10/11/2026
74
BILIM WE TEJRIBE — KÄMILLIGIŇ ÝOLY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen ýaş nesilleriň döwrebap bilim alyp, ýokary ahlakly, edep-terbiýeli, kämil ynsanlar bolup ýetişmekleri üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Munuň özi ýaşlary saýlap alan hünärlerinden doly baş çykaryp, eziz Watanymyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşmaga ruhlandyrýar. Şunda, ilkinji nobatda, nazaryýetde alan bilimiňi tejribelikde özleşdirmek zerur şertleriň biri hasaplanylýar.
Häzirki wagtda türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebi bolan Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplary degişli ministrliklerde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda, jemgyýetçilik guramalarynda, gazet-žurnallaryň redaksiýalarynda we beýleki edara-kärhanalarda, şeýle hem ýurdumyzyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynda hem-de konsullyk edaralarynda önümçilik tejribeligini geçýärler. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny ösdürmek, ýurdumyzyň daşary syýasatyny üstünlikli amala aşyrmak üçin zerur bolan hünärmenleri taýýarlamak, milli bilim ulgamyny has-da kämilleşdirmek babatda beren tabşyryklarynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň nyşanydyr.
Hünär tejribeligi nazary bilimleri gaýtalamak däl-de, öz ruhy dünýäňde, durmuşyňda täze-täze açyşlary etmekdir. Aýratyn hem, diplomatik iş uly tejribäni, ýörite endikleri, ýokary hünär taýýarlygyny talap edýär. Bu barada Gahryman Arkadagymyz: «Diplomatiýa sungaty kuwwatly ylmy binýada daýanmalydyr» diýip belleýär. Şoňa görä-de, berkarar Watanymyzda dünýä ylmynyň tejribelerini milli bilim ulgamyna ornaşdyrmak, netijede bolsa, ýaşlara berilýän bilimi has-da çuňlaşdyrmak, halkara derejeli hünärmenleri taýýarlamak möhüm wezipeleriň hatarynda durýar. Şunda «Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023 — 2030-njy ýyllar üçin Strategiýasyna», şeýle hem Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde kabul edilen «Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2031-nji ýyla çenli Döwlet maksatnamasyna» we beýleki döwlet maksatnamalaryna aýratyn orun degişlidir.
Ýeri gelende bellesek, Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy esasynda 2013-nji ýyldan bäri Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplary Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynda we konsullyk edaralarynda önümçilik tejribeligini geçýärler. Maňa hem 2026-2027-nji okuw ýylynda Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Baş konsullygynda (Maşat ş.) 12 hepdelik önümçilik tejribeligini geçmek bagty miýesser etdi. Munuň özi biz ― geljekki halkaraçy hünärmenleriň diplomatik bilimlerimizi, iş başarnyklarymyzy tejribe üsti bilen berkitmäge we amaly taýdan çuňlaşdyrmaga oňyn ýardam berýär.
Tejribelik döwründe konsullyk edarasynyň alyp barýan işleri, türkmen-eýran gatnaşyklarynyň binýatlyk esaslary, şeýle hem ýurdumyzyň parahatsöýüjilik ýörelgelerine esaslanan daşary syýasat strategiýasynyň möhüm ugurlary bilen giňişleýin tanyşdyk. Halypa mugallymlarymyz tarapyndan berlen nazary bilimleriň amalyýetde uly itergi beriji güýçdügine önümçilik tejribeliginiň dowamynda aýdyň göz ýetirdik. Diňe bir tejribe toplamak bilen çäklenmän, eýsem, dostlukly eýran halkynyň milli ýörelgeleri, däp-dessurlary we türkmen halky bilen meňzeşliklerini hem öwrendik.
Watanymyzyň geljegi hasaplanýan biz ýaşlara ähli tarapdan uly ynamyň bildirilmegi täze üstünliklere, ylmy-döredijilik gözleglerine, öz saýlan hünärlerimize yhlas bilen çemeleşmegimize ruhlandyrýar. Ýaş nesilleriň halkara ülňülerine laýyk gelýän derejede bilim almagy üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden sagbolsunlarymyzy aýdýarys.
Nazar ATAÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary fakultetiniň 5-nji ýyl talyby