07/12/2023
1719
Bitaraplyk şöhratymyz – şanymyz
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda gülleýän Watanymyzda hemişelik Bitaraplygymyzyň 28 ýyllyk toýy uludan tutulýar. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda şanly baýramçylyk mynasybetli paýtagtymyz toý lybasyna beslenip, aýratyn gözellik we baky bagtyýarlyk eçilýär. «Dünýäde BMG tarapyndan ykrar edilen ilkinji Bitarap döwlet – bu biziň ata Watanymyz – eziz Türkmenistandyr!» diýlen nurana, buýsançly sözler bugün abadan halkymyzyň diliniň senasyna, ýürek owazyna öwrüldi. Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň iň ýakyn we ynamdar hyzmatdaşy. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ak şäherimiz Aşgabat bolsa häzirki wagtda sebitde ylalaşdyryjy merkez hökmünde dünýä tanalýar. Baky Bitaraplygymyzyň ykrar edilen geçen 28 ýyllyk döwrüň tejribesi munuň şeýledigini doly subut edýär. XX asyryň 90-njy ýyllarynyň ortalarynda Aşgabatda Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda Täjigistandaky we Owganystandaky içerki gapma-garşylyklaryň, syýasy taýdan çözülmegi boýunça gepleşikleriň geçirilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Häzirki döwürde bu tejribe sebit boýunça aýratyn ähmiýetli bolup durýar. Şeýlelikde, Owganystandaky ýagdaýyň parahatçylykly ýol bilen kadalaşdyrylmagy, sebitleýin ýaragsyzlanmak meselesine goldaw bermek, suw, energetika meseleleriniň deňeçer çözgüdini tapmak, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek ýaly häzirki döwrüň wajyp meselelerini çözmek ugrunda Türkmenistan BMG-niň iň ygtybarly hyzmatdaşyna öwrüldi. Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň 58, 62, 64, 68, 71, 75-nji mejlislerine wise-başlyklyga, şeýle hem dürli ýyllarda we dürli möhletlerde bu guramanyň abraýly düzümlerine saýlandy.
Türkmenistanyň daşary syýasatynyň baş ýörelgesi oňyn bitaraplygydyr. Onuň many-mazmuny halky häsiýetlidir. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow özüniň «Bitarap Türkmenistan» atly düýpli eserinde şeýle ýazýar: «Biz oňyn bitaraplyk diýlip atlandyrylýan nusgany saýlap aldyk. Onuň esasy düzgünleri parahatçylyk söýüjilikden, beýleki döwletleriň işine gatyşmazlykdan, olaryň özbaşdaklygyny we çäk bitewüligini hormatlamakdan, halkara harby bileleşiklere hem-de harby şertnamalara goşulmazlykdan ybaratdyr».
Türkmenler asyrlaryň dowamynda dagynyklygyň, daşky çozuşlaryň jebrini çekipdirler, beýik Pyragy aýtmyşlaýyn, öz döwlet binalaryny gurup, saýasynda erkin ýaşamagyň arzuwyny edipdirler. Şol sebäpli bitaraplygyň esasy häsiýetnamalary parahatçylyk söýüjilik, sabyr takatlylyk, başgalaryň garaýyşlaryna sarpa goýmak, dünýä üçin açyk bolmak olaryň ruhuna mahsusdyr we düşnüklidir. Türkmenistanyň uzak geljegi nazarlap, öňe süren oňyn bitaraplyk ýörelgesi iki sany hakyky ýagdaýy – geosyýasy we geoykdysady ýagdaýlary göz öňünde tutýar. SSSR-iň dargamagy we täze özbaşdak döwletleriň emele gelmegi sebitde güýçleriň täze geosyýasy mynasybetini döredip, döwletleriň täze uly geosyýasy düzümini emele getirdi. Türkmenistan onuň merkezine düşdi. Beýleki tarapdan, amatly geografik ýagdaýa eýe bolmak bilen, Türkmenistan Ýewropa bilen Aziýanyň strategik ýollarynyň çatrygyna düşüp, bu iki yklymyň arasyndaky özboluşly köprä öwrüldi. Bu seýrek duş gelýän geografik ýagdaýyň ýurduň ägirt uly mineral-çig mal gory bilen utgaşmagy türkmen bitaraplygynyň nusgasyny dünýä bileleşiginiň öňünde aýratyn ähmiýetli we özüne çekiji edýär. Türkmen bitaraplygy daşary ýurtlar bilen hyzmatdaşlykda siwilizasiýalaşan, birek-birege peýdalylyk esasynda bu tebigy baýlygy çalt we netijeli özleşdirmäge gönükdirilendir. Türkmen bitaraplygynyň nusgasy özgeren dünýäniň täze hakykatyny, häzirki zaman geosyýasatyny oňat bilmekligi özünde jemleýär we halkymyzyň milli häsiýetine, asyrlar boýy dowam edip gelýän däp-dessurlaryna daýanýar. Bu nusgany ykrar etmek barada milletleriň dünýä bileleşigine ýüz tutmazdan ozal, goňşy döwletlere sala salyndy. 1995-nji ýylyň martynda Yslamabatda (Päkistan) YHG-ä girýän döwletleriň Baştutanlarynyň duşuşygy boldy. Duşuşykda türkmen bitaraplygyny halkara derejesinde ykrar etmek pikiri orta atyldy. Bu pikiri YHG-ä girýän on döwletiň onusy hem goldady. Soňra 1995-nji ýylyň iýulynda Kartahenada (Kolumbiýa) düzüminde 113 döwlet bolan Goşulmazlyk hereketiniň maslahaty bolup geçdi. Şonda Türkmenistan GDA ýurtlarynyň arasynda ilkinji bolup (114-nji döwlet bolup) bu herekete goşuldy. Goşulmazlyk hereketi hem Türkmenistanyň hemişelik bitarap döwlet derejesini almaga hyjuwyny biragyzdan goldady.
1995-nji ýylyň 12-nji dekabry Türkmenistanyň parahatçylyk söýüji daşary syýasatynyň hakyky dabaralanan güni boldy. Şol gün BMG-niň Baş Assambleýasy dünýäniň 185 döwletiniň biragyzdan ses bermegi bilen, «Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy» barada ýörite Kararnama kabul etdi. Kararnamanyň hemaýatkärleri bolup Russiýa, ABŞ, Hytaý, Türkiýe, Eýran, Hindistan, Pakistan, Fransiýa, Germaniýa, Angliýa, Ispaniýa, GDA döwletleri, arap ýurtlary (jemi 25 döwlet) çykyş etdi. Şeýle köp döwletleriň işeňňir gatnaşmagynda taýýarlanan möhüm resminama BMG-niň taryhynda ilkinji gezek kabul edildi.
Hakykatdan-da, ýaş milli döwletiň, külli türkmeniň durmuşyndaky bu görlüp-eşidilmedik wakanyň ähmiýeti örän uludyr. Bitaraplyk halkymyzyň taryhy ykbalynda Garaşsyzlyk bilen bir hatarda duran ägirt hadysadyr. Ol ýurdumyzyň her bir raýaty üçin parahat durmuşyň kepillendirmesidir, ertirki gününe ynamly garamakdyr, arkaýyn zähmet çekmek we erkana nesil ýetişdirmek mümkinçiligidir.
Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy dünýä syýasatynda, halkara gatnaşyklarynda täze hadysadyr. Onuň düýp manysy ynsanperwerlikdir. Ol ägirt uly ruhy-ahlak güýçdür. Türkmen bitaraplygynyň şeýle güýje eýedigine, onuň sebitde howpsuzlyga we durnuklylyga uly goşant goşýandygyna dünýä jemgyýetçiligi barha aýdyň göz ýetirýär.
Türkmenistan islendik döwletler bilen ykdysady hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny olar bitarap döwlet hökmünde onuň öz üstüne kabul eden halkara borçnamalaryna ters gelmeýän halatda ikitaraplaýyn ýa-da köptaraplaýyn esasda ýola goýýar. Türkmenistan islendik döwletiň ýa-da halkara guramasynyň ykdysady we tehniki ýardamyny diňe onuň özygtyýarlylygyna we bitaraplyk derejesine howp salyp biljek
şertler öňe sürülmedik halatda kabul edýär.
Türkmenistan syýasy maksatlary gazanmak, öz garaýyşlaryňy we düşünjeleriňi boýna dakmagyň serişdesi hökmünde bir döwletleriň beýlekilere ykdysady taýdan zor salmagyny ret edýär we şunuň bilen baglanyşykly olaryň yglan edýän ykdysady gabamalaryna, ýanamalaryna we ykdysady bähbitleri kemsitmegiň beýleki görnüşlerine gatnaşmaýar. Ynsanperwerçilik çäklerde öz daşary syýasat ugruny ýöretmek bilen, Türkmenistan adamyň jemgyýetiň iň belent gymmatlygy bolup durýanlygy we her bir döwletiň tagallalarynyň şahsyýetiň erkin ösmegi üçin mümkingadar amatly şertleri, onuň öz ukyp-isleglerini durmuşa geçirmegi üçin mümkinçilikleri döretmäge gönükdirilmelidigi baradaky şygardan ugur alýar. Türkmenistan adam hukuklarynyň ählumumy jarnamasynda bellenilen esasy demokratik hukuklary we azatlyklary ykrar edýär we olara sarpa goýýar, olaryň netijeli amala aşyrylmagy üçin syýasy, ykdysady, kanuny we beýleki kepillendirmeleri döredýär.
Türkmenistan beýleki döwletler bilen öz gatnaşyklaryny olaryň halklarynyň medeniýetine, däplerine we dessurlaryna, taryhy hakydasyna sarpa goýmak esasynda
gurýar. Türkmenistan ynsanperwerlik gatnaşyklaryna halklaryň ysnyşmagynyň, olaryň arasynda özara düşünişmegiň çuňlaşmagynyň, dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmegiň örän möhüm serişdesi hökmünde garaýar. Türkmenistan
milletleriň we halkyýetleriň arasynda ruhy gymmatlyklaryň alşylmagyny, medeniýetleriň özara aralaşmagyny we özara baýlaşmagyny mübärekleýär, höweslendirýär. Türkmenistan döwletleriň we halkara jemgyýetçiliginiň uruşlardan, dawalardan, tebigy apatlardan, heläkçiliklerden, keselleriň giň ýaýramagyndan we olaryň netijelerinden ejir çeken ýurtlara kömek bermek baradaky tagallalaryny goldaýar. Türkmenistan bosgunlaryň, göçürilen adamlaryň we göçmäge mejbur bolanlaryň hukuklaryny üpjün edýän esasy halkara-hukuk namalaryna goşulýar, şol adamlar üçin durmuş-syýasy kepillendirmeleri we zerur bolan ýaşaýyş şertlerini döretmek boýunça çärelere işjeň gatnaşýar.
2017-nji ýylyň 2-nji fewralynda Birleşen milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 71-nji maslahatynda Milli Liderimiziň baştutanlygynda Türkmenistanyň teklibi bilen 12-nji dekabry «Halkara Bitaraplyk güni» diýip yglan etmek barada Rezolýusiýa biragyzdan kabul edildi. Şol günden bäri her ýylyň 12-nji dekabry – Halkara Bitaraplyk güni dünýäniň ähli ýurtlary tarapyndan uly dabara bilen bellenýär.
Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, dünýä döwletleri bilen dost-doganlyk gatnaşyklarymyzy pugtalandyrmak, halkara hyzmatdaşlygyny netijeli ösdürmek döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyndan gelip çykýan esasy ýörelgeleriň biridir. Baky Bitaraplyk – bu biziň bütin dünýäde parahatçylygy ündeýän, halklary dost-doganlyga, agzybirlige çagyrýan hem-de ynsanperwerlige wagyz edýän ýörelgelerimizi dünýä ýaýýan taglymat bolup hyzmat edýär. Häzirki döwürde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerinden gelip çykýan aýdyň wezipeler dünýäde ählumumy parahatçylygyň pugtalanmagynda, durnukly ösüşiň we abadançylygyň üpjün edilmeginde möhüm ähmiýete eýe bolup durýar.
Ýetip gelýän belent ynsanperwerligiň baýramyna öwrülen 12-nji dekabr – Halkara Bitaraplyk güni bilen Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy, mähriban halkymyzy tüýs ýürekden gutlaýarys. Goý, dünýäde hemişe parahatçylyk höküm sürsün! Parahatçylyk arkaly ösüş dabaralansyn! Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz we hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Laçyn MÄTJÄÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy
fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.
Soňky täzelikler
23/11/2024
Ýaşlygyň uly serpaýy20/11/2024
BÜTINDÜNÝÄ ÇAGALAR GÜNI