30/11/-0001
557
Birleşen Milletler Guramasy we ýaşlar
Ýurdumyzyň bedew batly depginini mundan beýläk hem dowam etmek üçin ýaşlaryň hemmetaraplaýyn ösen, ruhy taýdan sagdyn, işbaşarjaň bolup ýetişmekleri möhümdir. Häzirki wagtda Türkmenistanda jemgyýetimiziň geljegi bolan ýaşlara ählitaraplaýyn goldaw berilýär. Ata-babalarymyzdan miras galan däp-dessurlarymyzyň esasynda mynasyp nesli terbiýeläp ýetişdirmek hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Ýaşlarda mukaddes Watana, onuň gaýtalanmajak tebigatyna söýgi, dost-doganlyk gatnaşyklaryna, maşgala gymmatlyklaryna, zähmete, sagdyn durmuş ýörelgelerine ygrarlylygy terbiýelemeklige aýratyn üns berilýär.
Berkarar döwletimiziň Täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň uzak asyrlaryň dowamynda toplan baý durmuş tejribesine, häzirki zaman medeniýetiniň gazananlaryna daýanylyp, türkmen ýaşlarynyň bilim, ylym, medeni we ruhy-ahlak taýdan sazlaşykly ösmegine giň mümkinçilikler döredilýär.
«Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşiniň kabul edilmegi möhüm ädimleriň biridir. Bu kadalaşdyryjy hukuk nama Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatyny durmuşa geçirmegiň hukuk esaslaryny, maksatlaryny, wezipelerini, ýörelgelerini, esasy ugurlaryny, tärlerini kesgitleýär. Kanun ýaşlaryň hukuk we durmuş taýdan goraglylygyny, ýaşlaryň döwlet syýasatyny we jemgyýetiň ösüş maksatnamalaryny döretmäge we amala aşyrmaga gatnaşmagyny üpjün edýär.
Şeýle hem ýaşlaryň döwletimiziň daşary syýasy durmuşyna goşulyşmagy hem aýratyn uly ähmiýete eýedir. Munuň mysalynda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan öňe sürlen durnukly ösüş maksatlaryny ýerine ýetirmekde ilkinji Milli meýletinlik hasabatyny guramanyň beýik münberinden türkmen ýaşlarynyň tanyşdyrmagy has-da bellärliklidir. Türkmen ýaşlary mundan başga-da birnäçe BMG-niň howandarlygynda geçirilýän halkara çärelerine hem işjeň gatnaşýarlar.
2021-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň wekilhanasy Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi we beýleki milli hyzmatdaşlar bilen bilelikde howanyň üýtgemegi boýunça eziz Diýarymyzda ilkinji ýaşlar maslahatyny geçirdi. Gibrid formatynda geçirilen bu çäre BMG-niň Glazgo şäherinde geçiriljek Howanyň üýtgemegi boýunça 26-njy maslahatynyň (COP26) we BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça ýaşlar maslahatynyň (COY16) öňüsyrasynda guraldy.
Türkmenistanda geçirilen belli bir derejede ilkinji maslahat ýaşlara howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak, howanyň üýtgemegine garşy göreş çärelerini işläp düzmek, şeýle hem olaryň bilimlerini ýokarlandyrmak arkaly howa boýunça hünärmenleri taýýarlamak üçin maksat edinýär. Çärä gatnaşýanlaryň arasynda BMG-niň guramalarynyň wekilleri, döwletimiziň ýokary okuw jaýlarynyň talyplary we ýaş işjeňler bar.
Maslahatyň dowamynda ýaşlaryň halkara forumlara gatnaşmagyny, daşary ýurtlar bilen aragatnaşyk saklamak ukybyny ösdürmek, ýaş nesli Türkmenistanda howanyň üýtgemegine garşy göreşmek boýunça işlerine çekmek teklipler hödürlendi.
Umuman Hormatly Prezidentimiziň, türkmen halkyyň Milli Lideri-Gahryman Arkadagyzmyzyň ýaşlar üçin döredip berýän giň mümkinçlikleri çäksizdir. Ýaşlar hem muňa jogap edip geljekde Watanymyzy gülletjek, halkara arenasynda onuň adyny arşa göterjek kämil nesil bolup ýetişýärler.
Kuwwat MÄMEDOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary fakultetiniň 4-nji ýyl talyby
Soňky täzelikler
23/11/2024
Ýaşlygyň uly serpaýy20/11/2024
BÜTINDÜNÝÄ ÇAGALAR GÜNI