24/07/2026
60
Bilime yhlasly ýaşlar
Hormatly Prezidentimiziň Ministrler Kabinetiniň 10-njy iýuldaky giňişleýin mejlisinde gol çeken degişli Buýrugy esasynda ýokary okuw mekdebiniň talyby bolmagy maksat edinen ýaşlaryň resminamalaryny 13 — 26-njy iýul aralygynda kabul etmek bellenildi. Häzirki wagtda kabul ediş işleri tamamlaýjy tapgyrda dowam edýär. Bu möhüm möwsüme Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda hem jogapkärçilikli çemeleşilýär.
Türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebi Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen 2008-nji ýylda döredildi. Şol günden bäri hem bu ýokary diplomatik mekdep halkara giňişlikde ýurdumyzyň bähbitlerini mynasyp gorap, Bitarap döwletimiziň abraýyny belende götermekdäki işlere önjeýli goşant goşmaga ukyply hünärmenleri taýýarlap gelýär. Ine, şu ýyl hem ýaşlaryň köp sanlysy bu bilim ojagyna okuwa girmäge isleg bildirip, resminamalaryny tabşyrdy. Olaryň içinden iň mynasyp dalaşgärler talyplyga kabul ediler.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutyna kabul ediljek talyplar halkara gatnaşyklary, halkara hukugy, halkara ykdysady gatnaşyklary, halkara žurnalistikasy ugurlaryndan hünärmen we bakalawr maksatnamalary boýunça bilim alarlar. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň diplomatik işgärleriniň öňünde goýan wezipelerini üstünlikli amala aşyrmakda bu ýokary okuw mekdebiniň alyp barýan işine möhüm orun degişlidir.
Galyberse-de, institutda diňe bir hünärmen we bakalawr maksatnamalary boýunça bilim berilmän, eýsem, sanly diplomatiýa, Gündogary öwreniş, seljeriş we strategik meýilleşdiriş, halkara hususy hukugy, halkara jemagat hukugy, halkara arbitraž we işewürlik hukugy, halkara ykdysadyýet, syýasy kommunikasiýa we internet žurnalistikasy ugurlary boýunça magistrler hem taýýarlanylýar.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz şu ýylyň 8-nji maýynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň işini kämilleşdirmek hakynda Karara gol çekdi. Bu resminamada institutyň düzüminde Parahatçylyk we bitaraplyk kafedrasyny döretmek barada beýan edilip, oňa 2026-2027-nji okuw ýylyndan başlap dalaşgärleri kabul etmek bellenilipdi. Bu ugur boýunça magistrantlar iki okuw ýylynyň dowamynda bilim alyp, halkara düşünjelerini artdyrarlar. Kafedranyň maksady daşary syýasaty üstünlikli amala aşyrmaga, Daşary işler ministrligi, beýleki döwlet edaralary üçin ýokary hilli syýasy-seljerme, ylmy-barlag hasabatlaryny taýýarlamaga, parahatçylyk hem-de bitaraplyk ugurlary boýunça halkara gatnaşyklarda ýurdumyzyň milli bähbitlerine wekilçilik etmäge, dürli derejedäki meseleleriň düýp sebäplerini diplomatik ýollar bilen çözmäge gönükdirilendir.
— Resminamalar kabul edilip başlanaly bäri institutymyza okuwa girmäge isleg bildirýän dalaşgärleriň yzy üzülenok. Olaryň arasynda döwlet derejesinde geçirilen ders bäsleşikleriniň ýeňijileri, «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly akyl-paýhas bäsleşigine gatnaşyp, üstünlikli çykyş edenler hem bar. Şeýle-de magistr maksatnamasy boýunça okuwa girmäge isleg bildirýän ýaşlaryň arasynda institutymyzda bakalawr derejesini alan dalaşgärler agdyklyk edýär. Täze döredilen Parahatçylyk we bitaraplyk kafedrasynda-da okamagy maksat edinýän dalaşgärleriň sany ýokary ―— diýip, institutyň mugallymy, resminamalary seçip alyş toparynyň agzasy Mähriban Garaýewa söhbetdeş bolanymyzda aýtdy.
Baýnazar BAÝHANOW.
«Türkmenistan».
Çeşme: Türkmenistan gazeti - 24.07.2026 ý. // https://turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/244674
Soňky täzelikler
15/07/2026
«Hünär meselesi — adamyň ykbaly»
15/07/2026
Meýletinçiler taýýarlyk görýärler