
08/05/2025
95
BITARAP TÜRKMENISTAN GENDER SYÝASATYNY ILERLEDÝÄR
Bu syýasat şanly ýylda has-da dabaralanýar
Şu günler Halkara zenanlar güni mynasybetli geçirilýän dabaralar myhmansöýer we
jomart, agzybir maşgala bolup ýaşaýan halkymyzyň enelere, gelin-gyzlara goýýan belent
sarpasyny aýdyň alamatlandyryp, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň
baýramçylyk ruhuny has-da belende göterýär.
Häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlary, Arkadagly Gahryman
Serdarymyzyň köpugurly tagallalary netijesinde Türkmenistan ählumumy abadançylygyň, durnukly ösüşiň bähbidine netijeli halkara hyzmatdaşlygy yzygiderli giňeldýär, dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrýar, dialog medeniýetini işjeňleşdirýär. Bitarap döwletimiziň başlangyjy bilen 2025-nji ýylyň hem ýurdumyzda, hem halkara giňişlikde «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi giň mazmuny özünde jemleýär. Bu ýylda hemişelik Bitaraplygymyza 30 ýyl dolýar, munuň özi parahatçylyk söýüjilikli syýasaty alyp barýan Türkmenistanyň taryhynda şanly senedir. Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmeginiň 80 ýyllygy hem bu ajaýyp sene bilen sazlaşykly utgaşýar.
Türkmenistanyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dowamyndaky işleriniň we ileri tutýan ugurlarynyň Konsepsiýasy kabul edilip, onda ýubileý ýylynyň mazmunyny kesgitleýän ugurlardyr wezipeler beýanyny tapdy. Resminamada ynsanperwer gün tertibine medeniýetara gatnaşyklaryň, halklaryň arasynda özara düşünişmek, hormat goýmak, hoşniýetlilik köprülerini gurmagyň möhüm we aýrylmaz bölegi hökmünde garalýar. Bu işde parlament hem-de halk diplomatiýasyna, medeni alyşmalara, zenanlaryň, ýaşlaryň, sport wekilleriniň gatnaşyklaryna möhüm orun berilýär. Şu ýylda parahatçylygyň hem-de howpsuzlygyň bähbidine zenanlaryň we ýaşlaryň ornuny berkitmek boýunça halkara çäreleri has-da işjeňleşdirmek meýilleşdirilýär.
Türkmenistan Garaşsyzlygynyň ilkinji ýyllaryndan başlap zenanlaryň jemgyýetçilik-syýasy, durmuş-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda alnyp barylýan işlere deňhukukly gatnaşmagyna ýardam berýän işjeň gender syýasatyny alyp barýar. Türkmenistanda zenanlaryň ýokary jemgyýetçilik-hukuk derejesi türkmen jemgyýetinde gadymdan gelýän demokratik gymmatlyklar bilen baglydyr. Raýatlaryň deň hukuklarynyň we azatlyklarynyň konstitusion ýörelgesiniň üpjün edilmegi we gender deňligi boýunça kabul edilen halkara borçnamalaryň ýerine ýetirilmegi döwletimiz tarapyndan hemişe üns merkezinde saklanýar.
Häzirki döwürde Bitarap Türkmenistan demokratik özgertmeler, dünýä bileleşigine goşulyşmak, giň halkara hyzmatdaşlyk ýoly bilen ynamly we okgunly öňe barýar. Ykdysadyýetde özgertmeler amala aşyrylyp, oňyn netijeler gazanylýar. Iri ykdysady taslamalaryň hem-de maksatnamalaryň üstünlikli amala aşyrylmagy bolsa oýlanyşykly durmuş, şol sanda gender syýasatynyň alnyp barylmagy, hukuklaryň we mümkinçilikleriň deňliginiň üpjün edilmegi bilen pugta baglanyşyklydyr. Döwletimiz tarapyndan zenanlaryň kanuny bähbitleriniň we hukuklarynyň goralmagy jemgyýetiň durnukly ösüşiniň möhüm şertleriniň biri bolup durýar. Şeýle ösüşi gazanmakda demokratik gymmatlyklar we ýörelgeler ahlak ýörelgeleriniň milli däpleri bilen sazlaşykly utgaşýar.
Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň möhüm düzümleriniň ençemesiniň, şol sanda «BMG — Zenanlar» düzüminiň hem agzasy bolup durýar. «Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy» durmuşa geçirilýär. Bu meýilnama gender gatnaşyklary ulgamynda döwlet syýasatynyň esasy ugurlaryny kesgitleýär. Ol zenanlaryň jemgyýetçilik-syýasy, durmuş-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamdaky işe gatnaşmagyny giňeltmek üçin zerur bolan şertleri döretmäge gönükdirilendir. Döwletimiziň bu ugurdaky tagallalary
yzygiderli we toplumlaýyn häsiýete eýedir. Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň häzirki wagtda dowam edýän 79-njy sessiýasynda hem ynsanperwer ulgamy ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda kesgitläp, bu babatda möhüm başlangyçlary öňe sürýär. Şunda Bitarap döwletimiz
BMG-niň edaralary bolan Parahatçylygy gurmak boýunça komissiýasynyň, «BMG— Zenanlar» düzüminiň we beýleki halkara, sebit guramalarynyň gatnaşmagynda «Zenanlar, parahatçylyk we howpsuzlyk» atly ählumumy gün tertibini durmuşa geçirmek boýunça zenanlar dialogynyň
yzygiderli esasdaky geňeşmeleriniň mehanizmini döretmek meselesine seretmegi möhüm hasaplaýar. Şeýle mehanizmiň işi Türkmenistanyň başlangyjy esasynda döredilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogynyň maksatlaryna laýyk gelýär.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda amala aşyrylýan oýlanyşykly syýasat zenanlaryň ýokary durmuş, ykdysady we zähmet işjeňligini şertlendirýär. Ýurdumyzda diňe bir tutuş ilaty däl, eýsem, her bir raýaty, her bir maşgalany, ilkinji nobatda bolsa köp çagaly maşgalalary durmuş taýdan goramak üçin maddy ýeňillikler ulgamy döredildi. Türkmenistanda enelige we çagalyga durmuş taýdan goldaw bermek baradaky wezipeler döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde kesgitlenilendir. Gahryman Arkadagymyz: «Maşgala näçe berk bolsa, jemgyýetimiz şonça-da baý bolar!» diýip belleýär. Zenanlaryň üns-alada bilen gurşalmagy jemgyýetçilik durmuşyny has-da demokratiýalaşdyrmak boýunça oňyn döwlet syýasatynyň ýöredilmeginden, şeýle hem milli edep-ekramyň aýratynlyklaryndan, medeniýeti, bilimi, saglygy goraýşy ösdürmegiň zerurlyklaryndan, ruhy ýörelgeleriň aýawly saklanmagyndan we nesilden-nesle geçirilmeginden gelip çykýar.
Ýurdumyzyň zenanlary döwlet tarapyndan ýadawsyz alada edilýändigini duýup, maşgala ojaklarynda abadançylygyň saklanýandygy, göwün beren hünärinde başarnyklaryny görkezmegi, ýurdumyzda
çagalaryň terbiýelenip ýetişdirilmegi üçin hemmetaraplaýyn goldaw berilýändigi üçin Milli Liderimize hem-de hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirýärler, göwnejaý bilim almak, sazlaşykly ösüş, saýlap alan ugry boýunça zähmet çekmek we bagtyýar durmuşda ýaşamak boýunça döredilen örän giň mümkinçiliklerden peýdalanyp, tutanýerli zähmet çekýärler. Olaryň köpugurly zähmeti parahatçylyk, ynanyşmak taglymatlarynyň, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň halkara giňişlikde rowaçlanmagyna mynasyp goşantdyr.
Gülşat ÝUSUPOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler
ministrliginiň
Halkara
gatnaşyklary institutynyň rektory.
Soňky täzelikler

05/03/2025
DÜNÝÄ BEZEGI-ZENANLAR
01/03/2025
Türkmenistanyň BMG-sy bilen hyzmatdaşlygy