09/12/2023
877
Bitaraplyk –baky berkararlygyň binýady
Parahat söýüji dost-doganlyk gatnaşyklaryny berkidýän, ylalaşdyryjy merkez hökmünde tanalýan ata Watanymyz bu gün diňe bir sebitde däl, eýsem, tutuş dünýäde özüniň at-abraýyny, syýasy ornuny has-da berkitdi. Ýurdumyzyň Bitaraplyk syýasaty özara düşünişmek, birek-birege sarpa goýmak ýaly ynsanperwer ýörelgelere gönükdirilendir. Asuda we erkana durmuş halkymyzyň, ata-babalarymyzyň asyrlap arzuw eden arzyly gymmatlygydyr.
1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» hakyndaky Rezolýusiýanyň kabul edilmegi ýaş türkmen döwletiniň parahat söýüjilikli we ynsanperwer daşary syýasatyna halkara bileleşiginiň beren ýokary bahasydyr. 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde bu Rezolýusiýasynyň ikinji gezek kabul edilmegi bolsa Türkmenistanyň sebit we dünýä möçberinde parahatçylygy, howpsuzlygy hem-de durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen netijeli daşary syýasatynyň ählumumy ykrar edilmeginiň doly subutnamasydyr. Rezolýusiýada sebitde parahatçylygyň we howpsuzlygyň berkidilmeginde Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesiniň taryhy tejribesi we aýgytlaýjy ähmiýeti, halkara gatnaşyklary ulgamynda dostlukly we özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmekdäki hyzmaty ykrar edilýär.
Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen işjeň hyzmatdaşlygy alyp barýar. Ýurdumyzyň BMG-niň düzümlerine agzalyga saýlanmagy hem munuň aýdyň netijesidir. Şeýle-de ýurdumyz BMG-niň Baş Assambileýasynyň mejlislerinde birnäçe başlangyçlar boýunça çykyş edip, olaryň durmuşa geçirilmegi babatda anyk wezipeleri kesgitleýär. Soňky ýyllarda Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan birnäçe möhüm ähmiýetli kararnamalaryň kabul edilmegi muny doly tassyklaýar. Olar halkara söwda-ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmek, howanyň üýtgemegi bilen bagly ekologiýa howpsuzlygyny gazanmak, daşky gurşawy goramak we halkara ulag geçelgelerini döretmek bilen baglanyşyklydyr. Ýurdumyzyň bu ugurdaky başlangyçlary, teklipleri dünýä jemgyýetçiligini gyzyklandyrýar hem-de giň goldawa eýe bolýar. Energiýa serişdeleriniň üstaşyr geçirilmeginiň howpsuzlygyny üpjün etmek ýurdumyzyň öňe sürýän halkara başlangyçlarynyň biridir.
Türkmenistan dünýäde parahatçylygy üpjün etmek boýunça hem möhüm ähmiýetli başlangyçlary öňe sürýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen, 2007-nji ýylyň 10-njy dekabrynda Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň açylmagy muny aýdyň görkezýär. Merkez hereket edip gelýän ýyllarynyň dowamynda sebitiň ýurtlary üçin umumy bolan dürli meseleleri çözmekde we olaryň hyzmatdaşlygyny ýola goýmakda uly tejribe toplady. 2017-nji ýylyň 17-nji noýabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 72-nji mejlisinde «Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin sebit merkeziniň orny» atly Rezolýusiýa kabul edilmegi merkeziň öz öňünde goýýan wezipelerini netijeli amala aşyrýandygynyň subutnamasy boldy.
Türkmenistanyň başlangyjy esasynda 2022-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýanyň 77-nji sessiýasynyň umumy mejlislerinde köptaraplaýyn, netijeli we deňhukukly gatnaşyklaryň umumy hereketleriniň bir bölegi hökmünde dürli meseleler boýunça dialogy ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy pugtalandyrmaga gönükdirilendir. Şoňa görä-de, biziň ýurdumyz halkara gatnaşyklarda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly filosofiýasyna eýerip, täze beýik sepgitleri nazarlaýar.
Türkmenistan dünýä döwletleri, abraýly halkara guramalar bilen sazlaşykly gatnaşyklary ýola goýmak, halkara hyzmatdaşlygyň düýbünden täze, netijeli ýollaryny we ugurlaryny kemala getirmek babatda gymmatly tejribeleri toplady. Arkadagly Gahryman Serdarymyz: «Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan iki gezek ykrar edilen Bitaraplyk derejämize berk eýerip, dünýä giňişliginde ýurdumyzyň abraýyny ýokarlandyrýarys» diýip, jaýdar belläp geçýär. Baky Bitaraplygymyzyň saýasynda gazanan her bir üstünliklerimiziň tutuş adamzadyň bähbitlerine gönükdirilýändigine Ýer ýüzi çärýek asyr bäri şaýat bolup gelýär.
«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda», şeýle-de «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» kesgitlenen wezipelere laýyklykda, ykdysadyýetimiziň hem-de jemgyýetçilik durmuşymyzyň ähli ugurlaryny gurşap alýan işler, guwandyryjy netijeler durmuş-ykdysady ösüşiniň görkezijileri adam hakyndaky aladanyň döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugrudygyny bellemek hem guwandyrjydyr.
Parahat söýüjilik ýörelgelerine esaslanýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan dünýäniň abraýly halkara guramalary, goňşy we dünýä döwletleri bilen syýasy, ykdysady we medeni gatnaşyklary yzygiderli ösdürýär. Asuda, abadan ýurdumyz bütin dünýäde parahatçylygy berkitmegiň, birek-birege düşünişmegiň tarapdary bolup çykyş edýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmagynda asudalygy we parahatçylygy dörediji, goraýjy ýurt hökmünde özüni dünýäde äşdgär eden Baky Bitaraplyk derejesine eýe bolan Eziz Türkmenistan Watanymyz tutuş dünýäde we sebitde parahatçylygy gorap saklamakda alyp barýan işleri ýer ýüzünde giňden dabaralanýar.
Suraý AKMYRADOWA,
Türkmenistanyň Daşar işler
ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary
inistitutynyň
Jemgyýeti öwreniş
ylymlary kafedrasynyň mugallymy.
Soňky täzelikler
23/11/2024
Ýaşlygyň uly serpaýy20/11/2024
BÜTINDÜNÝÄ ÇAGALAR GÜNI