hyzmatdaşlygy köptaraplaýyn ösdürmäge hem-de milli tejribäni dünýä giňişliginde wagyz etmäge ýardam berer.
Hormatly Prezidentimiziň: «Ylym ýaşlaryň özlerine, şu gününe we geljegine bolan ynamyny ösdürýän, olara ýaşaýşyň täze syrly gapylaryny açyp berýän gudratly güýçdür» diýip, biz ýaş alymlara uly ynam bildirýär. Döwletimiz tarapyndan ýaşlara uly ynam bildirilýän şeýle döwüre dahylly bolmagyň özi-de uly bagt. Türkmençilikde ynamy ödemek parz hasaplanýar. Ata Watanyň biz ýaşlara bildiren ynamy bolsa mukaddesdir.
Ýaşlaryň aýdyň ertirlerini nazarlaýan beýik işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, il bähbitli bütindünýä ähmiýetli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Sahydöwlet HÜMMETJUMAÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary fakultetiniň 3-nji ýyl talyby,
Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça bäsleşiginiň ýeňijisi