01/09/2026
52
BILIMLER WE TALYP ÝAŞLAR GÜNI MYNASYBETLI DABARALY ÇÄRE GEÇIRILDI
2026-njy ýylyň 1-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de 2026-2027-nji täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan ― bedew batly at-myradyň mekany» atly aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi. Ýokary ruhubelentlik ýagdaýynda geçirilen dabara Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri, şeýle hem institutyň professor-mugallymlary, talyp ýaşlar hem-de ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň wekilleri gatnaşdylar.
Dabaranyň başynda Türkmenistanyň Döwlet senasy belent joşgun bilen ýaňlandy. Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Ö.Meredow Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli ýurdumyzyň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna we bilim işgärlerine iberen Gutlagyny okady. Döwlet Baştutanymyzyň Gutlagynda ýaş nesliň döwrebap bilim almagy, saýlap alan hünärlerini çuňňur özleşdirmegi, Watanymyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşmagy üçin döredilýän mümkinçilikleriň ähmiýeti bellenilýär.
Dabaranyň dowamynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory Gülşat Ýusupowa hem-de institutyň Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasynyň dosenti, Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, tehniki ylymlaryň kandidaty Çary Nyýazow gutlag sözi bilen çykyş etdiler. Çykyşlarda hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň ýaşlaryň ylym-bilim almagyna, döredijilik we hünär mümkinçiliklerini giňeltmegine gönükdirilen döwlet syýasatynyň ähmiýetine aýratyn üns çekildi.
Soňra institutyň birinji ýyl talyplarynyň edebi-sazly kompozisiýasy ýerine ýetirildi. Şeýle hem parahatçylygyň, dostlugyň we hoşniýetliligiň nyşany hökmünde ak kepderiler asmana uçuryldy. Täze okuw ýylyna ilkinji ädimi äden talyplara dabaraly ýagdaýda talyp şahadatnamalary we talyplyk nyşany bolan açar gowşuryldy.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň birinji ýyl talyplary Türkmenistanyň Döwlet baýdagyna tagzym edip, Watana wepalylyk kasamyny kabul etdiler. Baýramçylyk dabarasynyň çäklerinde institutyň birinji ýyl talyplarynyň, dabaranyň myhmanlarynyň we Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň halypa wekilleriniň gatnaşmagynda ýadygärlik surata düşmek dabarasy hem boldy.
Ilkinji jaň kakylandan soňra talyp ýaşlar «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ady bilen geçirilen täze okuw ýylynyň ilkinji okuw sapagyna gatnaşdylar. Onda ýurdumyzyň Garaşsyzlyk ýyllary içinde gazanan üstünlikleri, Bitaraplyk ýörelgeleri, döwletimiziň halkara abraýy hem-de ýaş nesliň öňünde durýan möhüm wezipeler barada giňişleýin gürrüň edildi.
Şeýlelikde, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda geçirilen aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy täze okuw ýylynyň şanly wakasy hökmünde talyp ýaşlaryň kalbynda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy.
Jahantäç GURBANGYLYJOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 5-nji ýyl talyby
Soňky täzelikler
13/06/2026
UÇURYMLARYŇ BAÝRAMÇYLYK DABARASY GEÇIRILDI
10/06/2026
Wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi