26/10/2026
45
BIRLEŞEN MILLETLER GURAMASYNYŇ GÜNI MYNASYBETLI ÝAŞLARYŇ ARASYNDA EKOLOGIÝA ÇÄRELERI GEÇIRILDI
2026-njy ýylyň 22–24-nji oktýabry aralygynda Aşgabat şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň güni mynasybetli daşky gurşawy goramaga, howanyň üýtgemegine garşy göreşmäge we ýaşlaryň ekologiýa meselelerine bolan gyzyklanmasyny artdyrmaga gönükdirilen birnäçe çäreler geçirildi.
22-nji oktýabrda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezinde «Ýaşyl miras» atly bag ekmek çäresi geçirildi. Oňa gatnaşyjylar agaç nahallaryny oturdyp, ýerli ekoulgamy gorap saklamaga we şäheriň ýaşyl zolaklaryny giňeltmäge goşant goşdular.
23-nji oktýabrda «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 15 ýyllygy» seýilgähinde «Run Rush» ylgaw jemgyýetiniň goldawy bilen ýaşlaryň ekologiki marafony guraldy. Çäre sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmäge we ýaşlaryň arasynda daşky gurşawa jogapkärçilikli çemeleşmegi höweslendirmäge gönükdirildi.
Maksatnamanyň çäklerinde 24-nji oktýabrda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýalar parkynda howanyň üýtgemegi boýunça çözgütlere we ekologiýa innowasiýalaryna bagyşlanan ýaşlar konferensiýasy geçirildi. Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň (BMGÖM) Türkmenistandaky wekilhanasy, «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy we beýleki hyzmatdaşlar tarapyndan guralan maslahat ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryny we ýaş hünärmenleri bir ýere jemledi.
Maslahatyň dowamynda howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleler, sanly tehnologiýalaryň, ylmy barlaglaryň daşky gurşawy goramakdaky ähmiýeti ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle-de ekologiýa diplomatiýasynyň gurallaryna, ýaşlaryň ýolbaşçylyk ukyplaryny ösdürmek we global ekologiýa maksatlaryna ýetmekde olaryň goşandyny artdyrmak baradaky meselelere aýratyn üns berildi.
Birleşen Milletler Guramasynyň güni mynasybetli geçirilen bu çäreler ýaşlaryň ekologiýa baradaky bilimlerini artdyrmaga, tebigata aýawly çemeleşmek medeniýetini ösdürmäge hem-de durnukly ösüş ýörelgelerini wagyz etmäge gönükdirildi.
Aýjemal TOWÇAÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklar institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň 2-nji ýyl talyby