02/12/2024
862
Bitaraplyk – dünýä parahatçylygynyň beýik nyşany
Türkmenistan Garaşsyzlygyny gazanan ilkinji günlerinden bitaraplyk ýoluny saýlap aldy. Taryh üçin uzak bolmadyk döwürde Bitaraplygyň türkmen nusgasyny döretdi we ony «oňyn Bitaraplyk» diýip atlandyrdy. Şoňa görä-de, ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasy hemişelik Bitaraplyk derejesine esaslanýar. Türkmenistanyň Bitaraplygy parahatçylyk söýüjilik, beýleki döwletleriň içerki işine gatyşmazlyk, olaryň özygtyýarlygyna, çäk bitewüligine hormat goýmak, açyklyk ýaly asylly ýörelgelerden ugur alýar. Döwletimiz maksada okgunly, özygtyýarly, bitarap, şol bir wagtyň özünde-de, işjeň hem netijeli daşary syýasaty durmuşa geçirýär.
1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň çözgüdi bilen Türkmenistan hemişelik Bitarap döwlet diýlip ykrar edildi. “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” atly Kararnama üçin şol wagtky BMG-ä agza 185 döwletiň ählisi biragyzdan ses berdi. Şoňa görä-de, bu şanly waka ähli türkmenistanlylar üçin aýratyn buýsançly güne öwrüldi.
Ynsanperwer we demokratik ýörelgelere eýerýän ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk derejesini almagy bilen, durmuş we ykdysady taýdan ähmiýetli strategik wezipeleri üstünlikli çözýändigini ynamly aýtmak bolar. Ähli ulgamlarda gazanylýan ösüşler, Türkmenistanyň halkara giňişlikdäki belent abraýy munuň aýdyň mysalydyr.
Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döredijilikli başlangyçlary häzirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilip, dünýä jemgyýetçiliginiň giň goldawyna eýe bolýar, netijeli halkara hyzmatdaşlyk üçin ygtybarly binýat bolup çykyş edýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda beýan eden teklipleriniň, şol sanda dünýäde parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, BMG tarapyndan yglan edilen Durnukly ösüş maksatlaryny gazanmak, energetika, ulag, ekologiýa, howanyň üýtgemegi, ynsanperwer ulgamlarda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak babatda öňe süren başlangyçlarynyň aýratyn ähmiýetini bellemek gerek.
“Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyna” laýyklykda, dünýäniň dürli ýurtlary, Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropa Bileleşigi, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Goşulyşmazlyk Hereketi, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy we beýleki abraýly düzümler bilen netijeli gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna uly ähmiýet berilýär. BMG-niň ýöriteleşdirilen düzümleri bolan Ösüş maksatnamasynyň, ÝUNESKO-nyň, Ilat gaznasynyň, Çagalar gaznasynyň, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň ýurdumyzdaky wekilhanalary bilen hyzmatdaşlyk hil taýdan täze many-mazmunda baýlaşdyrylýar.
BMG-niň Ykdysady we Durmuş geňeşiniň nobatdaky mejlisinde ýurdumyzyň bu guramanyň Ilat we ösüş boýunça komissiýasynyň 2024 — 2028-nji ýyllar üçin agzalygyna biragyzdan saýlanylandygyny bellemek gerek. Munuň özi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň içeri we daşary syýasatynyň, Türkmenistanyň dünýä giňişliginde barha belende galýan abraýynyň, ýurdumyzyň halkara gatnaşyklarynyň ösdürilmegine, sebit we ählumumy hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine goşýan uly goşandynyň dünýäde ykrar edilmeginiň nobatdaky beýanydyr.
Häzirki döwrüň ýagdaýlary bilen baglylykda, türkmen Bitaraplygynyň ähmiýetli orny we onuň mümkinçilikleriniň zerurlygy ýene-de bir gezek tassyklanylýar. Häzirki wagtda düzümine 20-den gowrak döwlet girýän parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine Bitaraplygyň dostlary toparynyň işi munuň aýdyň mysallarynyň biridir. Şol toparyň düzümine girýän döwletleriň hatarynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 1995-nji we 2015-nji ýyllardaky “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy”, 2017-nji ýylda kabul edilen “Halkara Bitaraplyk güni” we 2020-nji ýylda kabul edilen «Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy saklamakda we pugtalandyrmakda hem-de durnukly ösüş işinde bitaraplyk syýasatynyň orny» atly Kararnamalarynyň awtordaşy bolan ýurtlar hem bar. Bu köptaraplaýyn dialogyň çäklerinde yzygiderli geçirilýän duşuşyklar halkara gatnaşyklarda bitaraplyk ýörelgelerini ilerletmek we ählumumy abadançylygyň bähbidine netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin durnukly syýasy-diplomatik gurallary işläp taýýarlamaga ýardam bermäge gönükdirilendir.
30 ýyldan gowrak wagt bäri Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň doly hukukly we işjeň agzasy hökmünde onuň Tertipnamasynyň ýörelgeleriniň durmuşa geçirilmegine möhüm goşant goşmagyny dowam etdirip gelýär. Parahatçylykly ýaşamagyň, öňüni alyş diplomatiýasynyň, deňhukukly dialogyň ähmiýetini öňe sürýän Türkmenistan halkara giňişlikde hemişe netijeli hyzmatdaşlygyň tarapdary bolup çykyş edýär. 2025-nji ýylda Bitaraplygyň 30 ýyllygyny dabaraly bellemäge, şeýle hem BMG-niň Baş Assambleýasynyň geljek ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek hakynda Kararnamasyny durmuşa geçirmäge taýýarlyk görüp, Türkmenistan hyzmatdaşlar bilen işjeň gatnaşyklaryny dowam etdirýär.
Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) garamagyna hödürlän teklipleriniň, şol sanda «Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri» atly milli hödürnamasynyň bu guramanyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi, Aşgabadyň «Dizaýn» ugry boýunça ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna girizilmegi, Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygynyň 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçilýän şanly seneleriň sanawyna goşulmagy, ýurdumyzyň 2023 — 2027-nji ýyllar üçin ÝUNESKO-nyň Bedenterbiýe we sport boýunça hökümetara komitetiniň agzalygyna biragyzdan saýlanmagy, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä ýaşlar jemgyýetiniň resmi agzalygyna kabul edilmegi 2023-nji ýylda Watanymyzyň halkara abraýynyň has-da beýgelmeginde möhüm ähmiýete eýe boldy.
Bitaraplyk barada söz açylanda, Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň onuň ýer togalagynda has giňden tanalmagyna ýardam berýän esasy aýratynlygydygyny bellemek, gör, nähili ýakymly. Bu Bitaraplyk hukuk derejesi türkmenleriň ata-babalaryndan gaýdan parasatlylygyny şöhlelendirýän we häzirki döwrüniň bähbitlerine laýyk gelýän Türkmenistanyň hem-de dünýä bileleşiginiň ösüş hereketlerini sazlaşykly utgaşdyryjydyr. Şeýle beýik işleriň durmuşa geçirilmeginde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halky üçin çekýän irginsiz zähmeti durýar.
Halkymyzyň buýsanjyny artdyrýan işleriň aňyrsynda döwlet derejesinde edilýän aladalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigi baradaky hakykat dur. Bu gün ildeşlerimiz röwşen geljegine ynamly garaýar. Halkymyz parahat, bolelin, abadan durmuşda ýaşaýar. Täze taryhy döwrümizde döwletimiziň ykdysadyýeti kuwwatlanyp, ösüş depginlerimiz gün-günden ýokarlanýar. Bularyň ählisi halkymyzyň uly ynamy bilen mundan beýläk-de berkarar döwletimiziň esaslaryny has-da pugtalandyrmak ugrunda çykyş edýän Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde mümkin boldy.
Ömrüniň manysyny halka gulluk etmäge bagyşlan Gahryman Arkadagymyzyň döwletli tutumlary, şol asylly başlangyçlary mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan işleri dine bir türkmen halkynyň däl, eýsem, Zeminiň ähli halklarynyň abadan, rowaç durmuşyny nazarlaýar. Goý, parasatly taglymatlary, beýik başlangyçlary bilen döwletimizi, halkymyzy aýdyň geljege tarap ynamly öňe alyp barýan Milli Liderimiziň, hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak, mertebeleri hemişe belent bolsun!
Muhammet BÄŞIMOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasynyň
uly laboranty.