
90
BITARAP TÜRKMENISTAN: HALKARA HYZMATDAŞLYGYNYŇ DABARALANMASY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan diýarymyzyň her bir güni parahatçylyga, asudalyga beslenýär. Her bir ynsanyň durmuşynda bolup geçişi ýaly, halkyň, döwletiň ykbalynda hem ýatdan çykmajak pursatlar, wakalar bolup geçýär.
Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy bilen işjeň hyzmatdaşlyk alyp barýar. 1992-nji ýylyň 2-nji martynda Türkmenistan bu guramanyň deňhukukly agzalygyna kabul edilýändigi hakynda karar kabul edildi. Agza ýurtlaryň her biri Birleşen Milletler Guramasynyň Düzgünnamasynda beýan edilen, halkara gatnaşyklarynyň esasy ýörelgelerine esaslanýan şertleri öz üstüne borç edip alýar. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 50-nji mejlisinde 185 döwletiň, şeýle hem 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde 193 döwletiň, 2025-nji ýylyň 21-nji martynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy mejlisinde «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamalaryň üçüsiniň biragyzdan kabul edilendigini bellemek gerekdir. Bu seneler Milletler Bileleşiginiň taryhynda hem möhüm sahypa öwrüldi. Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2017-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasy 12-nji dekabry Halkara Bitaraplyk güni diýip yglan etdi, BMG-niň meýdançasynda Bitaraplygyň dostlary topary döredildi, şu ýyl hem Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäklerinde möhüm wakalar bolup geçýär. Şu nukdaýnazardan 2024-nji ýylyň 21-nji martyndaky BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlisinde Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen «2025 ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly kararnama türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz tarapyndan yglan edilen «Dialog parahatçylygyň kepili» diýen halkara gatnaşyklardaky täze filosofiýanyň iş ýüzünde durmuşa geçýändigine şaýatlyk edýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» ýylynda biziň her birimiz ýurdumyzy ösüşlerden-ösüşlere besleýän möhüm wakalaryň şaýady bolýarys. Bu taryhy wakalar halkymyzyň hakydasynda we Diýarymyzyň taryhynda öçmejek yz goýup, dünýä jemgyýetçiliginiň döwletimize bolan gyzyklanmasyny barha artdyrýar. Hormatly Prezidentimiz Gahryman Arkadagymyzyň çuňňur oýlanyşykly syýasaty netijesinde biziň döwletimiz gysga döwrüň içinde çalt depginler bilen ösýän ýurtlaryň sanawynda mäkäm orun eýeläp, dünýäniň hojalyk gatnaşyklar ulgamyna üstünlikli goşulyşdy.
2025-nji ýylyň 23-nji sentýabrynda Hormatly Prezidentimiz Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş saparynyň çäklerinde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary, Eswatininiň Patyşasy, Kuweýt Döwletiniň Mirasdüşer Şazadasy, Portugaliýa Respublikasynyň Prezidenti, Awstriýanyň Federal Prezidenti, Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Prezidenti bilen ýokary derejede duşuşyklary geçirdi. Şeýle-de BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň ýokary derejeli plenar mejlisiniň ilkinji gününe gatnaşdy we çykyş etdi. Hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary esasynda birnäçe teklipler öňe sürüldi. Şolaryň hatarynda «Bitaraplyk — parahatçylygyň we howpsuzlygyň hatyrasyna» atly aýratyn bendi girizmek, «Merkezi Aziýa — parahatçylykda ýaşamagyň giňişligi» atly halkara forumy geçirmek, Sanly integrasiýa boýunça bütindünýä platformasyny döretmek, Türkmenistan Merkezi Aziýa ýurtlary üçin çölleşmä garşy göreşmek boýunça sebit merkezini döretmek, 2028-nji ýyly «Halkara hukugyň ýyly» diýip yglan etmek barada birnäçe başlangyçlary teklip etdi. Şeýle-de Durnukly ösüş maksatlaryny gazanmaga gatnaşmak, onuň ulag we energetika ýaly esasy ugurlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda 2026 — 2035-nji ýyllar üçin «BMG-niň Durnukly ulag boýunça onýyllygyny», «Durnukly ösüşi üpjün etmekde ygtybarly we durnukly energiýa birikmesiniň esasy orny» atly Kararnamalaryň taslamasyny öňe sürdi.
Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ösmegi ugrunda taýsyz tagallalary durmuşa geçirýän, halkymyzyň hal-ýagdaýyny barha gowulandyrmakda uly işleri alyp barýan hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň elmydama janlary sag, belent başlary aman bolsun!
Güljahan AMANBERDIÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň mugallymy.
Soňky täzelikler

30/09/2025
Воспитываем патриотов