06/11/2026
38
YLMY DIPLOMATIÝANYŇ PARAHATÇYLYGY DÖREDIJI KUWWATY DABARALANÝAR
Türkiýe Respublikasynyň Hajettepe uniwersitetiniň Akademiki geňeşi tarapyndan hormatly Prezidentimize "Halkara gatnaşyklary boýunça hormatly doktor" akademiki derejesiniň berilmegi türkmen-türk gatnaşyklarynyň häzirki zaman taryhynda taryhy waka boldy we şol bir wagtyň özünde ýurdumyzyň ylmy diplomatiýasynyň üstünligini görkezdi, bu bolsa hemişelik bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasaty üstünlikli öňe sürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Türkiýäniň Daşary ykdysady gatnaşyklar geňeşiniň (DEIK) "Strategik dostluk" nyşanynyň Türkmenistanyň Prezidentine gowşurylyş dabarasy ylym bilen tejribäniň arasyndaky organiki baglanyşygyň ajaýyp nyşany bolup, umuman ykdysady we ýokary tehnologiýaly pudaklarda ýokary netijeli we döredijilikli türkmen-türk hyzmatdaşlygyny görkezdi.
Gadymy Oguz nesilleriniň müňýyllyklaryň jümmüşinden gözbaş alýan şöhratly taryhy ýoly şu günki gün täze, has kämil we döwrebap many-mazmun bilen baýlaşýar. Dil, din, medeniýet we ruhy gymmatlyklar umumylygyna daýanýan türki halklaryň mizemez agzybirligi XXI asyryň çylşyrymly geosyýasy şertlerinde diňe bir sebitde däl eýsem, tutuş Ýewraziýa giňişliginde parahatçylygyň, durnuklylygyň we gülläp ösüşiň ygtybarly kepiline öwrülýär. Şu nukdaýnazardan seredilende, 2026-njy ýylyň 29-30-njy oktýabrynda Türkiýe Respublikasynyň paýtagty Ankara şäherinde «Türki asyr: dilde, pikirde we işde birlik» şygary astynda geçirilen Türki Döwletleriň Guramasynyň (TDG) döwlet Baştutanlarynyň 13-nji sammiti taryhy wakalaryň biri hökmünde hakydalara ýazyldy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Bu ýokary derejeli foruma gatnaşmagy hem-de öňe süren parasatly başlangyçlary Garaşsyz, hemişelik Baky Bitarap Türkmenistanyň doganlyk ýurtlar bilen köptaraplaýyn gatnaşyklara berýän uly ähmiýetiniň aýdyň subutnamasy boldy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we häzirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýän «Açyk gapylar» we oňyn Bitaraplyk syýasaty ýurdumyza halkara we sebit başlangyçlarynda deňagramly, parahatçylyk söýüji hem-de özara bähbitli ugry ýöretmäge giň mümkinçilik berýär. Ankara sammitiniň çäklerinde döwlet Baştutanymyzyň Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan we beýleki doganlyk döwletleriň Liderleri bilen geçiren duşuşyklary, özara ynanyşmagyň we doganlyk raýdaşlygynyň ýokary derejesini görkezdi.
Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Ankarada Türki döwletleriň medeni seýilgähiniň açylyş dabarasy medeni diplomatiýanyň hil täýdan täze, has ýokary derejelere göterilýänligine şaýatlyk etdi. Bu dabaraly çäräniň taryhy kökleri bolsa Beýik Seljuklar döwründen we Oguz han nesillerinden gaýdýan edim-gylymlaryna, sungatyna hem-de özboluşly däp-dessurlaryna bolan hormatdan gözbaş alýar. Bu medeni ojak doganlyk halklaryň taryhy ýadygärliklerini we ruhy mirasyny bir ýere jemläp, ýaş nesillerde umumy taryha buýsanç duýgusyny terbiýelemekde hem-de Gündogaryň beýik akyldarlarynyň, şol sanda Magtymguly Pyragynyň umumadamzat gymmatlyklaryna öwrülen pähim-paýhasyny dünýä ýaýmakda özboluşly köpri bolup hyzmat eder.
Döwlet Baştutanymyz sammitdäki çuň mazmunly çykyşynda häzirki zaman dünýäsiniň iň wajyp meselelerine — ykdysady integrasiýa, ulag-üstaşyr geçelgeleriniň ösdürilmegine, ekologiýa abadançylygyna we energetika howpsuzlygyna aýratyn ünsi çekdi. Taryhy Beýik Ýüpek ýolunyň ýüreginde ýerleşýän Türkmenistan şu günki gün bu gadymy ýoly häzirki zaman tehnologiýalary we kuwwatly düzümler arkaly gaýtadan dikeldýär.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, türki döwletleriň amatly geografik ýerleşişi Aziýa bilen Ýewropanyň arasynda ygtybarly ykdysady we söwda köprüsi bolup hyzmat etmäge doly mümkinçilik berýär. Şunda Hazarüsti halkara ulag geçelgesiniň kuwwatyny artdyrmak, Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak we üstaşyr-logistika ulgamyny sanlylaşdyrmak boýunça öňe sürlen anyk teklipler sammite gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döretdi. Ulag we energetika diplomatiýasy Türkmenistanyň daşary syýasatynyň özeni bolup, ol tutuş türki dünýäsiniň ykdysady kuwwatyny birleşdirmäge, haryt dolanyşygyny artdyrmaga we sebitara bazarlary özara baglanyşdyrmaga gönükdirilendir.
Hormatly Prezidentimiziň Türkiýe Respublikasyna amala aşyran iş saparynyň çäklerinde ýurdumyzyň halkara abraýynyň we döwlet Baştutanymyzyň şahsy goşandynyň ýokary derejede ykrar edilmegi bilen bagly buýsançly wakalar hem bolup geçdi. Ankaranyň iň abraýly bilim we ylym ojaklarynyň biri bolan Arkadagly Gahryman Serdarymyza Hajettepe uniwersiteti tarapyndan «Halkara gatnaşyklaryň hormatly doktory» diýen alymlyk derejesiniň berilmegi, Türkmenistanyň parahatçylyk söýüji daşary syýasatyna, halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekdäki başlangyçlaryna we ylym-bilim ulgamyndaky özgertmelerine berlen ýokary bahadyr. Mundan başga-da, Türkiýäniň Daşary ykdysady gatnaşyklar geňeşi (DEİK) tarapyndan döwlet Baştutanymyza «Strategik dostluk nyşanynyň» gowşurylmagy hem-de «Çalık Holding» ýaly öňdebaryjy kompaniýalaryň ýolbaşçylary bilen geçirilen netijeli duşuşyklar, türkmen-türk işewürlik we maýa goýum hyzmatdaşlygynyň strategik häsiýete eýedigini ýene bir ýola tassyklady.
Sammitiň jemleri boýunça kabul edilen Ankara Jarnamasy we beýleki möhüm resminamalar, şeýle hem guramanyň Baş sekretary wezipesinde Kubanyçbek Omuraliýewiň bitiren işlerine minnetdarlyk bildirilip, bu jogapkärli wezipä Mirwahid Azimowyň girişmegi bilen bagly gutlaglar TDG-niň institusional taýdan barha berkäp barýandygyny görkezdi. «Dilde, pikirde we işde birlik» diýen pähimli şygar häzirki döwürde diňe bir taryhy ýatlama bolman eýsem, anyk ykdysady taslamalarda, ekologiýa we «ýaşyl» energetika başlangyçlarynda, medeni alyş-çalyşlarda hem-de diplomatik raýdaşlykda öz beýanyny tapýan durmuş hakykatydyr. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Türki Döwletleriň Guramasynyň 13-nji sammitine gatnaşmagy Türkmenistanyň doganlyk türki halklar bilen taryhy-medeni we söwda-ykdysady gatnaşyklaryny täze belentliklere çykardy. Ata-babalarymyzdan miras galan dost-doganlyk ýörelgeleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe häzirki zaman diplomatiýasynyň dilinde täzeden ýaňlanyp, sebitde abadançylygyň, durnukly ösüşiň we ebedi rowaçlygyň binýadyny has-da pugtalandyrýar.
Muhammet BÄŞIMOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasynyň mugallymy