
19/07/2025
84
Bilimden tejribä (Buýsançly köňülleriň kelamy)
Täze taryhy döwrümizde Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen ýaş nesilleriň ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, kämil şahsyýetler bolup ýetişmegi üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Şunda milli bilim ulgamy hemmetaraplaýyn ösdürilip, talyp ýaşlaryň diňe nazary taýdan däl, eýsem, amaly taýdan hem bilimleriniň kämilleşdirilmegine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda ýaşlaryň söýgüli neşiri bolan «Nesil» gazetiniň redaksiýasynda önümçilik tejribeligini geçmegimiz talyplyk ýyllarymyzyň ýatda galyjy wakalarynyň birine öwrüldi.
Hünär tejribeligi nazary bilimleri gaýtalamak däl-de, öz ruhy dünýäňde, durmuşyňda täze-täze açyşlary etmekdir. Biz muňa şu gezekki önümçilik tejribeliginiň dowamynda has-da aýdyň göz ýetirdik. Geljekki halkaraçy žurnalistler hökmünde bu tejribelik biziň üçin uly mekdep boldy. «Nesil» gazetiniň tejribeli žurnalistleriniň gatnaşmagynda geçirilen sapaklar, döredijilik maslahatlary, makala ýazmagyň usulyýetleri — bularyň hemmesi nazaryýetde alan bilimlerimizi amaly taýdan berkitmäge giň ýol açdy. Biz önümçilik tejribeliginiň dowamynda korrektorlaryň, habarçylaryň, bölüm redaktorlaryň, jogapkär kätibiň işi bilen ýakyndan tanyşdyk, makalalaryň redaktirleme işlerini ýerine ýetirdik. Özümiz hem dürli temalarda makalalary ýazyp, redaksiýa tabşyrdyk. Şunda gazetiň rubrikalarynda ähli ugurlar bilen birlikde, ýurdumyzyň ýaşlar syýasatynyň hem wagyz edilýändigi, ýaşlaryň döredijiligine uly üns berilýändigi aýratyn bellärliklidir.
Hünär bilimimizi kämilleşdirmek üçin bize şeýle ajaýyp mümkinçilikleriň döredilmegi Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň ýaşlara bildirýän uly ynamynyň, döwlet derejesindäki tagallalarynyň miwesidir. Biz — ýaşlara döwrebap bilim almagymyz, saýlan hünärimiz boýunça kämilleşip, tejribe toplamagymyz üçin ähli tagallalary edýän Milli Liderimiziň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, beýik işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
Güljemile DÄDEBAÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby.
Çeşme: «Nesil» gazeti, 19.07.2025 ý.
Soňky täzelikler

18/07/2025
Çagalaryň söýgüli seýilgähi
17/07/2025
Çäksiz söýginiň gözbaşy